awesome
20.09.2022 00:37
M.GORKINIŇ GÜNDELIGINDÄKI "IKI PIKIR" HAKDAKY ÝATLAMA
“Dünýäde iki sany pikir ýaşaýar: olaryň biri ýaşaýyşyň syrlarynyň garaňkasyna batyrgaý seredip, şol syrlary bilmäge jan edýär, beýlekisi syrlary düşündirip bolmaz diýip ykrar edýär we şol syrlardan gorkusyna olary hudaýa dönderýär.
Pikirleriň biri üçin – akyl ýetirip bolmajak zat ýok, diňe heniz akyl ýetirilmedik zat bar, beýlekisi – dünýä hiç wagt akyl ýetirip bolmaz diýip ynanýar.
Birinji pikir durmuş hadysalarynyň bulam-bujarlygynyň içi bilen ýöräp, özüniň kyn ýolundaky hemme zada gorkusyz galtaşyp barýar we özüniň gaýraty bilen hemme zady janlandyrýar, hatda dilsiz daşlary-da ýaşaýşyň başlangyjy hakyndaky owadan gürrüň bermäge mejbur edýär; ikinji pikir – gorkak suratda bir tarapdan başga tarapa urnup, öz durmuşynyň delile getirilmesini tapmaga şowsuz synanyşýar.
- Men ýaşaýarmykam? – diýip, ol pikir öz-özünden soraýar, birinji pikir bolsa:
- Men – hereket edýärin! – diýip aýdýar.
Birinji pikir köp wagtlarda özüni öz güýjüne şübhelenmeleriň azabyna sezewar edýär, emma şübhelenmäniň sowuklygy ony diňe sagaldýar we ol pikir öňküsinden-de güýçlenip, durmuşyň maksadyny ýene-de işde görýär; ikinji pikir – hemişe özünden gorkuda ýaşaýar, oňa özünden başga-da bir ýokary zat – özi bilen kysymdaş başlangyç, emma – duşmançylykly we öz barlygynyň syryny haýbatly suratda gorap saklaýan başlangyç bar ýaly bolup görünýär.
Birinji pikiriň maksady – bir hakykatdan soňraky hakykata tarap we hemme zadyň içi bilen ýöräp, iň soňky hakykata tarap, şol hakykat nähili bolsa-da, şoňa tarap dyngysyz hereket etmekdir; ikinji pikiriň maksady – ebedi hereket, ebedi yranmalar dünýäsinde jansyz nokady tapmakdyr we şol nokadyň üstünde dil ýetirilmez dogmaty pugtalanmakdyr, barlaýjylyk we tankytlaýjylyk ruhuny ygtykatçylygyň demir zynjyrlary bilen zynjyrlamakdyr.
Pikirleriň biri, öz güýjüne merdana ynanyp, parasatlygy söýýänligi sebäpli filosoflyk edýär; beýleki pikir gorkyny ýeňmek umydy bilen, gorkusyndan pikirlenişýär.
Bu pikirleriň ikisi-de azatdyr, biri her bir gujur kimin azatdyr, beýlekisi – eýesiz it kimin azatdyr, ol aňyrsynda ýylylyk, ynjalyk we aňsatja rahatlyk bar bolan her bir gapynyň öňünde çyňsaýar.
Hemme zatdan köp wagtlarda bu ikinji pikir ybadathanalaryň bosagalarynda bagryny ýere berip, özüniň gorkusy zerarly dörän güýçden özüne ünsüň bagyş edilmegini diläp ýalbarýar.
Çüýräp, ýeri... mistikanyň awulary bilen zäherleýän hem şol pikirdir, birinji pikir bolsa öz ýolunda sungatyň we ylmyň nygmatlary bilen dünýäni bezeýär”*

* M.Gorkiý, Eserler ýygyndysy, 14-nji tom, 1951, 207-208-nji sah.
19
104
awesome
18.09.2022 10:49
Kim güýçli (Koreý hekaýaty)

Ir döwürler bir derejeli kişi ýaşapdyr. Ol ertekidir hekaýat diňlemegi gowy görýär eken. bir gezek onuňka myhman köki ýygnanyp, gyzykly ertekidir hekaýatlar aýdyşypdyrlar. Öý eýesi diňläpdir-diňläpdirde sowal beripdir.
- Ýalançyda iň güýçli zat nämekä?
Myhmanlaryň biri dillenipdir:
- Gaplaňdan güýçli jandar ýok.
Ikinjisi üstüni ýetiripdir:
- Arwah-jyn bolaýmasa.
Üçinji biri bolsa diýen:
- Gögüň gümmürdisem-ä ýeri sarsdyrýar.
Şu ýerde epeý pyýada gürrüňe goşulypdyr:
- Belki, olar güýçlüdirem, ýöne menä olardan birjigem heder edemok.
- Ýeriň ýüzünde zenandan hökmi zor tapylmasa gerek-diýip, ýene biri pikirini aýdypdyr.
Öý eýesi geňirgenip diýen ýaly sorapdyr.
- Ýeri, muny näme bilen delillendirip biljek?!
- Üýtgeşik delili ýok muň. Adamzat kowmy ýaradylan gününden tä şu döwre çenli ýönekeý daýhandan ýeňilmezek generala çenli erkek göbeklileriň ählisi aýallaryň öňünde baş egip gelipdir. Zenanlar bize gyzka-gözellik, gelinkä-perzent, garrylyga ýetende bolsa-ene mährini bagyş edýärler.

