okyyjy
26.03.2025 21:53
Bilgiçlere ynanyñ! / satiriki hekaýa

Wah, oña ýetesi näme bar, ol belli zat-la, başarsaň kesellemejek bolmaly. Hany, beýle bagt hemişe ýetdirip duryamy?! Onsoñam ol seniñ erk-islegiñe ýa wezipäñe, baylygyňa-da garap duranok, ýakañdan ebşitläp tutýa-da, aldym-berdime salyberýär. Ýogsam, baýlyga gezek gelse, haýsy bela-beteriň öñünde durmaly bolsa durup biljek. Magtanmak üçin aýdýandyr öýtmäñ, Hudaýa şükür, elim uzadan ýerime ýetýär.
Dagy näme, näçe ýylyň başlygy bolup yörün. Hawa, hawa, giden uly bir hojalygyň ýolbaşçysy. «Tüf» diýsem, tüýküligim ýere gaçanok, öz siňegimi özüm gorap bilýän.
Ýöne… Hawa, kesel diýilýän nägehanyň haýsysy bolanda-da, onuň yüzüne ot degsin. Bi, örgün-ä O-of, meniň ýanymda şonuñ bir gürrüňini etman, low-low ýanyberýän. O kesel baryp ýatan allajy eken. Walla, bi meni gotur açana dönderdi, gars-gars gaşanyp ýörmeli Seredin, bi endamymdaky gyzyl-gyzyl tegmillere, atyljak wulkan ýaly, bulduraşyp durlar. Özi aýrylarmyka öýdüp, başda baş galdyrmadym. Gaýtam gitdigiçe beterledi, tutuş endamym petir bezān ýaly. Ýok, munuň bilen oýun etmeli däl, derrewjik ugruna çykmaly, lukmanlara görkezmeli, ýogsam..
Lukman başyny ýaýkap-ýaýkap, endam-janymy synlady-da, sag eliniň süýem barmagy bilen ýag garynjasy ýaly, topbaryp duran kindiwanja murtuny dyrmalady.
— Be-ýe, bi nämeden beýle bolýakan-aý? — diýip, ol açyk duran penjireden daşaryny synlady.
Ýogsa-da, bi, ýaňky soragy kime gönükdirdikä? Otagda ikimizden başga janly-jemende ýok. Belki, ol öz-özi bilen gürleşýändir.
Onuň nämeden bolýanyny, name üçin bolýanyny bilsem, haraý isläp, seniň ýanyňa geljekmi?! Haý, berebekgeý, aý, şu lukmanlaňňam käbiri, bolýa-da, ýöne. Ol soragyny dowam etdirdi.
— Soňky döwürde iýen zatlaňňy sana?!
O-hohow, bi asyl mundan çykdy-ow. Oslagsyz berlen sorag menin aňkamy aşyrdy. Lukman diýip prokuroryň ýanyna geläyen däldirin-dä, hernä. Meniň iýen zatlarym bilen näme işiň bar?
Olaryň haýsy birini sanaýyn. Ýolbaşçylyk edýän kolhozymy onki süňňüne çenli gemirdim, ýykdym. Süri-süri malyny ýuwutdym.
Indem kolhozy döwlet önünde bergidar diþip dargatsalar, özüm satyn aljak. Dagy näme, ýeňiyoluk daýhanyň gurby çatar öydyäňmi oňa.
Be, bi meniň iýen zatlarymy name etjekkä? Aslynda, meniň bu keselime onuň näme dahylly yeri barka? Dek soňky on günüñ içinde ýigrimi adama mellek yeri berip, hersinden çildim ep-eslijäni. Kolhozyň araky geçiren toýunda-da doýup galdym. Bir goýnuň yerine on goýun öldürdim diýip ýazaňda-da, towugyňa «tok» diýýän yok. Gadymy ertekidäki böwen jik ýaly, lak-luk atylýan zatlar kändir. Iýen zatlarymy sanasaň sogaby bardyr.
Näme jogap berjegimi bilmän, lukmanyň ýüzüne soragly seretdim.

Dowamy bar...


Täçmämmet JÜRDEKOW
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
9
113
okyyjy
28 Mart 2025
@flowers_, goýdum.
flowers_
27 Mart 2025
Dowamy?
Karaleva_
27 Mart 2025
,,👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.