gerceknazar
20.03.2024 17:30
Pul

Lezzetli, ezýetli, minnetli sensiň,
Gapýarsyň gözlerden garagy sen pul.
Kimseler ýaşabam bilmeýär sensiz,
Arzuwy,umydy, ýüregi sen pul.

Seň syryňa düşünemok heniz men,
Kimler üçin ýigrenji sen, ejiz sen,
Kimler üçin ýoldaşyndan eziz sen,
Baladan, bar zatdan geregi sen pul.

Kimseleriň daýanjy sen, diregi,
Kimseleriň namazdan soň dilegi,
Garyplara bermeseňde çöregi,
Tapýarsyň baýlara aragy sen pul.

"Pul" diýip diňmeýär enäň nalasy,
"Pul" diýip gidýändir gyzlaň namysy,
"Pul" diýip gyrylýar ynsan balasy,
Aldyrýaň ellere ýaragy sen pul.

Besdir mundan artyk ýazyp biljek däl,
Mundan artyk kalbym ezip biljek däl ,
Sen barada ýazýan diňe Gerçek däl,
Köpleriň dessany,dilegi sen pul.

Gerçeknazar Amannazarow
14
14
gerceknazar
19.03.2024 14:12
Ýagyş birden güýjäp başlady. Tebigat göýä dälirän ýalydy. Birdenem çagba gelip , harasat gopdy. Gara bulutlar gök ýüzüni garalap ýetişipdi. Ýap-ýaňyja guşlaryň sesine maýyl bolup oturan asudaja obany tozana gaplap , takyr ýapyny görkezmejek bolup gömüpdi. Köwsarlap-köwsarlap öwüsýär şemal, ýagşyň ysyny berýärdi.Ak tolkunlar al asmana ellerini uzadyşyp ýokary galýardy. Doganym bar güýji bilen akymyň garşysyna kürekleýärdi. Men ýaňy gurup başlan torymy aýyrjagymam, gurjagymam bilmedim. Ýöne garaşyp durara salym ýok. Duýdansyz gelen dag ýeli halys maý bermeýärdi. Esasanam akymyň ugry bolan soň gomlar hasam güýçli bolýardy. Hudaý saklasyn, tolkunlar bat bilen gelip pelkanyň içini suwdan dolduryp barýardy. Men aljyrap näme etjegimi, bilmedim. Tory gurmagada, aýyrmagada wagt ýokdy. Men tory taşlap pelkanyň öňüne geçip:

-Han lotkaň suwyny boşalt - diýip gygyrdym.Doganym  küregini taşlap , haýdap lotkanyň içindäki suwlary çerpalnik bilen daşyna çykaryp başlady. Suw pelkanyň ýarysyndan ýokaryk geçipdi. Eger ýene biraz eglenen bolsak , onuň içi suwdan dolup , kölüň aşagyna çümüp gitjekdi. Iň esasy Hanam, menem suwda ýüzüp bilmeýärdik.Şol wagt biz hakykatdanam ölümiň kenarynda durdyk.


*     *     *

Oguldürliniň ýüregi bir zatlar syzýardy. Ol öýüň içinde arkaýyn oturyp bilmedi. Daşary çykdy. Görse ilerden güýçli dag ýeli başlapdyr. Öýüň içinde kän  bildirmesede ýel şuwlap, belent baglaryň başyny aşak egdirip olary ýykaýjak-ýykaýjak bolýardy. Köçäň ugry tozanlap , öňüne gelen ýeňil-ýelpaý zatlary öz ugryna göterip alyp barýardy. Oguldürli:
-Obada şular ýaly ýel bar bolsa , köldäkiler näme işleýärkäler ?!-diýip, aladalandy. Onuň göwnüne her dürli gorkunç pikirler gelip başlady . "Olar kölde gark bolan bolaýsalar, ikisem-ä ýüzüp bilenok olaryň.Toba-toba,  Allajan özüň goraweri" Oguldürli öýe girip ýanýoldaşyna jaň etdi, ýöne jaňa jogap bolmady . Ol näçe jaň etsede , jaňa jogap bolmaýardy. "Telefonynam alanok bular , eýgelikmikä? Allajan eýgilik bolsunda" Ahyry ol adamsyna sms-ler ýazyp başlady.
-Akylym nirde sen ?
-Obada ýel turýar , aňyrda ýel bolýarmy ?
-Köldemi ýa daşynda otyrsyňyzmy.


*   *   *

Hanyň azaby ýerine düşdi . Pelkanyň içundäki suw azalyp başlady . Ýöne ýel diňer ýaly däldi. Pelkanyň suwy azalan soň men çalt-çaltdan tory ýygnamaga başladym. Ýene-de pelkanyň içi suwdan dolup başlady . Men toruň sepine gelip:

- Han pyçagy uzat- diýip yzyma gaňryldym. Han derrew gapdalyndaky pyçagy maňa berip aýagaldygyna akymyň garşysyna ýüzýärdi. Men tory sepinden kesdimde:

-Galanyny ertir ýygnarys- diýip tory köle taşlap, bada-bat pelkanyň öňüne geçip, suwyny boşatdym. Hanyňam saňyldap gorkýandygyny hereketlerinden , sözlärinden aňyp bolýardy.

-Galanyny ertir ýygnarysmy?
-Howwa
-Ýelem birden geläýdimi?
-Howwa, ýör çykaly sag-aman.
Ýel gowşaman gaýta güýjeýärdi. Tolkunlar syçrap gelip üsti başymyzy öl-myžžyk edipdi. Ine-de kanal , tolkunlaryň hasam güýjeýän, galýan ýeri. Pelkanyň suwy azalşan soň menem doganymyň ýanyna baryp kürekleşdim. Biz iki bolup yzly-yzyna kürekleşlimize men-ä kürek döwler öýdüp gorkdum.
- Han ýuwaşrakdan kürekläýeli , kürek döwleýmesin - diýip howatyrlandym. Agam :

-Bolýar- diýip badyny azajyk gowşatdy. Soňra men :
- Han akymyň tersine däl-de keseräk kürekleýeli, bir ýerden çyksak bolýar - diýip golaýragmyzdaky kenary peýeledim.

*    *    *

Oguldürli aladalara gark bolup arkaýyn oturyp bilmedi. Azajygam bolsa özüni köşeşdirmek we ünsüni başga ýana sowmak üçin aşhana girip nahar taýýarlamaga başlady . Ahyrsoňy onuň telefonyna jaň geldi.