Taýýarlan: Agageldi Italmazow..
25
151
awesome
14.09.2022 15:29
Biziň her birimizi edebiýata alyp gelýän ýol-ýodalar bar. Galama ýapyşmaga mejbur edýän güýçli itergi dürli-dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan bolara çemeli. Döwrüň aýgytly öwrümleri, şahsy ykbalyň garaşylmadyk pursatlary - bular ýürek bilen aňa täsir edýän ýagdaýlardyr. Bular adamyň içki dünýäsine dura-bara aralaşyp, şol dünýäni heýjana salyp başlaýar. Ruh diýilýän bu täsin dünýäni diňe çeper kitaplar bilen şüwlümli konsertler däl-de, çekilen jepalar bilen ýowuz tejribelerem baýlaşdyrýar.
* * *
Poeziýa durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alyp bilýän žanrmyka diýip käte pikir edýärsiň. Köpe ýetjek bolmak onuň bitewiligine zeper ýetirýän bolaýmasyn diýip oýlanýarsyň. Şonda Maýakowskiý ýadyňa düşýär. Ol köçe hereketi barada-da ýazypdy ahyry. "Ownuk tema ýok, ownuk şahyrlar bar" diýilýäni çyn bolara çemli. Uly meselä ýanaşyp, biderek zat ýazmakdan erbedi ýok.
* * *
-Bu toprak beýik-beýik şahyrlaryň ylhamdary bolupdy. Bu toprakda bize-de tolgunmaga, guwanmaga, gynanmaga zat kän. Çyn poeziýa bolsa diňe şu düýpli duýgularyň barlygyndan döräp biler.
"Ylhamdarym – ene toprak" atly makaladan.
* * *
Goşgy goşup bilýän adamlaryň kändigi bizi haýran galdyranok. Sebäbi, halkyň çeperçilik derejesi ýokary. Durmuşyň medeni tarapynyň baýlaşmagy, çeper höwesjeňligiň ösmegi — bular döwrüň alamaty. Beýle ýagdaýda galama ýapyşýanlaryň köpdügi tebigydyr. Goşgy goşmak üçin ýaş ýüregiň byjyklamasy ýetik. Emma halkyň hem-de zamananyň poeziýasynyň ösüşine şärik bolmak üçin diňe "goşgy goşmak" ýeterlik däl.
* * *
-Hawa, megerem dünýäde aýdylmadyk söz, gaýtalanmadyk pikir azdyr. Emma ajaýyp şahyr täze bolmadyk pikire özüniň inçe duýgularyny goşýar-da, il-güne ýüzlenýär welin, hemme zat täzeçe ýaňlanýar.
"Poeziýada ahlak meselesi" atly makaladan.
* * *
-Wagt diýen bir zat bar. Wagty öňe sürýän Durmuş diýenem bir zat bar. Biziň hemmämiz şol Durmuşyň içinde ýaşaýarys. ŞAHYR diýen uly sözüň aňyrsynda şu durmuşyň ortalygyndan sykylyklap gelýän adam däl-de, onuň sakasyna eserdeňlik bilen syn edip duran adam görünýär. Şol sakany synlaýan şahyryň gözi, oýy, pikiri Durmuşyň ahlak tarapyna dikilmelidir.
* * *
-Poeziýa bilen durmuşyň aňrybaş derejede baglanyşyklydygyny, poeziýanyň hiç haçan halk durmuşyndan ýolnup, başga bir tarapa gitmändigini, gidibem bilmejekdigini hemmämiz ykrar etmelidiris.
* * *
-Goý, edebiýaty öwrenijiler poeziýany toparlara bölseler bölübersinler, biziň welin poeziýa diýlen mukaddes zady ownutmaga hakymyz ýok.
* * *
-Biz edebi däplerden döredijilikli peýdalanmalydyrys. Klassyk şahyrlaryň öňüne geçilmedik ussatlygy, çeperçiligi bilen belent adamkärçiligi biziň üçin nusga bolupdy we bolmalydyr.
"Goşgy barada pähimler" atly makaladan.
* * *
-Poeziýa-da göreşýär. Ol Gündogaryň gadymy poeziýasynyň dar çäklerini böwsüp çykýar. Täze forma, täze stil, täze söz peýda bolýar. Şahyrana filosofiýa peýda bolýar...
B.Hudaýnazarow.
"Edebi däp, döwrüň ruhy, döwrüň sesi" atly makaladan.
* * *
-Geliň, eneleriň hüwdüsi hakynda bir azajyk pikir edip göreliň. Tiz gaýtalanýan hem-de şeýle yhlas bilen aýdylýan "hüwwa, hüw-wa, hüw-w" aslynda nämäni aňladýarka? Näme üçin çagany şu söz uka meýillendirýär? Türkmen dilinde "hüwwa" diýen söz barmy beri? Muny kim oýlap tapypdyr?..
"Şahyryň şahyrana dünýäsi" atly makaladan.
* * *
-Gynansak-da, daşymyzy gurşap alan gözelligi - tebigatyň täsinligini duýmak ukyby hemme kişä berilmändir. Şopeniň sazyna ýa-da Magtymgulynyň setirleriniň manysyna-da hemmeler düşünip bilenok. Çyn poeziýany döretmek üçin gaýnagly talant, başgaça aýdylanda, tebigy ukyp gerek...
"Orta ýoldaky oýlanmalar" atly makaladan.
* * *
- Durmuşda söz diýilýän zada juda uly orun berlipdir. Seniň gep urşuňdan agrasdygyňy ýa-da ýeňlesdigiňi, akyllydygyňy ýa-da akmakdygyňy bilýärler. Seniň gepleýşiňden seniň medeniýetiňi ölçeýärler.

"Ýaş poeziýamyzyň öwüşginleri" atly makaladan.
Berdinazar Hudaÿnazarow.
18
81
awesome
13.09.2022 20:03
GI DE MOPASSAN (1850-1893)

