Hezreti Mahawyň kyssasy / satiriki hekaýa
Dowamy
Bütin bularyň barsy bir ýana, bu ertekiniň soňunda dublýora näme boldy, näme etdi? Hormatly Mahaw hezretlerini taşlap, başyny alyp gidipdirmi ýa-da wezipesini dowam etidiripdirmi?
Bu boýunça dürli-dürli rowaýatlar bar. Käbirleri taýýarlaýan nutuklarynyň samsyklaçlygyny gitdigiçe artdyryp, hormatly Mahaw hezretlerine hasam köp alkyş okalmagyna, şeýdibem nutuk diňlemek üçin ýygnanyşyklara gatnaşmaýan adamlaryň hasam köp gülmegine we pikir etmegine sebäp bolandygyny aýdýar.
Käbirleri bolsa işinden öz arzasyny ýazyp boşandan soň öýüne ýygnanyp, öz-özündenem utanýandygy üçin aýna-da seretmändigini aýdýar. Ýene birileri-de hormatly Mahaw hezretlerinden gorkusyna başyny alyp daş ýurtlaryň birine göçüp gidendigini, başga birileri-de gaharyndan ýaňa ýüregagyrysy tutup ölendigini rowaýat edýär. Hormatly Mahaw hezretleriniň bolşy ýaly dublýoryňam soňunyň näme bilen gutarandygyny anyk bilýän ýok.
Wakif, 18.10.1984 ý.
Eziz NESIN, türk ýazyjysy.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Soňy.