-Alo
-Alo akylym , nirde sen?
-Şu wagt kenara geldim
-Çykdyňyzmy sag-aman
-Howwa çykdyk. Entegem çöregimiz bitin eken, Allajan goraýdy, ýogsara...
  -Boldy, boldy , yzyny aýtma . Öňelem alada galyp otyryn, ýüregimi hopukdyrýaň...
- Bolýar çykdymlaý ine, bir sagatdan barýan öýe
-Bolýar sag bol , sag-aman gel
-Bolýar sag bol

(Soňy)

Awtory : Gerçeknazar Amannazarow
14
16
gerceknazar
18.03.2024 18:30
Durmuş nowellalary (3-nji bölüm)

Ykbalyň peşgeşi


Agşam gijiräk ýatanym üçin men ir bilen ýerimden galasym gelmedi.Säheriň salkynjak şemalyna meýmiräp ýatmak şeýle bir hezildi . Hasam serçejikleriň jürküldisi maňa ajaýyp hüwdi bolup eşdilýärdi.Ahyry men  :

-Gerçek , Gerçek tur oglum eýýäm daň atdy. Perişdeleriň rysgal paýlaýan wagty tur balam, ýatma-   diýip yzygiderli  gaýtalanýan ejemiň  sesine turmaly boldym.Ala ukyly ýagdaýda sagada seretdim. Sagat ýedi bolupdy. Göwnüme bolmasa irden wagt juda çalt geçýärdi.Soňra ala ukyly ýagdaýda daşaryk çykdym. Elini-ýüzüni ýuwup ertirlik edindim. Soňra okuw eşikerini geýip mekdebe ugradym. Öýden çykanymam şoldy welin edil şol wagt ilerimden gyz klasdaşym Aýjemal hem gelýänini görüp ,onuň ýanyna golaýlap:

- Aýjemal gowymy ? -diýip salamlaşdym.Aýjemal güler ýüz bilen:

-Gowy, özüň gowumy klasdaş ?!- diýip ýylgyrdy.Men :

-Hudaýa şükür menem gowy - diýdim. Soňra biziň  söhbetimiz  gyzygyp gitdi.

-Aýjemal düýn edebiýat dersinde Aman Kekilow barada sapak geçirildi bilýäňmi?
-Howwa bilýän. Aman Kekilowyň "Söýgi" romamynam okadym.
-Men-ä okamadym . Dogrusy bilemogam olar ýaly kitaby.
-Wi şahyr bolup şonam bileňokmy?
-Sende barmy şo kitap?
-Menem internetden aldym. Internetde bar-a
-Hä bolýar onda menem alaýaryn.
-Özem sen goşgy ýazmakda etrap boýunça üçinji ýer bolupsyňa
-Ýoklaý. Kim diýýär ony?
-Aýna mollum diýýär.
-Men-ä goşgy ýazmakda üçinji ýer bolamok
-Gülöserem saňa salam aýtdy
-Kim Gülöwser
-Klasdaşyň
-Goýsanaý Gülöwserem maňa salam aýdarmaý . Ola maňa seredenogam
Biz özara söhbetleşip mekdebe nähili gelenlerinimizi  hem duýman galdypdyrys . Soňra jaň kakyldy. Okuwçylar hatara durulýan ýere ýygnanşyp başladylar . Okuwçylar we mugallymlar bir ýere jemleneninden soň ilki bilen döwlet senasy ýaňlandy. Hemmeler sag elini ýüreginiň üstünde goýup gimine goşuldylar. Soňra mekdep müdüri Rejepgeldi Annageldiýew hemmeleriň öňüne çykyp çykyş etdi.

-Salam hormatly mugallymlar we okuwçylar. Ine bu gün hem siziň bilen didarlaşýanyma örän şat. Gözel diýarymyzda biziň her bir günümiz şanly wakalara , buýsançly senelere beslenýär. Ine nesip bolsa sanlyja günden şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk toýy ýetip gelýär...
Mekdep müdüriniň ýüzi gülüp durdy. Ol nämede bolsa bir zada ýürekden begenýärdi.
-Şu ýerde esasy bellemeli zat arada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli , Ahal welaýatynda , okuwçylaryň arasynda goşgy ýazmak bäsleşigi geçirildi. Şol bäsleşigede biziň mekdebimizden bir okuwçy gatnaşyp etrap boýunça üçünji ýere mynasyp boldy.Tüweleme meniň-ä özüm okuwçylarmyň şeýle bäsleşiklere gatnaşyp sylaglanýanyna ýürekden begenýän. Geliň indi söz nobatyny  okuw müdüri Aýna Nökerowa geçireliň.

Soňra Aýna mugallym biraz öňe çykdy-da elindäki hormat haty okady:

-Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli "Watany wasp edýär çaga ýüregim" diýen şygar bilen , mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen şygyr bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 3-nji orny eýelän , 8-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gerçeknazar  Amannazarow sylaglanýar.

Men gözlerime has dogrysy gulaklaryma ynanmaýardym. Hakykatdan hem Aýjemalyň aýdanlary dogry eken . Dogrysy men şol wagta çenli şeýle döredijilik bäsleşiklerine hiç hili gatnaşyp görmändim. Bu bäsleşige nädip gatnaşyp , nädip üçünji orna mynasyp bolanyma özemem geň galdym. Elbetde bäsleşige men  dälde goşgym gatnaşypdy.Çagakam goşgularymy gizlin ýazardym, gizlin saklardym. Olary özbaşdak okardym, özbaşdak guwanardym.Ýöne indi tersine. Şu wagtam şolar ýaly özbaşdak bolup biläýsedim. Emma meniň bu gizlinligimi klasdaşym Mahym açyga çykardy. Günlerde bir gün men bir goşgymy ýazyp , ony ýatdan çykaryp , partanyň aşagynda goýup gidipdirin. Mahym bolsa ol goşgumy alyp, klasdaşlaryma we mugallymlaryma görkezipdi. Şondan soňra olaryň maňa bolan garaýyşlary üýtgäp başlady. Hamana men goşgy ýazýamyşym, goşgy ýazýan bolsa ýöne-möne adam dälmişin. Hasam synp ýolbaşçymyz Juma mugallym meni birneme süýregleýärdi. Ylaýtada ol türkmen dili we edebiýaty dersinden okadan soň edebiýaty hormatlaýardy. Durmuşymdaky iň uly öwrülişikleriň biride şol waka bolupdy. Bir gün Juma mugallym maňa watan barada goşgy ýazmagy teklip edipdi. Meniňem ol wagtlar esasy işim, höwesim goşgy ýazmakdy. Hasam o döwürler dowarlaryň yzynda , açyk howada , açyk zehin bilen , şirinden-şirin şygyrlar dörederdim.Eger bäsleşige hödürlenjedini bilsedim , onuň üçin has owadan goşgular ýazyp biljekdim.Emma Juma mugallymyň özi hem şol ýazan goşgymyň bäşleşige hödürlenjegini bilmeýärdi. Bir gün onuň  kärdeşi okuw müdiri Aýna mugallym goşgyny okap:

-Bu goşgyny bäsleşige ugratmaly- diýip teklip  beripdi. Şygry şol günüň özünde "Ahal durmuşy"gazetiniň yglan eden "Watany wasp edýär çaga ýüregi"diýen şygar bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek şygyr bäsleşigine ýolladylar. Ine-de onuň netijesi.

Men ýaýdana-ýaýdana mekdep müdüriniň  ýanyna bardym . Rejepgeldi Annageldiýew sag eli bilen meniň elimi gysyp:

-Gutlaýan-diýip ,çep eli hormat hatymy gowşurdy. Şowhunly el çarpyşmalaryň bolsa yzy üzülmeýärdi. Hemmeler begenşýärdiler, ýaş şahyra  guwanýardylar. Hawa hakykatdanam bu diňe meniň däl tutuş mekdebiň abraýna abraý goşupdy.Şol gün meniň durmuşynda örän uly öwrülişik bolupdy. Öňler meniň şygyr ýazýanymy hiç kim bilmeýärdi. Indi bolsa meniň öňünden çykan goşgy ýazyp bermegini haýyş edip başladylar. Gyzlar özlerini wasp edip şanyna şygyr ýazylmagyny isleseler, oglanlar özleriniň halaýan gyzlaryna gowy goşgular  ýazdyrasy gelýärdi. Men hem olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin öňkilerdenem has köp eserler döredýärdim. 

(Dowamy bar)

Gerçeknazar Amannazarow
25
21
gerceknazar
17.03.2024 21:05
Manyly goşgular.


Ylahy

Barýan huzurňa günäli,
Ellerim boş,gözüm ýaş.
Taňrym bagyşla günämi,
Bizi otdan eýle daş.

Indir soňsuz rehnetiňden,
Dyndyr gazap mähnetiňden,
Nesip eýle jennetiňden,
Jähennemden eýle daş.

Jemagatda goldaşym Sen,
Ýalňyzlykda ýoldaşym Sen,
Ýürekdeşim syrdaşym Sen,
Syrmy ile etme paş.

Ýüz gara men günäm çoh,
Guwanmana güwäm ýok,
Eýle kalbym, gabrym päk,
Rehmiňden joş,
Ýa Ýoldaş.

* * *

Haçana çenli

Gyl üstinde gezýäris
Haçan taýjak näbelli
Gitjegmizi syzýarys
Galjak haçana çenli?

Geldik bu synag ýere
Kökinden synan ýere
Bu agyr synaglara
Dözjek haçana çenli?

Mekirlige bil baglap
Gezme ýalandan aglap
Ili, öziñi aldap
Gezjek haçana çenli

Bolma gaýyba gurjak,
Bir Haka belli geljek,
Ýazjagyňy ýaz Gerçek,
Ýazjak haçana çenli.

* * *

Duýmadyňmy sen.

Özüňden öň tutdyň gara nebsiňi,
Besdir haram puldan doýmadyňmy sen.
Her gün eşdeniňde azan sesini,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen?

Duýmadyňmy her dem seredip duran,
Aý-Güni ,Ýer şary ýöredip duran,
Ýoklukdan barlygy döredip duran,
Allahyň bardygny duýmadyňmy sen?

Bu goşgy akylly däliler hakda,
Diri gezip ýören ölüler hakda,
Wyždan, iman barmyka ol ýürekde,
Bar bolsa Allahy söýmediňmi sen?!

Senem ahyr gara ýere girersiň,
Allanyň bardygny şonda bilersiň,
Soň dolanyp yza nädip gelersiň,
Wagt barka Allahy söýmediňmi sen ?!

Oýan , Gerçek oýan, gaflatdan oýan,
Oýanda imanňa , diniňe daýan,
Seni ata-eneňden has artyk söýen,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen ?!

Harsydünýälik

"Bismilla" bilen başlaýyn söze ,
Haýyr ýokdur şonsuz başlanan işde .
Gaplaň kimin çala gözümiz açyk ,
Ýaşap ýörüs alasarmyk bir düýşde.

"Bir başym bar müň işim bar durmuşda ",
diýip gara başyň garabaşagaý .
Müň işiň müňsine ýetişjek bolup ,
Aýna seret üýtgäp gidipdir ýüzüň,
Gözüňi gapypdyr harsydünýälik ,
Aýdyň hakykaty görenok göziň.

Hasaba çekdiňmi gara nebsiňi ,
Ölçediňmi amallarňy mizanda ?
Görüplikden açylanok dideler .
Göwnimiz öýkeden gümandan doly.
Imanmyzy ogurladyp şeýtana ,
Sallam-sajak geýim bilen ser-sepil ,
Gezip ýören ýaly däli diwana .
Çarkandakly ýoldan büdräp gelýän,
Kä ýykylyp käte aýaga galýan ,
Ýol ýitiren ýol belede çalymdaş ,
Gezip ýörsiň öz-öziňden göwniň hoş.

* * *

Owarram diýeliň

"Owarram" diýeliň ownukçyllyga
Biz beýik işlerden baş çykarmaly
Gowy günde gullyk edip gowluga
Bozgaklaň işini boş çykarmaly

Owarram diýeliň ownukçyllyga
Ownuk işe ownujaklar ýapyşýar
"Gawun hem gawundan reňk alarmyş"
Ownuklardan ownukçyllyk ýokuşýar

Aldanmalyň her aýdylan alkyşa
Öwgä öwsip göteriler köp kişi
Alkyşlary paýlamalyň perwaýsyz
Gerek ýerde gysganmalyň alkyşy

Ýagşy ýol tut ,şoň ugrunda göreş kän
Ýagşy niýet ýetir bizi gowluga
Beýiklere beýik işler garaşýar
"Owarram"diýeniň ownukçyllyga

* * *

Aratapawut

Diriniň ölüden bir tapawudy,
Diri heniz bu dünýäde ýaşaýar.
Bilinmeýän bolsa ýaşaýanyňam,
Seniň ölilerden näme parhyň bar?