“Heý adamy durmuş hakykaty ýaly tolgundyrýan başga zat barmy?” diýip aýdan Gi de Mopassan diñe bir fransuz edebiýatynda däl eýsem dünýä edebiýatynda öz ajaýyp hekaýalary we romanlary bilen görnikli orun eýeleýar.
Mopassanyň öndümli işlän 1880-nji ýyllarda fransuz edebiýatynda naturalizm akymy meşhur bolsa-da ýazyjy öz döredijiliginde Balzak, Flober ýaly realizmiň görnükli wekilleriniň däplerini dowam etdirýär.
Mopassan 1850-nji ýylyň 5-nji awgustynda Fransiýanyň Normandiýa diýen welaýatynda eneden dogulýar. Ol köşk gatlagyna degişli, dworýan maşgalasyndan bolup, onuň kakasy Gýustaw de Mopassan Parižde biržada dellal-makler bolup işleýän eken. Ejesi örän bilimli, ýöne nerw keselli, gyňyr häsiýetli aýal bolupdyr. Mopassan başlangyç we orta bilim alyp, soňra Kan şäherinde hukuk fakultetine okuwa girýär, ýöne ony gutaryp ýetişmänke 1870-nji ýylda fransuz-german uruşy başlanýar. Mopassan harby gulluga çagyrylýar we soňra fransuz goşuny ýeňilip yza çekilende Mopassanyň özi hem tas ýesir düşen eken.
Şeýlelik bilen, uruşdan soň Mopassan ilki deňiz ministriligine, sonra magaryf ministrliginde işläpdir. Mopassanyň durmuşynda edebiýat we sungat aýratyn orun tutupdyr. Olaryň gelim-gidimli öýune hudožnikler, ýazyjylar köp gelýän eken.
Mopassan öz döredijiliginde beýan edýän wakalaryny, eserleriniň keşplerini öz töwereginde bolup geçýan hadysalardan, durmuşyň akymyndan synçylyk bilen saýlapdyr. Ol aýratynam Sena derýasynda gaýykda ýüzmäni gezelenç etmäni gowy görýän eken, ol şonda öz töweregindäki gören, eşinden zatlaryny öz eserlerinde beýan edipdir.
Ir döredijilik bilen meşgullanyp başlan Mopassan köp wagtlap olary öz talapgär mugallymy Floberiň maslahat bermegi bilen çap etmändir.
Mopassanyň ilkinji "Tokgaja“ atly hekaýasy 1875-nji ýylda neşir edilipdir. Ony ilkinji okap gören Gýüstaw Flober “Bu hakyky ussat ýazylan eser" diýip oňa ýokary baha beripdir.
Bu hekaýanyň wakalary uruş döwründe bolup geçýär. Harby goşun ruhdan düşup öz watanyny duşmanyň eline berip yza çekilýär.
Şeýle ýagdaýda Mopassan göräýmäge bir ýönekeý wakany, ýagny 10 sany ýolagçynyň Ruan şäherinden Gawra gidişini görkezýär. Ol ýolagçylar iki at goşulan üsti basyrylan paýtun-araba münüp gidýärler. Bu ýolagçylar basybalyjy nemeslerden gaçyp gitmeýärler. Olaryň diňe söwda-satyk, işewür maksatlary bar. Olar başga şähere gitmek üçin rugsat hatyny hem tanyş nemes ofiserleriniň üsti bilen alýarlar.
Ýazyjy şol paýtunda gidip barýan on sany ýolagçynyň, her birine doly hasiýetnama berýär, olaryň hemmesi şäheriň "hormatlanýan“ adamlary, emma olaryň arasynda “hormatlanmaýan" gatlakdan bolan bir “Tokgaja" adyny alan “özini ýeňil alyp barýan" topardan bolan bir aýal bar. Ol aýal tötänleýin bu baý, “hormatly" adamlaryň arasyna düşse-de hekaýada ol we beýleki ýolagçylar öz aralarynda berk baglanyşykly ýagdaýa uçraýarlar. Olar ýoly bile geçmeli bolýarlar. Ýazyjy kiçijik detallaryň üsti bilen, kinaýaly äheňde bu baý ýolagçylaryň ýalan“watançylygyny“ olaryň wepasyzlygyny, ikiýüzliligini paş edýär. Emma “hormatlanmaýan" gatlaga degişli Tokgaja atly aýal ahlak wyždan we watançylyk tarapdan öz ýolagçy ýoldaşlaryndan has ýokary derejede durýar.
Mopassanyň hekaýalarynda buržuaz jamgyyetiniň pula, baýlyga kowalaşyp, adamkärçiligiň unudylýandygy ussatlyk bilen görkezilýär. Bu hekaýalar möçberi boýunça uly bolmasa-da, çuň mazmuna eýedir. Şeýle hekaýalaryň biri bolan “Meniň Žýul daýym" atly eserinde baý maşgalanyň agzalary gezelençde öz garyp duşen garyndaşlaryny “tanamaýyşlary" çaganyň nukdaý nazaryndan onuň-gürrüňi bilen berilýär.
Mopassanyň "Simonyň kakasy“ atly nowellada demirçi ussa Filipp Simon diýen nikasyz doglan oglanjyga beýleki çagalaryň masgaralap azar berýändigini görüp, ol oglany goramak üçin,oba adamlaryň näme diýjegine seretmän Simonyň ejesine öýlenýär.
Mopassanyň esasy öndümli döredijilik ýyllary bary-ýogy on ýyl çemesi bolsa-da ol ençeme hekaýalar toplumyny we bir näçe romanlary ýazýar.
Mopassanyň “Durmuş" (1883) atly romany bir päk ýürekli Žanna atly bir gyzyň durmuş ýoluny beýan edýär. Žanna ilki buthanada terbiýe alýar. Ol mekdebi gutaryp öýlerine gelensoň Žýulýen de Lamar atly baý adama durmuşa çykýar. Emma ol adam Žannany aldaýar, diňe öz egoistik aladalary bilen ýaşaýar. Žanna durmuşyň dürli kynçylyklaryna duçar bolup, ruhdan düşüp lapykeç bolýar. Emma onyň Rozali atly hyzmatkäri oňa kömek edip, ony doly garyp düşmekden halas edýär.
Mopassan “Eziz dost" (1885) “Ölüm ýaly güýçli" (1889) “Biziň ýüregimiz”, “Pýer we Žan" (1887) ýaly romanlary fransuz jemgyýetiniň durmuşynyň maşgala, söygi, adamlaryň ahlaksyzlygy ýaly temalaryň hem-de olaryň pul, wezipe üçin wyždanyny satyşyny görkezýär.

