gerceknazar
16.03.2024 19:42

TELEFONPARAZ (HEKAÝA)


Ol çagalygyndan telefony halaýardy, söýýärdi. Onuň kakasy heniz hemmelerde telefon ýok wagty, telefonynyň ilkinji gezek Türkmenistana ýaýran wagtlary, hoz döwülýän "prostoý" telefon alyndy. Ol kakasynyň telefonyny başardygymdan eline alyp oýnajak bolýardy. Sebäbi ol telefonda mario, top, ýylan ýaly gyzykly oýunlar , birnäçe gysgajyk aýdym-sazlar bardy. Kakasy telefony unudyp giden, uklap ýatan wagtlary hem telefony tä zarýady çökýänçä oýnaýardy.

Soňra döwür ösdi . "Prostoý" telefonlar Türkmenistanda hasam köpelip başlady .Indi onuňam özbaşyna prostoý telefony bardy. Emma "Gowsyndan-gowsy bar" diýlişi ýaly , içine çip dyksaň aýdym diňläp , widio görüp, surat alyp, oýun geçirip oýnap bolýan , "knopkaly" telefonlar çykyp başlady. Gahrymanymyzyň bar arzuwy şol "knopkaly" telefondan alynmak boldy. Ol günde daga gidip, kamazlara elde daş ýükläp , gazanan pullaryny jemläp başlady . On gün töweregi işläp gazanan pullaryny üýşürip ahyry "knopkaly" telefona ýetdi. Telefon oýnamak şeýle bir hezildi. Hatda ol uzakly günläp telefon oýnap bilýänlerdendi. Soňra ol gullyga gitdi. Ol gullykda-da telefonsyz oňup bilmeýärdi. Iň bolmanda öýdäkiler bilen gürleşmäge telefon gerekdi. Ol ençeme gezek telefonyny ofiserlere aldyrsa-da eýdip-beýdip , esasanam "dembel" wagtlary telefonsyz bolmaýardy. Gullykdan gelip hem onuň ilkinji aladasy telefon alynmak boldy. Ol gullykdan geleninde döwür durman ösüp ýüzünden basylýan sensir telefonlar köpelipdi. Ol gullykdan gelip derrew işe girip ýüzünden geçirilýän telefon alyndy. Telefon onuň üçin aňrybaş gowy enjamdy. Oýun oýnap , aýdym diňläp, widio görüp , surata düşüp , kitap okap , internete girip ... bolýar. Aý sanasaň sanabermeli-läý , onda hemme zatlaram edip bolýar. Telefon onuň üçin , kähalat oýun zat oýnap biderek zatlara wagtyny gidiräýmese , juda peýdaly zatdy. Indi ol onsuz oňup bilmeýärdi. Her gün azyndan 5-10 gezek internete girip çykýardy.


Bir gün onuň telefony döwüldi. Ençeme ussalara görkezsede , özbaşdak ençeme çäreleri görsede telefony bejerip bilmedi. Ol telefonsyz bir aýlap dagy oňar öýtdi, emma bir hepde-de oňup bilmedi. Ahyry ol üýşürenje pullaryny alyp Tekebazara eňdi. Tekebazarda teke bolup aýlansada arzan bahadan , ýüzünden geçirilýän telefon alnyp bilmedi. Ol Tekebazarda günortana çenli aýlanyp-aýlanyp ahyry armanly öýüne gaýtdy. Öýüne gelip arz-şikaýatyny öýündäkilere beýan etdi. Inisine dözmedimi nämemi onuň agasy öz ulanýan telefonyny arzanrak bahadan , bir aý garaşygyna berdi. Ata-enesi ony öýerjek bolup ser-sepil bolup ýörkäde oňa telefondan başga zat gerek däl ýalydy. Günlerde bir gün ol telefon barada goşgy döretdi.


Pul bolmasa bolman geçsin,

Bolsa bolýar telefonym .

Gyz gelmese gelmän geçsin,

Gelse bolýar telefonym .


Ejem diýýär milýon gezek,

"Şu telefon nämä gerek ?"

Iýmerinem etli börek,

Bolsa bolýar telefonym .


Kakam diýýär "Eý doňýürek!

Seni hem öýermek gerek "

Gyz-pyz bary biderek ,

Bolsa bolýar telefonym .


Agam diýýär içip arak,

"Ýaşa inim,gezme biderek "

Çyndanam küýseýär ýürek,

Bolsa bolýar telefonym .


Genjemä düşünse gerek,

Düşünýärle göýä melek,

Içmese bolýarla arak,

Bolsa bolsun telefony.


Gerçek gaýtalap on gezek,

Goşgular ýazýaň biderek ,

Her adama bir keýp gerek ,

Meniň keýpim-telefonym.


Onuň telefonyň şöhlesine gözüni zaýalasada , onuň garşysynda iki bükülip oýnap oturşyna daşyndan gaharlanyp ejesi we aýaly iňir-iňir iňirdeşýärdiler.

-Munuň bolup oturşyna seretsene

-Goýaý indi şol telefonyňy

-Ýadanagamda gy

-Näme bar şonda şeýle oýnar ýaly ?

-Muňa telefondan aýrylar öýdüp heleýem alyp berdik welin telefondan aýryp bilmedik

-Heleý gerek däl-ä muňa , telefon bolsa bolýar.

Ol şu wagt hem ejesiniň we aýalynyň iňirdilerni diňlemän telefon oýnap otyr.


© Gerçeknazar AMANNAZAROW.


(Gökdepe 28.07.2023)

26
177
namixas
17 Mart 2024
Gaty gowy post👍👍👍
gulshatayewa97
16 Mart 2024
😂😂😂menden bäş beter
Kenno_Tabi
16 Mart 2024
Hemmämiz gowsy telefonymyzy zyňaýallaý, nämä gerek? 🤦🏻‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.