Hezreti Mahawyň kyssasy / satiriki hekaýa
Rawyýany ahbar we nakylany asar, andag rowaýat kylarlar ki, owal zamandamy ýa häzirki zamandamy ýa-da soltan palamudyňmy* ýa bilmedim welin, näçenji mahmudyň döwründemi, ýurduň birindemi ýa bolmasa dünýäniň haýsydyr bir ýerindemi, her haçan we her nirde bolsa-da, bolşundan bäşbeter utanç-haýasyz, tebigaty görlüp-eşdilmedik derejede hilegär, akylsyz we kelesaň biri-de bolsa, mekir we gepi-sözi tüýdük, özi hoňk biri bardy. Günäsi, ýazygy bilýänleriň we aýdýanlaryň boýnuna bolsun welin, onuň ýaly haýwany eneler häzire çenli ýalňyşybam doguran däldir diýýärler. Ýokary bilim alandygyna güwä geçýän diplomy bar bolsa-da, diplomynyň nämedigini bilenok. Okap-ýazyp bilýänem bolsa, eline ýeke kitap alyp görenok. Goluny çekmekden başga ýazgy ýazyp bilýän adam däl. Musulmansyrap gürleýänem bolsa, maňlaýyny sejdä degirip görmedik binamaz. At üçin alynan birgiden derejeleriň, orden-medallaryň, nyşanlaryň eýesi. Aň taýdan perişan, sammyk-summyk gürleýän, akym diýmeli bolanda okum diýýän, (sözüm mejlisden daşgaryn), şeýle bir mahaw, kelesaň, özünden göwnühoş, kemter biridi welin, tarypyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Elmydama tizgahar, alňasak, geleňsiz, iniharam bolup, hemişe eden işini şart-şurt we howul-hara ederdi.
Edenine däl diýip bolmaz, Hudaý elmydama bular ýalylara “sür, döwrany” diýenliginden, muňa-da “sür-r-r” diýipdir. Şondan bärem hormatly Mahaw şeýle bir sürüpdir, şeýle bir sürüpdir welin, yzyna eýgerip bileniň janyna berekella! Şeýdibem ol iliň öňüne we iň esasy ýere geçipdir. Şol ýurduň halky-da ony başlaryna täç edipdir we mynasyp ýerlerine dykaç edipdir.
Egri oturyp, dogry gürleşeliň. Egrä egri, dogra dogry diýeliň.
Bu hormatly Mahawyň inkär edip bolmajak bir artykmaçlygy bar, hakykatyň hatyrasyna ony boýun almak gerek. Ol işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän adamyň gadryny bilerdi we şeýle adamlardan peýdalanmagy başarardy. Talyp döwründe ähli ekzamenlerde hemişe işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän kursdaşynyň ýanynda oturyp, ondan sözme-söz göçürmek arkaly hiç zat etmezden, okamazdan, öwrenmezden, bilmezden kurslaryny suw ýaly geçipdi, okuwyny gutarypdy, diplomyny alypdy. Indem ömürboýy işbu tilsimini ulanyp, üstünlikden üstünlige ylgapdyr we häzirki eýeleýän belent ornuna gelip, hormatly Mahaw bolupdy. Häzirem ýene şol tilsimini ulanýardy. Edil kinoaktýorlaryň dublýorlarynyň bolşy ýaly, kino surata düşürilende howply epizodlarda hakyky aktýoryň ýerine şu dublýorlaryň geçişi ýaly-da. Hormatly Mahaw hezretleriniňem özbaşyna dublýory bardy we bu dublýor işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän adamdy. Emma özi üçin däl-de, hormatly Mahaw hezretleri üçin işleýärdi, şonuň üçin okaýardy, öwrenýärdi we bilýärdi. Hormatly Mahaw hezretleri okamasa-da, işlemese-de, ýatan çöpüň başyny galdyrmasa-da, dublýory onuň doly tersine işleýärdem, okaýardam, öwrenýärdem, bilýärdem. Dublýoryň wezipesi doly aktýorlaryň wezipesi ýaly-da däldi.
Dowamy bar...