• "Eziz dost“ ("Bel Ami“, 1885) romany

Mopassan bu romanynda päk ýurekli adamlary aldap, olaryň durmuşyna ýamanlyk, azgynçylyk getirýan adamyň keşbini suratlandyrýar. Bu eser sosial tankydy häsiýetli roman bolup, onda ýönekeý hiç bir aýratyn zehini bolmadyk, diňe özi barada pikir edip, beýleki adamlary rehimsizlik bilen öz bähbidi üçin ulanýan Žorž Dýurua barada gürrüň berilýar.
Dýurua gelip çykyşy boýunça obada,daýhan maşgalasynda önüp-ösüp, ulalan adam, Afrikada fransuz goşunynyň hatarynda gulluk edýar. Harby gullukdan boşap Pariže gelende jübüsinde şäherde ýaşar ýaly puly galmaýar. Ol öz galanja pullaryny hasaplap: "Şu gün ýigrimi sekizinji iýun; aýyň birine çenli özüniň on frank kyrk santim puly galýar. Bu bolsa iki gezek günortanlyk nahar, hiç hili ertirlik nahar edinmeli däldigini, ýa-da iki gezek ertirlik edinip, günortan hiç zat iýmelli däldigini aňladýar" diýip, içini gepledip köpügini sanaýan Dýurua iş gözlejek, gazanç etjek bolup alada etmeýär. Tersine, duşundan geçip barýan, özüni ýeňles alyp barýan aýllary synlap, olara hyrydar göz bilen seredýär.
Onuň Afrikada gullukda geçiren iki ýyly ýadyna düşýar. Ol araplary kör-köpuksiz goýup talaýşy ýadyna düşýar. Ol uled-alan diýen taýpadan bolan üç sany araby öldürip "ýigrimi towuk, iki goýun, gyzyl, ondan başga-da olara ýarym ýyllap gülere zat bolandygyny" ýatlaýar.
Emma Parižde beýle zatlary edip bolmaýandygyny Dýurua ahmyr bilen boýun alýar.
Tötänleýin Forestýe atly bir wagtky köne dostuna duş gelip, onuň teklibine eýerip, žurnalist bolup gazete işe ýerleşýär, emma Dýurua gazede makala ýazmakdan başy çykyşmaýar. Oňa Forestýaniň aýaly Madlena makala ýazmaga kömek edýar.
Emma şol bir wagtda Dýurua wagtyny ýititrmeýär. Ol Madlenanyň ýanyna "iň gowy we iň ýakyn dosty“ graf de Wodrek diýen çal saçly, baý adamyň gelýandigi görüp, ol Madlenanyň jorasy hanym de Marel bilen tanyşýar.Hanym de Mareliň äri Demirgazyk demir ýolunda barlagçy bolup işleýär. Ol her aýda bir hepde öýunde bolýar. Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, Dýurua hanym de Mareliň ýygy-ýygydan öýune barýar. Hanym de Mareliň Lorina atly kiçijik gyzy Dýuruany gowy görüp ejesi ýaly oňa "Eziz dost“ diýip ýüzlenýär. Soňabaka Dýuruany tanaýan zenanlar руь oňa şol lakam bilen ýüzlenýärler.
Dýuruanyň we hanym de Mareliň duşusyklary ýygylaşýar.Hanym Klotilda de Marel hiç hili päsgelçiliksiz Dýurua bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durmak üçin ýörite kireýne iki otagly jaý tutýar. Onuň kireý puluny-da özi töleýär. Olar restoranlara bile barýarlar. Ýöne bar harajatlary Dýurua hanym Klotieda de Mareliň gapjygyndan töleýär.
Dýurua dosty Forestýeniň aýaly Madlenany hem ýatdan çykarmaýar. Madlena öňa wagtal-wagtal kömek edýar. Hanym de Mareliň Madlena barada: "Kim durmuşda üstünlik gazanjak bolsa ol hakyky hazyna" diýen sözlerini berk ýatda saklap Dýurua Madlena bilen aragatnaşyk saklap, onuň äri aradan çykansoň azajyk wagtdan soň olar nikalaşýarlar. Dýurua özüniň adyny ikä bölüp özüne "Dýu Rua de Kantel“ diýen dworýan adyny alýar.
Dýurua öýlenenden soň hem onuň beýleki zenanlar bilen söýgi gatnaşyklary dowam edýar. Žorž Dýurua hanym Wirginiýa Walter bilen hem arany sazlaýar, sebäbi oňa ýokary gatlaga aralaşmak gerek. Hanym Waltertä tabyda gitýänçem seniňki" diýip Dýuruany söýýär,emma Žorž Dýurua ondan sowaşyp,onuň gyzy Sýuzanna bilen ysnyşýar. Soňra hanym Walterden ýüz öwrüp, aýalyny-da taşlap baý finansist, işewür "Fransuz durmuşy“ gazetiniň başlygy, neşir edijisi jenap Walteriň gyzy Sýuzanna Waltere öýlenýar.
Romanda Mopassan Žorž Dýuruanyň azgyn, ahlaksyz adamdygyny dürli ýagdaýlarda açyp görkezýar. Ol hiç kime wepaly däl. Onuň üçin hiç hili mukaddes zat ýok, ol ähli adamlary diňe öz şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin ulanýar, ol barypýatan egoist.
Tutuş romanda Mopassan adamlaryň öz söýgi islegleri, instinktleri bilen ýaşaýan-dyklaryny görkezýar. Gahrymanlaryň ruhy dünýasi garyp, olar belent maksatlar, ideýalar üçin göreşmeýarler.
Hanym de Marel, Madlena aslynda örän zehinli, ukyply, adamkärçilikli aýallar, ýöne olar maddy bähbitler esasynda baglaşylan nikanyň ýesiri bolup, şol maşgalanyň şatlyksyz durmuşyndan gaçyp, gapdaldan söýgi gözleýarler. Žorž Dýurua bu ýagdaýdan ussatlyk bilen peýdalanyp olaryň hasabyna ýaşaýar, wezipe, hökümet sylaglaryny alýar, ýokary baý gatlaga aralaşýar. Öz baran ýerinde azgynçylygy, ahlaksyzlygy döredýar.
Ýazyjy söwda-satyk, pula, wezipä kowalasýan buržuaz jemgyýetinde ýönekeý, hakyky adamkärçilik gatnaşyklarynyň bozulmagynyň adamlaryň durmuşynda ruhy boşlugy döredýandigini we olaryň haýwan instinktlerini oýarýandygyny görkezýar.
Gi de Mopassan 43 ýaşynda, agyr, psihiki taýdan keselläp 1893-nji ýylyň 6-njy iýulynda keselhanada aradan çykýar.
16
129
awesome
13.09.2022 15:33
KOFE IÇIP BILMEÝÄN BOLSAÑYZ...

