gerceknazar
17.03.2024 21:05
Manyly goşgular.


Ylahy

Barýan huzurňa günäli,
Ellerim boş,gözüm ýaş.
Taňrym bagyşla günämi,
Bizi otdan eýle daş.

Indir soňsuz rehnetiňden,
Dyndyr gazap mähnetiňden,
Nesip eýle jennetiňden,
Jähennemden eýle daş.

Jemagatda goldaşym Sen,
Ýalňyzlykda ýoldaşym Sen,
Ýürekdeşim syrdaşym Sen,
Syrmy ile etme paş.

Ýüz gara men günäm çoh,
Guwanmana güwäm ýok,
Eýle kalbym, gabrym päk,
Rehmiňden joş,
Ýa Ýoldaş.

* * *

Haçana çenli

Gyl üstinde gezýäris
Haçan taýjak näbelli
Gitjegmizi syzýarys
Galjak haçana çenli?

Geldik bu synag ýere
Kökinden synan ýere
Bu agyr synaglara
Dözjek haçana çenli?

Mekirlige bil baglap
Gezme ýalandan aglap
Ili, öziñi aldap
Gezjek haçana çenli

Bolma gaýyba gurjak,
Bir Haka belli geljek,
Ýazjagyňy ýaz Gerçek,
Ýazjak haçana çenli.

* * *

Duýmadyňmy sen.

Özüňden öň tutdyň gara nebsiňi,
Besdir haram puldan doýmadyňmy sen.
Her gün eşdeniňde azan sesini,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen?

Duýmadyňmy her dem seredip duran,
Aý-Güni ,Ýer şary ýöredip duran,
Ýoklukdan barlygy döredip duran,
Allahyň bardygny duýmadyňmy sen?

Bu goşgy akylly däliler hakda,
Diri gezip ýören ölüler hakda,
Wyždan, iman barmyka ol ýürekde,
Bar bolsa Allahy söýmediňmi sen?!

Senem ahyr gara ýere girersiň,
Allanyň bardygny şonda bilersiň,
Soň dolanyp yza nädip gelersiň,
Wagt barka Allahy söýmediňmi sen ?!

Oýan , Gerçek oýan, gaflatdan oýan,
Oýanda imanňa , diniňe daýan,
Seni ata-eneňden has artyk söýen,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen ?!

Harsydünýälik

"Bismilla" bilen başlaýyn söze ,
Haýyr ýokdur şonsuz başlanan işde .
Gaplaň kimin çala gözümiz açyk ,
Ýaşap ýörüs alasarmyk bir düýşde.

"Bir başym bar müň işim bar durmuşda ",
diýip gara başyň garabaşagaý .
Müň işiň müňsine ýetişjek bolup ,
Aýna seret üýtgäp gidipdir ýüzüň,
Gözüňi gapypdyr harsydünýälik ,
Aýdyň hakykaty görenok göziň.

Hasaba çekdiňmi gara nebsiňi ,
Ölçediňmi amallarňy mizanda ?
Görüplikden açylanok dideler .
Göwnimiz öýkeden gümandan doly.
Imanmyzy ogurladyp şeýtana ,
Sallam-sajak geýim bilen ser-sepil ,
Gezip ýören ýaly däli diwana .
Çarkandakly ýoldan büdräp gelýän,
Kä ýykylyp käte aýaga galýan ,
Ýol ýitiren ýol belede çalymdaş ,
Gezip ýörsiň öz-öziňden göwniň hoş.

* * *

Owarram diýeliň

"Owarram" diýeliň ownukçyllyga
Biz beýik işlerden baş çykarmaly
Gowy günde gullyk edip gowluga
Bozgaklaň işini boş çykarmaly

Owarram diýeliň ownukçyllyga
Ownuk işe ownujaklar ýapyşýar
"Gawun hem gawundan reňk alarmyş"
Ownuklardan ownukçyllyk ýokuşýar

Aldanmalyň her aýdylan alkyşa
Öwgä öwsip göteriler köp kişi
Alkyşlary paýlamalyň perwaýsyz
Gerek ýerde gysganmalyň alkyşy

Ýagşy ýol tut ,şoň ugrunda göreş kän
Ýagşy niýet ýetir bizi gowluga
Beýiklere beýik işler garaşýar
"Owarram"diýeniň ownukçyllyga

* * *

Aratapawut

Diriniň ölüden bir tapawudy,
Diri heniz bu dünýäde ýaşaýar.
Bilinmeýän bolsa ýaşaýanyňam,
Seniň ölilerden näme parhyň bar?

