Pul
Lezzetli, ezýetli, minnetli sensiň,
Gapýarsyň gözlerden garagy sen pul.
Kimseler ýaşabam bilmeýär sensiz,
Arzuwy,umydy, ýüregi sen pul.
Seň syryňa düşünemok heniz men,
Kimler üçin ýigrenji sen, ejiz sen,
Kimler üçin ýoldaşyndan eziz sen,
Baladan, bar zatdan geregi sen pul.
Kimseleriň daýanjy sen, diregi,
Kimseleriň namazdan soň dilegi,
Garyplara bermeseňde çöregi,
Tapýarsyň baýlara aragy sen pul.
"Pul" diýip diňmeýär enäň nalasy,
"Pul" diýip gidýändir gyzlaň namysy,
"Pul" diýip gyrylýar ynsan balasy,
Aldyrýaň ellere ýaragy sen pul.
Besdir mundan artyk ýazyp biljek däl,
Mundan artyk kalbym ezip biljek däl ,
Sen barada ýazýan diňe Gerçek däl,
Köpleriň dessany,dilegi sen pul.
Gerçeknazar Amannazarow