Adamyň haýwandan bir tapawudy,
Adamda akylly beýni ýerleşýär.
Eger şol beýniň hem içi boş bolsa,
Seniň haýwanlardan näme parhyň bar?

Akyllyň akmakdan bir tapawudy,
Akylly öz etjek işini bilýär.
Näme iş edýänňi bilmeýän bolsaň,
Seniň akmaklardan näme parhyň bar?

Akylly üçin dünýe olja hem söýgi,
Akmak üçin dünýe garaňky hem dar.
Gerçek seniň ilden nämäň üýtgeşik,
Hem seniň illerden näme parhyň bar?

* * *

SAKALLY ÝIGIT

Diýýärler "Şu ýaşda sakal gerekmi?"
Imany sap bolan sakally ýigit .
Şerigata ýapyşdyň sen ýürekli,
Her sözi Hak bolan sakally ýigit .

Okap ahunlardan ylym aldyň sen,
Gurhan sürelerni ýatdan bildiň sen,
"Gündiz molla , gije ýolda" bolduň sen,
Ýüregi päk bolan sakally ýigit .

Şeýtanlar başyňa musallat seniň,
Durmuşyň kyn ýene açyk göwüniň,
"Toba-toba" bilen geçsede günüň,
Günäsi köp bolan sakally ýigit.

Namaz wagty bolar gyssagly işiň,
Diýerler "Kösenme , sen heniz ýaşsyň"
Oraza aýynda gün uzyn açsyň,
Özüne bek bolan sakally ýigit.

Owal saýlap aldyň şeýle kysmaty,
Görenler yzyňdan eder gybaty,
Gybatdanam beter atar töhmeti,
Görene gep bolan sakally ýigit.

Bil molla bolmasa ýok namaz okan,
Jynazaň bilinmez, gyýylmaz nikaň,
Indi ýuwaş-ýuwaş azalýarmykan?
Günäden saplanan sakally ýigit .

(05.05.2023)

* * *

Ýogyňa gynanma baryňa guwan

Dünýäni kowalap ýadamadyňmy?
Ýogyňa gynanma, baryňa guwan.
Dünýe birnijäni aldamadymy?
Ýogyňa gynanma ,baryňa guwan.

Aýt kimler gönendi dünýäni alyp?
Patyşa bolsaňam gitmeli ölüp,
Her zadyň,her demiň gadyrny bilip,
Ýogyňa gynanma ,baryňa guwan.

Oýlanma dünýäniň oýnawajyna,
Ynan ,guwan,daýan Taňryň güýjine,
Gaty çöregide iýgin süýjedip,
Ýogyňa gynanma , baryňa guwan .

Ýöräp bilýän düşün, ýöremeýän bar,
Görüp bilýän düşün , garamaýan bar,
Janyň sagmy düşün , ýaramaýan bar,
Ýogyňa gynanma , baryňa guwan .


(15.10.2022)

* * *

Durmuş nowellalary.

Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok,görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok.

* * *

Internetden görüp howaň ýagdaýyn,
"Şu gün howa maýyl bolar" diýdim men .
Ýagyş ýagdy hem Gün çykdy,ýel durdy,
Howa bäş minutda üýtgeýän eken.

* * *

Gözlerime gülüp şat bolup gitdi,
Dostlarym ýürekde ýalynym boldy.
Görüp ýören gyzlam ýat bolup gitdi,
Hiç görmedik gyz hem gelinim boldy.

* * *

Hujuw bilen arzuw edýärdim öňler,
"Taňrym ony maňa duşursa" diýip.
Ýüregimden dileg edýärin indem,
"Taňrym ony maňa duşurma" diýip.

* * *

Ölüm barymyza agyr jemleme,
Nirde,nädip, öljegmizem näbellä.
Ömür çözülmesi agyr deňleme,
Durmuşymyz durşy bilen nowella.

* * *

(17.05.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
21
145
gerceknazar
16.03.2024 19:42

TELEFONPARAZ (HEKAÝA)


Ol çagalygyndan telefony halaýardy, söýýärdi. Onuň kakasy heniz hemmelerde telefon ýok wagty, telefonynyň ilkinji gezek Türkmenistana ýaýran wagtlary, hoz döwülýän "prostoý" telefon alyndy. Ol kakasynyň telefonyny başardygymdan eline alyp oýnajak bolýardy. Sebäbi ol telefonda mario, top, ýylan ýaly gyzykly oýunlar , birnäçe gysgajyk aýdym-sazlar bardy. Kakasy telefony unudyp giden, uklap ýatan wagtlary hem telefony tä zarýady çökýänçä oýnaýardy.

Soňra döwür ösdi . "Prostoý" telefonlar Türkmenistanda hasam köpelip başlady .Indi onuňam özbaşyna prostoý telefony bardy. Emma "Gowsyndan-gowsy bar" diýlişi ýaly , içine çip dyksaň aýdym diňläp , widio görüp, surat alyp, oýun geçirip oýnap bolýan , "knopkaly" telefonlar çykyp başlady. Gahrymanymyzyň bar arzuwy şol "knopkaly" telefondan alynmak boldy. Ol günde daga gidip, kamazlara elde daş ýükläp , gazanan pullaryny jemläp başlady . On gün töweregi işläp gazanan pullaryny üýşürip ahyry "knopkaly" telefona ýetdi. Telefon oýnamak şeýle bir hezildi. Hatda ol uzakly günläp telefon oýnap bilýänlerdendi. Soňra ol gullyga gitdi. Ol gullykda-da telefonsyz oňup bilmeýärdi. Iň bolmanda öýdäkiler bilen gürleşmäge telefon gerekdi. Ol ençeme gezek telefonyny ofiserlere aldyrsa-da eýdip-beýdip , esasanam "dembel" wagtlary telefonsyz bolmaýardy. Gullykdan gelip hem onuň ilkinji aladasy telefon alynmak boldy. Ol gullykdan geleninde döwür durman ösüp ýüzünden basylýan sensir telefonlar köpelipdi. Ol gullykdan gelip derrew işe girip ýüzünden geçirilýän telefon alyndy. Telefon onuň üçin aňrybaş gowy enjamdy. Oýun oýnap , aýdym diňläp, widio görüp , surata düşüp , kitap okap , internete girip ... bolýar. Aý sanasaň sanabermeli-läý , onda hemme zatlaram edip bolýar. Telefon onuň üçin , kähalat oýun zat oýnap biderek zatlara wagtyny gidiräýmese , juda peýdaly zatdy. Indi ol onsuz oňup bilmeýärdi. Her gün azyndan 5-10 gezek internete girip çykýardy.


