okyyjy
22.03.2025 20:55
EZIZ NESINIÑ DOWAMLY SES EDIP ÝATYRMAGA GOÝMAÝAN GOÑŞUSYNA ÝAZAN HENEK GATYŞYKLY HATY

satiriki hekaýa

Gadyrdan Kazym beý, jan doganjygym!
Iş taşlaýyş diýen zadyñ nämedigini bilmän ýekşenbe günleri-de işleýän, jaýyñ ikinji gatyndaky zawodyñyz üçin sizi tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Uly tutumly işiñ üstünde işleýänsiñiz öýdüp çaklaýanlygymdan şu sagada çenli dözüp zawodyñyzyñ işine päsgel beresim-de gelmedi. Ýöne ýagdaý şeýle dowam etjek bolsa, hemişe zawodyñyzyñ aşagynda işläp pul gazanyp bilmejekdigim üçin biziñ maşgalamyzy-da eklemeli bolarsyñyz.
Köp wagtdan bäri zawodyñyz işläp duranlygyndan ullakan gämini sökensiñiz diýip çak edýärin. Her näme-de bolsa, söken bölekleriñizi birikdirip, gämini gurnap bolanyñyzdan soñ bizi haýrana goýsañyz gerek. Häzir agşam düşüp barýar. Eýsem-de bolsa, zawodyñyzyñ işine iki sagat arakesme berip, meniñem işlemegime azajyk rugsat edip bilersiñizmi?
Şujagaz ýagşylygy meniñ ýaly ýazyja köp görmejegiñizi umyt edip, sizi çuññur hormatlamak bilen awtograf ýazyp gol çeken kitabymy iberýärin.
Iñ gowy goñşuçylyk duýgularym bilen… ? ?


Terjime eden Has TÜRKMEN. Satiriki hekaýalar
8
101
okyyjy
23 Mart 2025
@awadan, kime?
awadan
23 Mart 2025
Suratdaky adam birinä meñzeş🤔
wolf
23 Mart 2025
Ohow 😁👍🏻
alma___
23 Mart 2025
👍👍
flowers_
23 Mart 2025
😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.