Bilgiçlere ynanyñ! / satiriki hekaýa
Dowamy...
Ak ezýaka köýnekli, ak sakgally, ak guş ýaly bolup oturan gojanyň gözleri nurlanyp gitdi.
— Han ogul, haramydan el çek. Orramsylyk edip ähli gazanan zatlaryňy yzyna gaýtar. Şeýtseň, bu keselinden saplanarsyň, ýogsam… Jan gerekmi, pyçak diýleni boldy. Bä, näme etsemkäm, içimi gürledip öýe geldim. Ähli baýlygym, gazananym tereziniň bir gapdalyna mündi. Şeýdip, bu zatlardan el ýuwaýmaly bolarmyka?
Bilgijiň diýenini edip, hemme zadymy orta goýsam, ýaralarym aýrylarmyka. Ol deýýus meni oýnap ýören däldir-dä. Synanaýyn, peýda etmese….
Şarňyldap duran jaýymy içiniň goşlary bilen kolhozyň çagalar bagyna berdim. Mal-garalardan dyndym. Iküç sany maşynym bardy, olaram tabşyrdym. Aý, garaz, sopbaş özüm galdym. Ýöne ýaralarymyň ýeňleýän zady ýok. Der-gazaba münüp bilgijiňkä bardym. Onuñ göwni bir ýaly, gaýtam ýylgyrdy-da:
— Han ogul, egniňdäki eşikleňňem öz daban azabyňdan däl ahbetin. Gaty görme, ählisini çykar-da, me, ynha, şujagazy geý diýip, ol sary giden köneje jalbary öňüme oklady. Men beýleki otaga geçip çalşyryndym. Elbetde, bilgijiň beren jalbary meniň diñe uýat ýerlerimi ýapdy diýäýmesem, syrlaşyp dur. Ýöne endamymdaky ýaralar welin, walla, ynanmarsyňyz, edil pyçak bilen syrylyp aýrylan ýaly boldy. Sypba sypyrlaýdy. Bir hili dünýäm giňäp gitdi, yüküm ýeňledi.
Bäý-bä-ä, bilgiçlere ynanmazçylyk etmeli däl eken. Olara ynanmaly how, ynanmaly!
Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Soňy