Bir gün onuň telefony döwüldi. Ençeme ussalara görkezsede , özbaşdak ençeme çäreleri görsede telefony bejerip bilmedi. Ol telefonsyz bir aýlap dagy oňar öýtdi, emma bir hepde-de oňup bilmedi. Ahyry ol üýşürenje pullaryny alyp Tekebazara eňdi. Tekebazarda teke bolup aýlansada arzan bahadan , ýüzünden geçirilýän telefon alnyp bilmedi. Ol Tekebazarda günortana çenli aýlanyp-aýlanyp ahyry armanly öýüne gaýtdy. Öýüne gelip arz-şikaýatyny öýündäkilere beýan etdi. Inisine dözmedimi nämemi onuň agasy öz ulanýan telefonyny arzanrak bahadan , bir aý garaşygyna berdi. Ata-enesi ony öýerjek bolup ser-sepil bolup ýörkäde oňa telefondan başga zat gerek däl ýalydy. Günlerde bir gün ol telefon barada goşgy döretdi.


Pul bolmasa bolman geçsin,

Bolsa bolýar telefonym .

Gyz gelmese gelmän geçsin,

Gelse bolýar telefonym .


Ejem diýýär milýon gezek,

"Şu telefon nämä gerek ?"

Iýmerinem etli börek,

Bolsa bolýar telefonym .


Kakam diýýär "Eý doňýürek!

Seni hem öýermek gerek "

Gyz-pyz bary biderek ,

Bolsa bolýar telefonym .


Agam diýýär içip arak,

"Ýaşa inim,gezme biderek "

Çyndanam küýseýär ýürek,

Bolsa bolýar telefonym .


Genjemä düşünse gerek,

Düşünýärle göýä melek,

Içmese bolýarla arak,

Bolsa bolsun telefony.


Gerçek gaýtalap on gezek,

Goşgular ýazýaň biderek ,

Her adama bir keýp gerek ,

Meniň keýpim-telefonym.


Onuň telefonyň şöhlesine gözüni zaýalasada , onuň garşysynda iki bükülip oýnap oturşyna daşyndan gaharlanyp ejesi we aýaly iňir-iňir iňirdeşýärdiler.

-Munuň bolup oturşyna seretsene

-Goýaý indi şol telefonyňy

-Ýadanagamda gy

-Näme bar şonda şeýle oýnar ýaly ?

-Muňa telefondan aýrylar öýdüp heleýem alyp berdik welin telefondan aýryp bilmedik

-Heleý gerek däl-ä muňa , telefon bolsa bolýar.

Ol şu wagt hem ejesiniň we aýalynyň iňirdilerni diňlemän telefon oýnap otyr.


© Gerçeknazar AMANNAZAROW.


(Gökdepe 28.07.2023)

26
177
gerceknazar
15.03.2024 13:53

Kalbymda kerepläp galdymy gaýgym?

Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.


Durmuşymdaky iň süýji, iň duýgyly, iň ýakymly ýatlamalaryň  biri hem Şeker bilen geçiren günlerim . Ilki-ilkiler üns bermesemem , soňabaka meniň oňa bolan muhapberim artypdy, söýgüm oýanypdy. Men hakykatdan hem ony hiç kinesi bolmadyk çaga ýüregimden ,päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy. Olam meni söýýän ýalydy. Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam ,  olar bize myhmançylyga gelselerde, biz biri-birimizi ýitirip  tapan ýaly bileje oýnaýardyk, ýaýnaýardyk, degişýärdik, gülüşýärdik.


Ilki bilen Şeker barada gysgaça maglumat . Şeker özüm bilen ýaşdaş , orta boýly, gaharjaň gyz. Aslynda çaga wagty gaharjaňam däldi. Göwnaçykdy, alçakdy, owadandy. Ullakan dury goňur  gözleri bardy.


Çagalykda görerdim,

Gözleriňde gözlerim.

Goşgy ýazar ýörerdim,

Saýlap süýji sözlerim.


Ýene-de çagalygmyň,

Sahypasyn dörjedim.

Ýaňy biten ýaramyň,

Soňky gatyn gorjadym.


Goşgy ýazmak borjumdyr,

Ýumulmasa gözlerim,

Soňlanmaýar sözlerim,

Uzar gider göz ýetim.


Ulaşdyryp kesele,

Dermanyny bermediň.

Eýýäm ýedi ýyl bäri,

Gözleriňi görmedim.


Wah ýene-de görsedim,

Gözleriňde gözlerim.



Aslynda men onuň şu wagtky Şekerime  dälde , çagalygyndaky Şekerim  aşyk. Indi ol düýbünden üýtgäpdir.Şeker daýzamyň gyzy bolan soň häli şindi men ejem bilen olara ýa-da olar bize myhmançylyga gelerdi. Şeýle bir hezildi onuň bilen oýnamak , onuň ýanynda bolmak. Ýüregime azap berýän soraglarymyň biri hem olam meni söýýärmikä? Has dogrusy söýdümikä ? Hawa, içki duýgylaryma görä olam meni söýdi. Elbetde men  ilkinji goşgymy , heniz elime galam alyp başlan wagtymda, ilkinji söýgüme ýazypdym. Ol pursatlar henizem göz öňümden gidenok. Şol wagt sen meniň bilen hoşlaşyp, öýüňe gaýtjak bolup durdyň. A men bolsa seniň bilen hoşlaşasym gelmeýärdi.Sen:


-Sag bol -diýip kiçijek we näzijek , akja eljagazyňy salgap gaýdyp barýardyň. Men bolsa ne "Sag bol " diýip bildim , ne-de elimi galdyryp. Diňe doňňara daş deýin yzyňdan seredip doňup durdym. Şol wagt men juda-juda üýtgeşik duýgylary başdan geçirýärdim. Şol täsin duýgylar bilen men öýe ylgadym. Tekjeden kagyz bilen galam aldym-da ilkinji goşgymy ýazyp başladym.


Men saňa bakýan,

Sen maňa bakýaň.