Ähli dünýä ýurtlarynda edil çaý ýaly, ýörgünlilik bilen içilýän kofe barada jedelli pikirler köp. Bu içginiň peýdalydygyny aýdýan lukmanlar öz pikirini onuň keýpiňi göterýändigi, ruhubelentlik, şähdaçyklyk duýgularyny döredýändigi, energiýa berip, bedeni kuwwatlandyrýandygy, ýadawlygy aýyrýandygy bilen delillendirýärler. Kofäniň zyýanlydygyny tekrarlaýan hünärmenleriň pikiriçe, ol kellagyrynyň ýüze çykmagyna, ukynyň bozulmagyna, ýüregiň çalt urmagyna, bedeniň agralmagyna getirýär. Eýsem, ýakymly ysly, üýtgeşik tagamly bu içgi adamyň saglygyna nähili täsir edýär?

Kofäniň bedene gapma-­garşylykly täsiri onuň üýtgeşik düzümi bilen düşündirilýär. Düzümindäki kofein gipertenziw häsiýete eýe bolup, gan damarlaryny daraldýan bolsa, teobromin, teofllin we PP witamini tersine, damarlary giňeldýär, arterial gan basyşynyň peselmegine itergi berýär. Uky-oýalyk hadysasyny sazlaşdyrýan hem­de nerw ulgamynyň işini bökdäp, ukuçyllyk ýagdaýyny döredýän adenozine özüniň reseptorlary bilen birleşmäge hem­de adamda uklamaga meýliň döremegine päsgel berýär. Şonuň üçin, kofe içilenden soň 15 minut geçmänkä ýadawlyk, gowşaklyk alamatlary aýrylýar, pikirler durlanýar, puls ýygylaş­ ýar, iýmit siňdiriş agzalary işjeňleşýär, aşgazan şiresi bölünip çykýar we işdä ýokarlanýar, maddalaryň alyş-çalşy çaltlaşyp, zäherli galyndylar en­damdan daşary çykarylýar.
Ganda kofeiniň derejesi azalyp ugranda damarlary giňeldiji maddalar herekete gelýär. Olaryň täsiri bilen arterial gan basyşy kadadakydan hem peselýär. Netijede beden gowşaýar, ýüregiň işi haýallaşýar, puls seýrekleşýär. Bedeni täzeden işjeňleşdirmek üçin ýene-de kofe içmeli bolýar. Şeýlelikde, bu içgini ulanmaga endik döreýär. Köp mukdarda yzygiderli ulanylanda bolsa, ýüregiň we nerw ulgamynyň işi, gormonal deňagramlylyk (balans), uky bozulýar, gu­laklarda we kellede şaňňyldy döreýär, beden suwsuzlanýar, endama siňmän daşary çykarylýandygy üçin, kalsiý elementiniň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Adamy gereginden artyk iýmäge mejbur edýän grelin bölünip çykýar.
Şeýle sebäplere görä, kofäni her gün 2 stakandan köp içmek maslahat berilmeýär. Bu içgini irden içmegiň peýdalydygyny ýeri gelende bellemeli. Adam bedeninde irden oňat dynç alyp turandan soň, içilen kofäniň täsiri uzak wagtlap saklanýar. Hatda kofein bedenden doly çykarylandan soň hem adenoziniň reseptorlarynyň hereketi 5-6 sagatlap bökdelýär.
Günüň dowamynda bedeni, ylaýta­da nerw ulgamyny işjeň ýagdaýda saklamak üçin kofäniň deregine beýleki içgileri, meselem, kakao, çaý ýa-da onuň tebigy energiýanyň egsilmez çeşmesi bolan hoşboýlyklar: myhak (gwozdika), muskat hozy, dalçyn (korisa), zenjebil (imbir); ter we kakadylan ir-iýmişdir miweler: klýukwa, bulduragan (malina), garagat (smorodina), limon, greýpfrut, apelsin, mandarin, gök alma, nar; çopantelpegiň, seldereýiň baldagy, bal, oblepiha goşulyp taýýarlanan garyndylaryny (çaý kokteýli), hindi masaly, karkade ösümlikleriniň çaýyny içmek peýdalydyr. Aşgazan-içege näsazlyklary ýüze çykarylan adamlar bu içgileri hem lukman bilen maslahatlaşmazdan köp içmeli däldir.
Kofäniň ornuny tutýan içgileriň arasynda onuň peýdaly täsirine eýe bolan, ýöne ýürege, nerw ulgamyna agram salmaýan ter we kakadylan ir-iýmişdir miweler, çopantelpegiň, seldereýiň baldagy, karkade ösümliginden taýýarlanan demlemelerden gowusy ýokdur. Taýýarlanan demlemeler günüň dowamynda bedeni gurplandyrmakda, keýpiňi ýokarlandyrmakda kofe bilen bäsleşýän içgi hökmünde ulanmak mümkindir. Kofe dänejiklerinden tapawutlylykda olaryň düzüminde kofein ýokdur. Şuňa görä gipertoniýa we beýleki ýürek-damar keselleri, aşgazan-içege ýollarynyň näsazlyklary bar bolan näsaglar olary arkaýyn içip bilýändir. Aslynda, bu içgiler başga-da köp keselleriň bejergisiniň täsirini artdyrýar, olaryň öňüni almaga ýardam edýär. Olaryň düzüminde ýüregi sagdyn saklamak üçin zerur gerek bolan kaliý we magniý köpdür. Damarlary giňeldýän, olaryň diwarjyklaryny berkidýän, gany suwaldýan, ganda «erbet» holesteriniň, aterosklerozyň döremek howpuny ýokarlandyrýan trigliseridleriň derejesini peseldýän, arterial gan basyşyny kadalaşdyrýan gipertoniýadan, tahikardiýadan (ýüregiň çalt urmagy), ýüregiň işemiýa keselinden, aterosklerozdan ejir çekýän syrkawlar üçin peýdalydyr.

