Dowamy..
Dublýoryň wezipesi doly aktýorlaryň wezipesi ýaly-da däldi. Pereňli ýazyjy Edmon Rostanyň “Sirano de Beržerak” atly spektaklynda bolşy ýaly dublýoryň wezipesi hormatly Mahaw hezretlerine öňünden ýazylyp goýlan teksti bermelidi. Ol şu maksat bilen onuň nutuklaryny taýýarlaýardy. Hormatly Mahaw hezretleri nirä gitse-de dublýoryny ýanyna alyp giderdi we nirde çykyş etse-de dublýory ýazyp, oňa bererdi. Nämüçindir hormatly Mahaw hezretleri dünýä-de görlüp-eşdilmedik ýaňra bolanlygyndan dygysyz gürlärdi. Gürlände-de bokuny böregine garardy. Nirde märeke görse, saklanyp bilmän, gürlemäge başlardy. Şeýle çykyşlarynyň birinde dublýory hemişe yzdan çep tarapda durardy we gulagyna nämeleri aýtmalydygyny, soraglara näme jogap bermelidigini pyşyrdardy. Hormatly Mahaw hezretleri-de gulagyna çawuş çalynan zatlary köpçülige aýdardy. Diňleýjiler hormatly mahaw hezretleriniň hemme zat barada hemme zady bilşine haýran galýardylar. Diňleýjiler bokurdaklaryny ýyrtara getirip “Uzak ýaşa!” diýip gygyrardylar, elleri gabarçak atýança çapak çalardylar. Olar şol güne çenli ençeme bilimli adam görenem bolsalar, hormatly Mahaw hezretleri ýaly hemme zat barada hemme zady bilýän we hemme ugurda gürläp bilýän başga birini görmändiler. Ol baran ýeriniň halkyna şol ýeriň taryhyny, geografiýasyny, hemme zadyny gürrüň bererdi, öwrederdi. Din, ybadat, arheologiýa, turizm, aýal-erkek deňligi, ekerançylyk, nähili nahar iýmeli, köçe-ýol hereketi, dünýewilik, başga-da birgiden zatlar… Gürrüň bermeýän, öwretmeýän zady ýokdy.
Görseňizläň, adam ogly çig süýt emen-dä. Dublýory belli bir wagt geçenden soň hormatly Mahawyň etegine bukulyp gezesi gelmedi. Dublýor şeýle pikir edýärdi: Hemme zady özi bilýärdi.
Eger özi okamasa, ýazyp bermese, işlemese, bilen zatlaryny ýanynda durup gulagyna pyşyrdamasa, hormatly Mahaw hezretleri sammyk-summyk edip dilini çeýnäp durubermelidi. Şeýtse-de, halk onuň şobada gykuwlap, sykylyklap, belki-de kowalap masgarasyny çykaraýmalydy. Ýeri, näme üçin, ol onsoň hormatly Mahaw hezretleriniň etegine bukulyp gezmeli?
Dublýor şeýle bir oýun oýnamagy netine düwdi welin, eger bu amala aşaýsa, hormatly Mahaw hezretleriniň derege ýaramaýan sansyz adamdygy äşgär bolmalydy. Günlerde bir gün Mahaw hezretleri dublýoryny ýanyna çagyryp, ýurduň iň uly şäherinde we halkyň öňünde möhüm ähmiýetli çykyş etjekdigini, şonuň üçinem şähere we şäheriň halkyna ýüzlenip nutuk taýynlamagy tabşyrdy. Dublýoryň gözläp ýören pursaty gelip ýetipdi. Bolar-bolgusyz, yzy öňüne-öňi yzyna sepleşmeýän, bir sözi beýlekisine gabat gelmeýän, aklyndan azaşanyň samramasyndan has beter samraýan, ýalan-ýaşrykdan doly şeýle bir nutuk ýazdy welin, märeke Mahaw hezretleriniň üstünden hezil edip gülmelidi, masgaralamalydy, sykylyk atmalydy. Ol Mahaw hezretleri gürlände yzynda durup, başga-da bulaşyk tekstleri bermek arkaly bulam-bujar etmelidi. Şondan soň Mahaw hezretleriniň “hormatlylygy-da”, “hezretligi-de” galmaly däldi. Ondan galsa diňe dogabitdi mahawlygy galmalydy.
Dowamy bar...