Bakmak bilenem,

Ýüregmi ýakýaň.


Göräýmäge ýönekeýje sanawaç ýaly sözlemler . Ýöne men bu sözlemlerimi hakydamda ýüregimde göterip ýörün. Bu sözlemler çaga kalbynyň joşgynly owazy, bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary.


Şeker aýtsana ,

Meni söýýäňmi ?!

Meniň söýgümi,

Senem duýýaňmy?


Ýa sen söýýäňmi?

Ýa söýeňokmy?

Ýa meniň söýgümi,

Sen duýanokmy?


Kulhuallahu ahad,

Allahyssamad...


Goşgynyň ahyryna Gurhan aýatlaryny goşanyma özümem haýran . Belki näbelli bir güýç bu aýatlary maňa ýazdyrandyr. Belkide gudraty güýçli Biribar ilkinji goşgymyň Gurhan aýatlaryndan başlamagymy isleýändir.

Şeker. Şu ady eşidenimde ýüregim jigläp gidýär.Bir, iki, üç gezek däl , her gezek şeýle.Näme üçin beýlekä?


Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni

Seň bilen durmuşym örän hezildi

Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni

Joşan göwnim gam kölinde ezildi


Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni

Kalbymyň törinde diňe sen bardyň

Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly

Ömür ýollaryma ýalkymly nurdyň


Şanyňa ençeme goşgy ýazardym

Galam ,kagyz meniň hemram bolardy

Elmydama seni ýatlap gezerdim

Seň suratyň meniň gümram bolardy


Bu nähili söýgi boldugy ? Bu nähili duýgy boldugy ?! Ynanyň bu duýgyny beýan etmäge hiç bir söz, hiç bir sözlem ýetmeýär. Bu duýgyny beýan ederden sözlerim ejiz.


(Dowamy bar)

26
28
gerceknazar
14.03.2024 20:22
Ýazmadym maşgala eklejek bolup,
Men sungatyň aşygy däl, dälisi.
Dil bilen Käbäni ýykmajak bolup,
Öýkeletdim poeziýa şalygy.

Aýdylmadyk aýdymlarym armanda,
Çişip-çişip duýgylarym dolupdyr.
Adamlaram seredişýär asmandan,
Akja garlar şahasyndan tänip dur.

Bulutlaň içinde urýaryn kürek,
Dünýe suwa gark bolana meňzeýär.
Sähelçe şemala möwjeme ýürek!
Hiç kim girip bilmez däli deňziňe.

Ýüregiňi açda giň dünýä seret,
Guşlaň arasynda gaýyp bilýäňmi?!
Derdinme, seň derdiň aýt kime gerek ?
Öňem aladasy ýetik dünýäniň.

Gara gatyşykly söýgüm ýagyp dur,
Sergin şemal ogurlady ýazanym.
Sähel söze didelerim dolup dur,
Serden geçip ,ýüregimi ýazaryn.

Ýazaryn men , gözleýärin köp zady,
Internetde, kitaplarda... ýok zady.

Gerçeknazar Amannazarow
26
33
gerceknazar
13.03.2024 19:05
Agşam namazyndan soň maşgala agzalary bir saçaga jemlenip agşamlyk naharyny edindiler. Nahardan soň töwür galdyryp, hersi bir jaýa dargadylar. Gulnazar aga ýaplanyp çaý içip,çagalaryň ejesi bilen telewizor gördüler. Agam Hannazar ortaky jaýa geçip , çaýyň başynda ýassyga ýaplanyp , telefona güýmendi. Gerçeknazar bolsa aýratyn , ümsüm jaýa geçip gündeligiň yzyny okap başlady.

"Eje daş ýagýar.

Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok. Bolsa ýaňy bir bäş ýa-da alty ýaşlarymdadyryn. Men ilkinji gezek gyzdyrma keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy, başym aýlanýardy. Endamym ot ýaly gyzgyn bolsa-da , gaty üşeýärdim. Üstümdäki ýorganyma bürenip ýatyrdym . Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme gaýdyp duran ýalydy. Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi aýna uzadyp:

- Eje daş ýagýar, eje seret daş ýagýar-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym. Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy. Ejem näme diýjegini bilmän yzly-yzyna başymy sypalap, göz ýaşlaryny saklap bilmeýärdi. Soňra ýer iki ýana çaýkanyp başlady. Daşam üstümden ýagýardy.Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn. Ol günleri ýatlamagam gorkunç. Ejem meniň şolar ýaly günlerimde-de mydama ýanymdady. Garaz şeýdip-şeýdip ine şu günlere ýetdim. Ejemjana bergim, borjum ummasyz. Henizem giç däl. Ejemjan aýatda diri ahyryn. Söýgüli pygambermiz (s.a.w) "Jennet enelermiziň dabanynyň aşagyndadyr" buýurýar. Biz ene-atamyza näçe hyzmat etsek, näçe sylasak, näçe söýsek,
şonçada az. Olar biziň üçin gör nämeler etmedi, gör nämeler görmedi. Ýöne biz henizem olara ähmiýetsiz garaýarys. Näme üçin ? ..."

Gündelik meni magnit kimin özüne çekýärdi."Eýsem bu gündeligi kim ýazdyka?! Öz-ä kimem bolsa şu obadan bolmaly. Kim ýazanam bolsa gowy ýazypdyr." Gahrymanymyz şeýle oýlar bilen aňsat-aňsat ýatyp bilmedi. Soňra onuň özi hem şular ýaly gündelik ýazmak isledi. Çüňkde ýatan päkmesiniň içini dörüşdirip ondan boş depder gözledi. Depder näçe uly bolsa şonça-da gowy boljakdy, ýöne uly depder tapylmady. Onda-da ol on iki ýaprakly täzeje depder tapdy. Täzeje akja sahypaly depdere bir zatlar çyrşaşdyrasy geldi.

-Näme ýazmaly? Näme barada ýazmaly ? -diýip öz ýanyndan oýlandy.-Gündelik nähili ýazylýarka? Ýaňky gündelikdä diňe käbir bolan wakalar ýazylypdyr. Ol hakykatdan hem gyzygyp gündelik ýazasy geldi. Gündelikde nämeler ýazylýandygyny bilesi geldi. Dogry her birimizde bolşy ýaly onuň durmuşynda hem her günde üýtgeşik , derwaýys wakalar bolup geçýärdi.Edil şu gün hem onuň durmuşynda täsin  , gyzykly wakalar bolup geçipdi. Emma ol bu wagt söýgülsini ýatlady geldi. Ol barada bir zatlar ýazmak isledi. Ýatar wagty bolsada onuň hiç ukysy gelmedi. Ahyry ol ilkinji gündeligimiň ,ilkinji ýazgylaryny ýazyp başlady.

