Ýagyş birden güýjäp başlady. Tebigat göýä dälirän ýalydy. Birdenem çagba gelip , harasat gopdy. Gara bulutlar gök ýüzüni garalap ýetişipdi. Ýap-ýaňyja guşlaryň sesine maýyl bolup oturan asudaja obany tozana gaplap , takyr ýapyny görkezmejek bolup gömüpdi. Köwsarlap-köwsarlap öwüsýär şemal, ýagşyň ysyny berýärdi.Ak tolkunlar al asmana ellerini uzadyşyp ýokary galýardy. Doganym bar güýji bilen akymyň garşysyna kürekleýärdi. Men ýaňy gurup başlan torymy aýyrjagymam, gurjagymam bilmedim. Ýöne garaşyp durara salym ýok. Duýdansyz gelen dag ýeli halys maý bermeýärdi. Esasanam akymyň ugry bolan soň gomlar hasam güýçli bolýardy. Hudaý saklasyn, tolkunlar bat bilen gelip pelkanyň içini suwdan dolduryp barýardy. Men aljyrap näme etjegimi, bilmedim. Tory gurmagada, aýyrmagada wagt ýokdy. Men tory taşlap pelkanyň öňüne geçip:
-Han lotkaň suwyny boşalt - diýip gygyrdym.Doganym küregini taşlap , haýdap lotkanyň içindäki suwlary çerpalnik bilen daşyna çykaryp başlady. Suw pelkanyň ýarysyndan ýokaryk geçipdi. Eger ýene biraz eglenen bolsak , onuň içi suwdan dolup , kölüň aşagyna çümüp gitjekdi. Iň esasy Hanam, menem suwda ýüzüp bilmeýärdik.Şol wagt biz hakykatdanam ölümiň kenarynda durdyk.
* * *
Oguldürliniň ýüregi bir zatlar syzýardy. Ol öýüň içinde arkaýyn oturyp bilmedi. Daşary çykdy. Görse ilerden güýçli dag ýeli başlapdyr. Öýüň içinde kän bildirmesede ýel şuwlap, belent baglaryň başyny aşak egdirip olary ýykaýjak-ýykaýjak bolýardy. Köçäň ugry tozanlap , öňüne gelen ýeňil-ýelpaý zatlary öz ugryna göterip alyp barýardy. Oguldürli:
-Obada şular ýaly ýel bar bolsa , köldäkiler näme işleýärkäler ?!-diýip, aladalandy. Onuň göwnüne her dürli gorkunç pikirler gelip başlady . "Olar kölde gark bolan bolaýsalar, ikisem-ä ýüzüp bilenok olaryň.Toba-toba, Allajan özüň goraweri" Oguldürli öýe girip ýanýoldaşyna jaň etdi, ýöne jaňa jogap bolmady . Ol näçe jaň etsede , jaňa jogap bolmaýardy. "Telefonynam alanok bular , eýgelikmikä? Allajan eýgilik bolsunda" Ahyry ol adamsyna sms-ler ýazyp başlady.
-Akylym nirde sen ?
-Obada ýel turýar , aňyrda ýel bolýarmy ?
-Köldemi ýa daşynda otyrsyňyzmy.
* * *
Hanyň azaby ýerine düşdi . Pelkanyň içundäki suw azalyp başlady . Ýöne ýel diňer ýaly däldi. Pelkanyň suwy azalan soň men çalt-çaltdan tory ýygnamaga başladym. Ýene-de pelkanyň içi suwdan dolup başlady . Men toruň sepine gelip:
- Han pyçagy uzat- diýip yzyma gaňryldym. Han derrew gapdalyndaky pyçagy maňa berip aýagaldygyna akymyň garşysyna ýüzýärdi. Men tory sepinden kesdimde:
-Galanyny ertir ýygnarys- diýip tory köle taşlap, bada-bat pelkanyň öňüne geçip, suwyny boşatdym. Hanyňam saňyldap gorkýandygyny hereketlerinden , sözlärinden aňyp bolýardy.
-Galanyny ertir ýygnarysmy?
-Howwa
-Ýelem birden geläýdimi?
-Howwa, ýör çykaly sag-aman.
Ýel gowşaman gaýta güýjeýärdi. Tolkunlar syçrap gelip üsti başymyzy öl-myžžyk edipdi. Ine-de kanal , tolkunlaryň hasam güýjeýän, galýan ýeri. Pelkanyň suwy azalşan soň menem doganymyň ýanyna baryp kürekleşdim. Biz iki bolup yzly-yzyna kürekleşlimize men-ä kürek döwler öýdüp gorkdum.
- Han ýuwaşrakdan kürekläýeli , kürek döwleýmesin - diýip howatyrlandym. Agam :
-Bolýar- diýip badyny azajyk gowşatdy. Soňra men :
- Han akymyň tersine däl-de keseräk kürekleýeli, bir ýerden çyksak bolýar - diýip golaýragmyzdaky kenary peýeledim.
* * *
Oguldürli aladalara gark bolup arkaýyn oturyp bilmedi. Azajygam bolsa özüni köşeşdirmek we ünsüni başga ýana sowmak üçin aşhana girip nahar taýýarlamaga başlady . Ahyrsoňy onuň telefonyna jaň geldi.
-Alo
-Alo akylym , nirde sen?
-Şu wagt kenara geldim
-Çykdyňyzmy sag-aman
-Howwa çykdyk. Entegem çöregimiz bitin eken, Allajan goraýdy, ýogsara...
-Boldy, boldy , yzyny aýtma . Öňelem alada galyp otyryn, ýüregimi hopukdyrýaň...
- Bolýar çykdymlaý ine, bir sagatdan barýan öýe
-Bolýar sag bol , sag-aman gel
-Bolýar sag bol
(Soňy)
Awtory : Gerçeknazar Amannazarow