Bahar HANMEDOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň barlaghana bölüminiň lukmany.
18
229
awesome
07.09.2022 00:19
TÜRKMENÇILIK HAKDA OÝLANMALAR

"Türkmençilik" diýen sözde türkmeniñ däp-dessurlary, pähim-paýhasy, edep-ekramy, edim-gylymy, gylyk-häsiýeti, filosofiýasy, ýol-ýörelgesi jemlenýär. Türkmençilik diýmek türkmeniñ asyrlar boýy kemala gelen ýaşaýyş-durmuş obrazydyr. Ol yslam dini kabul edilenden soñra kemala gelýär. Yslam dini türkmenleriñ kalbyna, oniko süññüne ornaşandan soñ, namaza duran wagtlary mañlaýyndan ajal oky gezelse-de, namazyny bozmandyrlar. Beýle diýildigi türkmençilikde namazy bozmak bolmaýar diýildigidir.
Otuzynjy ýyllaryñ ikinji ýarymynda ilat ýazuwy geçirildi. Şonda ýazuwçylaryñ iljinji soragy: "Isaýymyñ, musaýymyñ" diýip sorardylar. Adamlar: "Muhammet Mustapaýy" diýip jogap bererdiler. Soñra adyny, atasynyñ adyny, doglan ýylyny, aýyny, ýerini ýazardylar. Soñra isaýy ýa-da musaýy diýmediklere azar ýamanyny bererdiler. Şol ýyllardan başlap türkmençiligiñ garşysyna ýöredilýän ideologiýa güýjäp başlady. Türkmençilikde hiç hili zyýanly zat ýok. Muña garamazdan, çeper edebiýatyñ käbirlerinde, metbugatda däp-dessura eýerilmegiñ, "türkmençiligiñ" zyýany barada toslama makalalar az ýazylmady.
"Türkmençilikde" sadalyk, sabyrlylyk, agzybirlik ündelýär. Mysal üçin şäherde, golaý-goltumda ýa-da bir obada gapa ýas düşegi ýazylsa, kimdir biri bolsa ogul öýerip, gyz çykaryp toý tutsa, muña türkmençilige gelişmeýän zat diýilýär. Hata bolanyñ kyrky geçýänçä toý etjek ýer garaşmaly bolýar. Kyrky geçenden soñ ýaşulynyñ baştutanlygynda ýas ýerinden rugsat alyp, toý dabarasy tutulýar.
Aradan ýogalan adam ýerlenende içki öýi ussat adamlar gazýarlar. Içki öý gadymdan gelýän ölçeg boýunça gazylýar. Içki gabryñ içinde aýbogdaşyny gurup oturan adamyñ depesi ýokary diwara degmeli däldir. Beýle edilmeginiñ sebäbi amanadyny tabşyran adamyñ ruhundan hasabat soralanda, dikine galýarmyş diýen düşünje türkmençilikde gadymy döwürden bäri aýdylyp, biziñ döwrümize gelip ýetipdir. Içki öýi gazana zähmet haky berilýär. Eger zähmet haky berilmese, hata bolanyñ baky öýi amanat hasap edilýär diýlip aýdylýar. Kähalatda zähmet hakyny almajak bolýarlar. Olar: "Biz el-aýagymyzyñ haýry üçin işledik" diýýärler. Beýle etmeklik türkmençilikde dogry hasap edilmeýär. Berlen haky almaly. Soñ ýetim-ýesirlere berseñ, ýerine düşýär hem-de haýyr-sahawat gazanylýar.
Merhumyñ jaýlanan güni janly soýup, sadaka berilýär. Şol gün ýogalan bendäniñ belli güni hasaplanýar. Soñ her ýyl bellenip durulýar. Ýurduny başgalan bendäniñ üçi, ýedisi, kyrky, ýyly güni sadaka berlip, Kuran çykylýar.
Ynsan hata bolanda, ýüreginiñ urmasy togtasa-da, damarda gan aýlanyş çalaja hereket edýär. Üçünji gün togtaýar. Bu prosesiñ sag-aman geçişini ýatlap, üçi güni sadaka berilýär.
Ýedisine saç, sakalyñ ösüşi togtaýar. Kyrkyna et-gany gaçýar, ýüzüne adamyñ syýagy bozulyp ugraýar. Şol günler belli günler hasaplanýar. Häzir-de şeýleräk dowam edýär. Il arasynda merhumyñ bäşi güni (aýy, ýüzi we ş.m) hem sadaka berýänler bar. Barjamlylar üçin zyýanly däl-de, peýdaly boljakdygy belli zat. Tapýanlar üçin merhumy ýatlap, Hudaý ýoluna köpräk sadaka berseler, oña ýetesi zat ýok. Ýöne tapmaýan garyp-gasarlar üçin kynyrak bolýar. Şoña görä türkmeniñ gadymdan gelýän däp-dessurlary üýtgedilmese ýagşy boljak.
Türkmençilikde ýene bir zady ýatlamaly bolýarys. Ol-da "ys güni". Anna güni içeri-daşary arassalanyp, ýagy ýakyp, ys çykaryp, çörek bişirilip, aýat-töwir etmekdir. Anna güni merhumyñ ruhy gapa tamakin bolup gelermiş. Daşary, içeri arassa bolup, ys-kok edilse, ötenleriñ ruhy şat bolup gidermiş. Şeýle edilmese, ötenleriñ ruhy lapykeç bolup gidermiş diýerdiler köneler. Merhumyñ üçüni, ýedisini, kyrkyny, ýylynu bellemek hökmany däl diýip wagyz edýän mollalar-da tapylman duranok. Şeýle mollalar Gyzylarbat etrabynda gabat gelýär. Emma muña ilat gulak gabartmaýar. Ol mollalaryñ pikiriçe merhumyñ yzynda galan maşgalanyñ rysgyny kemeldýär diýýärler. Şeýle mollalara teýene edesim gelenok. Olaryñ okan ylymlarynyñ başyna döneýin. Il-günümiz nämäni küýseýär? Ine, gep şunda. Ulus-ilimiz ata-babalaryndan gelýän däp-dessurlaryñ, ýagny türkmençiligiñ dogry ýöredilmegini küýseýär. Türkmeniñ ýörelgesiniñ, ýol-ýodasynyñ dogry alnyp gidilmegini küýseýär. Dogry ýoldan gitmeýän mollalaryñ pikirinden türkmençilige ters gelýän sowet ideologiýasynyñ ysy gelýär. Türkmençilikde toý-tomaşalar, tutumly işleriñ başy sähetli günlerde tutulýar. Sähetli günler musulman aýlarynyñ 5-ne, 10-na, 15-ne, 20-ne, 25-ne, 30-na diýlip hasap edilýär. Her bir ekin ekişlik-de sähetli gün başlanýar.