"Gündogardan öwüsýän näzijek şemal,şemalyň ugryna iki ýana yranyp duran ýorunjalar,ýorunjalaryň üstünde her ýana gaýmalap ,güllerden-güllere gonup tans oýnaýan kebelekler, ýakymly ýaşlyk ýyllarymy ýatladýardy. Men bagyň üstünde oturyp tebigaty synlaýan. Hanha alyslarda uzalyp , giň asmana görk berip duran bulutlar, bulutlaryň arasynda kä gizlenip, käte jyklap gizlenpeçek oýnaýan Güneş, Güneşiň ýylysyna çoýunyp iki ýana ýaýkanýan bugdaýlar... durşy bilen gözellik. Hawa men çagakam şu ýerlere köp gezek gelipdim. Ol wagtlar men on iki ýaşly oglanjykdym. Kakam, doganym, men , üç bolup her gün diýen ýaly Goşahowdana gawun-garpyz ýetişdirmäne gelerdik.Bir gezek şol goşahowdanda ýatdan çykmajak waka boldy .Gün ýaşyp , garaňky gatlyşanda kakam bize:

- Han  , Gerçek ýörüň öýe gaýdalyň- diýeninden soňra biz pillermizi, oraklarmyzy alyp ulaga mündik. Kakam awtoulagy işledip biraz gyzýança garaşdy. Zil kysymly, goňur, ýük ulagy mazaly ýylanyndan soň gazy hasam güýçlenip başlady. Goşahowdanyň ilersinde belendiräk depe bardy. Edil şol depäňem ilersinde ýolyň edil gyrasynda çuňrak zeý geçýärdi. Kakam şol depeden geçip saga öwrülmekçi bolanynda , rol aýlanmadymy ýa-da başga bir näsazlykdanmy, sebäbini anyk bilemok goňurja zilimiz şol Goşahowdanyň ilersindäki zeýiň içine girdi. Kyblam aljyrap yzly-yzyna ulagyň tormazyny basýardy, ýöne şonda-da ulag zeýiň içine girip barýardy. Her nämede bolsa bizi Alla gorady, ziliň tormazy gowy eken. Ol zeýiň düýbüne ýetmänkä saklandy.Biz sag-aman ulagdan düşüp ,pyýadalap uly ýola tarap ýöredik. Ulaglaryň zol-zol gatnap duran ýoly daş däldi. Biz ýolyň gyrasyna baryp, obamyza aşmak üçin geçene elimizi salgap duryberdik. Kän wagt geçmänkä biziň ýanymyzda bir ulag gelip durdy. Sürüji kakama ýüzlenip:

-Gully  aga salawmaleýkim , Telmana barýaňmy?!- diýdi seslendi. Kakam :
-Waleýkimessalam .Howwa Telmana barýan-diýeninden soňra sürüji :

-Mün äkideýin- diýdi .Şol wagt ulagyň öňünden bir gyz düşdi-de ulagyň yzyna geçdi. Menem şol gyzyň yz ýanyndan münüp onuň ýanjagazynda oturdym. Gyzyň aňrysynda ejesi hem oturan eken .Soňra agamam meniň sag gapdalymda otyrdy. Kakam ulagyň öňüne mündi. Pederim sürüji bilen her ýerden gürrüňler edip gelýärdi. Ulagyň yzyna dört bolup münenimiz üçin biraz gyslyşyp otyrdyk. Hasam meniň özüm ýaly ýaşajyk , owadanja gyzyň butlary meniň butlaryma gysylyp durdy. Men ýuwaşlyk bilen gyzy synladym. Hawa ol gyz hakykatdanam owadanjady. Ulagyň aýnasyndan girip ,gyzyň zülplerini oýnaýan şemal ony öňküsindenem owadanlaşdyrýardy. Onuň goňur gözleri, ak alkymynda menek-menek hallary, alma ýaly gyzarypjyk , pökgeripjik duran ýaňajyklary diýseň gözeldi. Men ony synladygymça synlasym geldi. Şu çaga ýüregimde oňa bolan üýtgeşik duýgylar oýandy. Biz obamyza derrew geldik. Men ol gyzyň ýanyndan hiç aýrylasym gelmedi. Men onuň bilen bir agyz gürleşmedik bolsamam oňa synym oturdy. Ahyry men ulagdan düşmeli boldum."

Baş gahrymanymyz munça zatlar ýazanyma özüde geň galdym. Göýä setirleriň özleri asmandan döklülip ,akja kagyzyň ýüzüne siňip gidýärdi.Men gündeligini şeýle bir joşgun bilen ýazýardym welin asla uklasym gelmeýärdi. Şol wagt kakam ýassy namazynyň täretini alyp öýe girdi.

-Öýdäkiler ýatdymyka?-diýip hemme jaýlara aýlanyp çykdy.Agam Hannazar telefonda aýdym diňläp ýatyp galypdyr. Kakam agamyň telefonyndaky aýdymy öçürip , jaýyň çyrasyny söndürdi. O jaýdan çyksa beýleki jaýyň hem çyrasy ýanyk dur eken . Men gijäň ýaryndan geçenini hem duýman gyzygyp gündelik ýazýardym. Dädem gapydan girip:

-Gerçek ýat oglum indi , ertir ir turmaly - diýip çyrany öçürdi. Men :

- Bolýa kaka - diýip gündeligini şkafyň üstünde goýdym-da , diwana geçip süýndim.. Ine şeýdibem ylhmym zym-zyýat bolup, ne gözel ýazylmaly eserlerim ýazylman galdy.Kakam iň soňunda öz jaýyna ýuwaşlyk bilen girdi. Ýuwaşlyk bilen girsede çalaja şykyrda ejem tisginip oýandy.

-Ýatyberdä sen näme oýanýaň?- diýip kakam gaharly gürledi.

-Ýatyp bolýarmy?-diýip ejem hem hüňürdedi.

-Ýatmasaň ýatman geç men-ä ýassymy okajak - diýip kakam jaýyň çyrasyny ýakyp , namazlygy ýazyp, azan aýtdy.