Adamyň haýwandan bir tapawudy,
Adamda akylly beýni ýerleşýär.
Eger şol beýniň hem içi boş bolsa,
Seniň haýwanlardan näme parhyň bar?

Akyllyň akmakdan bir tapawudy,
Akylly öz etjek işini bilýär.
Näme iş edýänňi bilmeýän bolsaň,
Seniň akmaklardan näme parhyň bar?

Akylly üçin dünýe olja hem söýgi,
Akmak üçin dünýe garaňky hem dar.
Gerçek seniň ilden nämäň üýtgeşik,
Hem seniň illerden näme parhyň bar?

* * *

SAKALLY ÝIGIT

Diýýärler "Şu ýaşda sakal gerekmi?"
Imany sap bolan sakally ýigit .
Şerigata ýapyşdyň sen ýürekli,
Her sözi Hak bolan sakally ýigit .

Okap ahunlardan ylym aldyň sen,
Gurhan sürelerni ýatdan bildiň sen,
"Gündiz molla , gije ýolda" bolduň sen,
Ýüregi päk bolan sakally ýigit .

Şeýtanlar başyňa musallat seniň,
Durmuşyň kyn ýene açyk göwüniň,
"Toba-toba" bilen geçsede günüň,
Günäsi köp bolan sakally ýigit.

Namaz wagty bolar gyssagly işiň,
Diýerler "Kösenme , sen heniz ýaşsyň"
Oraza aýynda gün uzyn açsyň,
Özüne bek bolan sakally ýigit.

Owal saýlap aldyň şeýle kysmaty,
Görenler yzyňdan eder gybaty,
Gybatdanam beter atar töhmeti,
Görene gep bolan sakally ýigit.

Bil molla bolmasa ýok namaz okan,
Jynazaň bilinmez, gyýylmaz nikaň,
Indi ýuwaş-ýuwaş azalýarmykan?
Günäden saplanan sakally ýigit .

(05.05.2023)

* * *

Ýogyňa gynanma baryňa guwan

Dünýäni kowalap ýadamadyňmy?
Ýogyňa gynanma, baryňa guwan.
Dünýe birnijäni aldamadymy?
Ýogyňa gynanma ,baryňa guwan.

Aýt kimler gönendi dünýäni alyp?
Patyşa bolsaňam gitmeli ölüp,
Her zadyň,her demiň gadyrny bilip,
Ýogyňa gynanma ,baryňa guwan.

Oýlanma dünýäniň oýnawajyna,
Ynan ,guwan,daýan Taňryň güýjine,
Gaty çöregide iýgin süýjedip,
Ýogyňa gynanma , baryňa guwan .

Ýöräp bilýän düşün, ýöremeýän bar,
Görüp bilýän düşün , garamaýan bar,
Janyň sagmy düşün , ýaramaýan bar,
Ýogyňa gynanma , baryňa guwan .


(15.10.2022)

* * *

Durmuş nowellalary.

Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok,görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok.

* * *

Internetden görüp howaň ýagdaýyn,
"Şu gün howa maýyl bolar" diýdim men .
Ýagyş ýagdy hem Gün çykdy,ýel durdy,
Howa bäş minutda üýtgeýän eken.

* * *

Gözlerime gülüp şat bolup gitdi,
Dostlarym ýürekde ýalynym boldy.
Görüp ýören gyzlam ýat bolup gitdi,
Hiç görmedik gyz hem gelinim boldy.

* * *

Hujuw bilen arzuw edýärdim öňler,
"Taňrym ony maňa duşursa" diýip.
Ýüregimden dileg edýärin indem,
"Taňrym ony maňa duşurma" diýip.

* * *

Ölüm barymyza agyr jemleme,
Nirde,nädip, öljegmizem näbellä.
Ömür çözülmesi agyr deňleme,
Durmuşymyz durşy bilen nowella.

* * *

(17.05.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
21
145
gerceknazar
18 Mart 2024
Köp-köp sag boluň gadyrdanlar goşga beren bahalarňyz üçin minnetdar.
ilmir
18 Mart 2024
Gaty gowy wzdansz adamlar ucin nalynyan adamalar ucin kop insanlar ucin👈
tmyigit76
17 Mart 2024
Goşgular gaty gowy bolupdyr. Imanly adamyň galamyndan çykany bildirýä. Üstünlik 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.