Uzak ýola sapara ugramakçy bolunsa, ýyldyza garşy gidilmeýär. "Ýyldyz 1-ne - gündogarda, 2-ne - gündogar-günorta tarabrakda (aralykda), 3-ne - günortada, 4-ne günorta-günbatar aralygynda, 5-ne - günbatarda, 6-na - günbatar-demirgazyk aralygynda, 7-ne - demirgazykda, 8-ne - demirgazyk-gündogar aralygynda, 9-na - ýeriñ teýinde bolýar" diýip, köneler häli-şindi aýdardylar. Dokuzyna ýere gazyk kakmak, çukur, guýy gazmak, ýer sürmek bolmaýandygyny ýatladardylar. Bir işiñ başyny tutan, uzak ýola sapara gidenleriñ işi şowsuzlyga sezewar bolsa: "Ýyldyza çykan (ýörän) ýaly boldy" diýerdiler. Ýyldyzyñ garşysyna gidenlere "Ýyldyz bilmedige bildirerin, bilenleri öldürerin" diýip, türkmençilikde ýyldyzy gepledipdirler. Eger zerur işiñ çykyp, ýyldyza gitmeli bolsa, sähelçe gün öñünden ugrajak tarapyña duz çykarmaly bolýar. Duzy esgä tikip, gitjek ugruña tarap ýere gömülerdi. Ýola gideniñ öýi syrylyp-süpürilmeýär. Türkmençilikde pil, taýak ýaly zatlary öýe, diwara söýäp goýmak günä hasaplanýar.
Öýe gireniñde, ilki sag aýagyñy ätlemeli, çykanyñda, çep aýagyñy ätlemelidir. Durmuşda iki nesliñ, dogan-garyndaşyñ arasynda oñşuksyzlygyñ, dawa-jenjeliñ bolmagy, är-aýalyñ nikasyny bozmagy, gyz-oglanyñ biabraý bolup ýörmegi, aý, garaz, erbet zatlaryñ hemmesi türkkmençilige gelişmeýän zatlardyr. Öñler nika bozmaklyk iñ ýokary derejede seýrek duş gelýän hadysa (şerigat boýunça üç gezek "Sen talak" diýmek ýeterlik) bolardy. Iki nesliñ, dogan-garyndaşuñ arasynda oñşuksyzlyk dörese, ýaşulylar töwella barardylar. Bir tarap töwellany almasa - baýnamaz diýerdiler.
Türkmençilik - hut türkmene mahsus bolan gylyk-häsiýet bolsa-da, özüniñ oñat tarapy bilen tapawutlanýar. Muña göz ýetirmek üçin türkmenleriñ arasyna ilkinji gezek gelen keseki ýurtlularyñ beren bahasy bilen hem tanyşmak ýeterlikdir.
Ine, XVI asyrda türkmemleriñ arasyna gelip gören Ibn-Şah diýen bir awtor şeýle ýazýar: "Olarda (türkmenlerde) aldawçylyk, mekirlik ýok".
Merwde ýaşap giden arap alymy Ýakut ibn Abdylla "Ilatynhñ mylakatlylygy, ýumşaklygy, sypaýylygy... üçin Merwden tä ölinçäm gitmezdim" diýip ýazypdyr.
Rus-türkmen gatnaşyklarynyñ ýola goýlup başlanmagy bilen, Türkmenistana gelen ilkinji rus syýahatçylary, harby adamlar, täjirler hem türkmenler barada öz ýazgylaryjy galdyrypdyrlar. 1873-nji ýylda türkmenleriñ arasyna gelenleriñ biri: "Türkmenlerde tersleşmeklik we her hili dawa-jenjel seýrek bolýar" diýip ýazypdyr. Gökdepe söweşinde gatnaşan harby gullukçylaryñ biri türkmenler barasynda: "Olaryñ (türkmenleriñ) arasynda ýekeje-de içaly bolmady. Bu ýurtda dönüklik iñ agyr jenaýatdyr" diýip ýazýar.
1912-nji ýylda Zakaspi oblastynyñ başlygynyñ wezipesini ýerine ýetiriji polkownik Žukow we onuñ kanselýariýasynyñ iş dolandyryjysynyñ wezipesini ýerine ýetiriji polkownik Agabekow dagy özleriniñ Içeri işler ministrligine iberen hatlarynda: Ýerli ilatyñ arasynda huligançylyk-garagolçylyk" seýrek bolýar" diýip ýazýarlar.
Keseki ýurtlardan gelen adamlar türkmenleriñ arasyndaky ulyny sylamak, ýaş kiçiniñ mertebesini saklamak ýaly häsiýetleri, türkmen maşgalasynyñ agzybirligini aýratyn belläpdirler.
Umuman, türkmençilikden zyýan çeken ýok. Ol biziñ asyrlar boýy kemala gelen türkmen häsiýetimiziñ ähli taraplaryny, gowusynam, ýamanynam özünde jemleýär. Men muny türkmenk başga halklardan artykmaç görkezmek üçin aýdamok. Her bir halkyñ gowy däp-dessurlary, gylyk-häsiýetleri bar. Emma türkmençilik welin, diñe türkmene mahsus zatdyr. Biz muny öwrenmelidiris, oña gulluk etmelidiris. Hiç haçan, hiç ýerde türkmençiligi ýatdan çykarmaly däldiris.