(2-nji bölümiň soňy . Dowamy bar )

Gerçeknazar Amannazarow.
25
39
gerceknazar
12.03.2024 19:10
Salı, 12 Mar 2024 06:52 PM

Tuýuglar

Salam Dürlim, ýagdaýlaryň ýagşymy ?!
Sözüň sazmy ýa-da ýazyň ýagşymy ?
"Gerçek goşgy ýazyp bilmez" diýýärler,
Synla indi ýagyş ýaly ýagşymy.

* * *

Ine saňa sähra, ine saňa düz,
Gelde oýna, ýaýna, saýra , goşgy düz.
Sazlansyn kapyýa, gözlensin many,
Gizlensin lirika, sözüň bolsun düz.

* * *

Ýürekdäkilermi aňla açyk ýüz,
Gelde söýgi ummanynda sende ýüz.
Seni söýüp gezýän başga dünýäde,
Arzuwlarym, armanlarym boldy ýüz.

* * *

Golundaky bir süýjije nar ýaly,
Göwsündäki ondan süýji nar ýaly.
Alma nary görüp jennetdir öýtdim,
Dowzahynda ýakdy meni nar ýaly.

* * *

Gurp galmady ne elde , ne aýakda,
Gurplyjadym geçenki aý aýakda.
"Aýaga çolaşyp ýörmäň" diýerdim,
Gör özümem galdym bu gün aýakda.

* * *

Ýap-ýaňyja gyzaranja , bir süýjije alma sen
Seni senden gabanaryn , meni menden alma sen
Nüçün kalbym jigläp gidýär şol ady eşdenimde?!
Çünki çagalyk söýgüm Çary gyzy Alma sen

* * *

Gerçeknazar Amannazarow
23
36
gerceknazar
10.03.2024 23:00

SYRDAŞYM-GÜNDELIGIM



Durmuş-nowelladyr.


* * *


Bäýbä. Bu ykbalyň oýunlaryny görsene. Munda kitaplarda ýazylmadyk, düýşleriňe girmedik, asla hyýalyňa gelmejek wakalar bolup geçýär. Sanasaň sanabermeli. Okuwçykam ençeme gyz klasdaşlarymda gözüm eglenerdi. Esasanam olaryň birine göwün beripdim. Ol meni göwnemesede şol depen ýerime depip durup, onuň daşyndan guwanyp, şanyna şygyrlar dörederdim.

Indi... Indi bütünleý tersine. Aşa söýgi aşa ýigrenje öwrüljek eken.


Umyt besläp, arzuw edýärdim öňler,

"Taňrym ony maňa duşursa" diýip.

Ýüregimden dileg edýärin indem,

"Taňrym ony maňa duşurma" diýip.


* * *


Bu durmuşda diliňi däl , eliňi işletmegi öwren.


* * *


Durmuş biri-birine sepleşip dowam edip gidip otyr. Günler bize dürli-dürli sapaklar berip ynsan ömri kertilip dur. Şonsuzam ömür gysgajyk. Onuňam üçden biri ukyda geçýär.Şujagaz gysgajyk ömürde gör nämeler jemlenen. Söýgi, ýigrenç , şatlyk , gaýgy... sanap gutar ýaly däl. Adam hökman durmuşda gowydan-gowy arzuwlar bilen ýaşamaly. Arzuwsyz ýaşaýyş manysyz. "Adam" bu nähili güýçli barlyk. Daşyndan göräýmäge adamzat kijijek, ejizje ýaly. Elbetde Alla bize kömek edýär. Ýogsa biziň elimizden gelýän zat barmy ?


* * *


Eneň-ataň saňa ýagşylyk eder,

Olaň ýamanlygam ýagşylygadyr.


* * *


Näme üçin mydama ulylaryň sözi dogry bolup çykýar?!

Bu gün men adatdakylar ýaly tor arassalap durdym. Şol wagt Tirkiş agamyň ýany bilen işdeşleri bize balyk almaga geldiler. Salamdan soň olaryň biri maňa ýüzlenip:

-Jigim tory sag tarapyndan başlasaň gowy açylar- diýdi. Men onuň sebäbini soramadymam. Sorasymam gelmedi. Sebäbi tor arassalamagy ondan öňem bilýärdim . Onuň bolsa "tor" diýilýän zady kän görmedige meňzeýär. Men oňa:

-Bolýar -diýdimde içimden "Şular gidýänçä diýenini eden bolaýyn , gideninden soň arkaýyn işlärindä" diýip öz ýanymdan pikir ýöretdim. Agamyň işdeşleri aljak balyklarny aldylarda ,eglenmän ugramak bilen boldylar. Soň-soň seredip otyrsam ýaňky adamyň aýdanlary dogry bolup çykdy. Oňa siz ynanmarsyňyz , sebäbi meniň özümem oňa örän kynlyk bilen ynandym.

Näme üçin ulylaryň sözleri mydama dogry bolup çykýarka?


* * *


Munda hemme gyzlar öwdürmek islär,

Iň gowy goşgylar ýazdyrmak islär,

Ýöne.

Goşga mynasyp däl olaryň bary,

Senem şolaryň biri.


* * *


Durmuş synagy ýetik, synamak nämä gerek ?

Söýýänimi bilýäňä , gynamak nämä gerek ?

Geçen düýş, geljek hyýal, şu gün bilen ýaşaly,

Ýollaryz aýryldy aglamak nämä gerek ?!


* * *


Keýpine ýaşa. Munda ruhlanyp ýaşamak üçin bahanalar gytmy? Muňa mysallar kagyza ýazardan örän kän. Sen nämeden lezzet alýaň ?! Derrew eliňe galam alda nämelerden lezzet alýan bolsaň kagyzyň ýüzüne geçirip başla. Bu eýýäm seniň bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin resminama gol çekdigiň bolar. Hemem durmuşdan lezzet alyp ýaşamak üçin diňe pul gerekmikä?


Lezzet alyp bilseň adaty zatdan,

Şatlan.


* * *


Adamyň puly bolmasa , adamyň guly bolar.


* * *


Guşlar kimin erkin bolsam,

Şygyrlarym şertim bilseň.

Adalatsyz bu dünýäde,

Üýtgeşik däl "Her kim" bolsam.


Bilmeýän bolsam bolardy,

Höwes ýok bilenimden soň.

Eserlermiň gadry bilner,

Ýatlarlar ölenimden soň.



© Gerçeknazar Amannazarow.

30
75