Tatar ÜÝŞMEKOW
16
127
awesome
06.09.2022 00:53
ÝAZMAJAK BOLUP ÝAZYLAN GOŞGY


“Il möňňürip, ýüzün tutup aglaýar,
Ýesir boşamazmy, giden gelmezmi?!”

Şähri-Bossan


Köp gülen bir aglar bolsa,
Köp aglan bir gülmezmi?!
Magtymguly aýtmyşlaýyn:
“Ajap eýýam gelmezmi?!”

Hydyry hyrs çykan millet,
Gözün gara çokan millet,
Kül üstüne çöken millet
Bir silkinip galmazmy?!

Çörek gözläp çapalanan,
Ýüzüne gum sepelenen,
Ar-namysy depelenen
Azgyndan ar almazmy?!

Türkmen ady dakylanyň,
Tumşugyna kakylanyň,
Çynar deýin ýykylanyň
Dikeljegi bolmazmy?!

El tersine oklanan halk,
Batrak kimin saklanan halk,
Agzy-burny beklenen halk
Süllermezmi, solmazmy?!

Hakykatdan zormuş ýalan,
Köpelýärmiş baýrak alan,
Bu gün başy sypalanan
Ertir saçyn ýolmazmy?!

Bir bedewdim, gopdy ýalym,
Süňk gapdy ýazyjy-alym.
Adamdan mal ýasan zalym
Ýüzüne gara çalmazmy?!

Iru-giç syrylar perde,
Nyrh bolmaz egilen serde,
“Namart” diýp ýüzlenseň merde,
Öldürmezmi, ölmezmi?!

Şiraly NURMYRADOW
ÝAZMAJAK BOLUP ÝAZYLAN GOŞGY


“Il möňňürip, ýüzün tutup aglaýar,
Ýesir boşamazmy, giden gelmezmi?!”

Şähri-Bossan


Köp gülen bir aglar bolsa,
Köp aglan bir gülmezmi?!
Magtymguly aýtmyşlaýyn:
“Ajap eýýam gelmezmi?!”

Hydyry hyrs çykan millet,
Gözün gara çokan millet,
Kül üstüne çöken millet
Bir silkinip galmazmy?!

Çörek gözläp çapalanan,
Ýüzüne gum sepelenen,
Ar-namysy depelenen
Azgyndan ar almazmy?!

Türkmen ady dakylanyň,
Tumşugyna kakylanyň,
Çynar deýin ýykylanyň
Dikeljegi bolmazmy?!

El tersine oklanan halk,
Batrak kimin saklanan halk,
Agzy-burny beklenen halk
Süllermezmi, solmazmy?!

Hakykatdan zormuş ýalan,
Köpelýärmiş baýrak alan,
Bu gün başy sypalanan
Ertir saçyn ýolmazmy?!

Bir bedewdim, gopdy ýalym,
Süňk gapdy ýazyjy-alym.
Adamdan mal ýasan zalym
Ýüzüne gara çalmazmy?!

Iru-giç syrylar perde,
Nyrh bolmaz egilen serde,
“Namart” diýp ýüzlenseň merde,
Öldürmezmi, ölmezmi?!

Şiraly NURMYRADOW
17
119
awesome
04.09.2022 19:30
Gabriel Garsiýa Markes, kolumbiýaly ýazyjy.
Uçardaky gözeliñ ukusy


Bu üýtgeşik syýahat boldy. Men hemişe zenan gözelligine aýratyn hormat goýýardym, şoňa görä, gapdalymda uklap ýatan rowaýatlardaky perizadyň owsunyndan sähelçe pursat hem halas bolup bilmeýärdim. Biz ýerden göterilen badymyza baş uçarbelet ýigit ýitirim bolup, onuň ýerine uçarbelet gyz peýda boldy we gerek zatlary hem-de aýdym diňlemek üçin gulaklygy bermek üçin jenany oýarmaga çalyşdy. Men onuň baş uçarbelet ýigitden eden haýyşyny gaýtaladym, ýöne uçarbelet gyz onuň şamlyk edinmek islemeýänligini özünden eşidesi geldi. Uçarbelet gyz onuň pikirini bilmelidi, ol maňa näzeniniň özüni oýarmaly däldigi baradaky haýyş bilen boýnuna ýazgy gysdyrmanlygyny gyjyt beriji äheňde duýdurdy.
Eger-de ol ýatmadyk bolsa, özüm hakda oňa ähli zady gürrüň bererdim diýip pikirlenip oturşyma ýekelikde agşamlyk nahar edindim. Ol şeýle bir gaty uklady welin, hatda özüm birhili ynjalyksyzlanyp ugradym. Agşamlyk naharyndan soň, yşygy söndürdiler, lm goýberdiler we iki bolup, garaňky dünýä gaplandyk.
Soňky ýüzýyllygyň iň elhenç harasady yzda galdy, Atlantikanyň üstündäki gijeler asudady, hamala, uçar ýyldyzlaryň arasynda hereketsiz galan ýalydy. Ondan soň, birnäçe wagt ol hakda oýlandym, meniň ýeke-täk göz ýetiren zadym ondaky üýtgeşik gözellik bolup, häzir onuň jadyly roýundan suwuň ýüzündäki bulutlaryň kölegesi deý ukynyň saýasy ýüwürýärdi. Onuň boýnundaky zynjyrjyk şeýle bir inçejikdi welin, bugdaý meňzinde asla göze ilmeýärdi, naşyja gulagynda ysyrga üçin deşijek ýokdy, gülgün dyrnaklary sagdyndy, çep elinde bolsa, tekizje ýüzük bardy. Onuň ýaşynyň uly görünmeýänligine görä, men ýüzügiň nika ýüzügi däldigi, ýöne bir howaýy zynat üçin dakynan bolmaly diýen pikir bilen özüme teselli berdim. «Sen goraglylygyň iň ygtybarly, howpsuz ýerinde düýş görýärsiň» diýip, öz ýanymdan Herarda Diegonyň sonetine hiňlendim.
Soňra men oturgyjymyň arkasyny onuň deňine çenli aşak düşürdim. Onuň nepesiniň mähri edil sedasy bolup eşidilýän ýalydy, mylaýym demi — onuň gözelliginiň müşki anbary mysalydy. Soňra men birnäçe sagat uklapdyryn, lmiň şöhlesine oýananymda kelläm ýarylyp barýardy. Men ýerimden turup, hajathana gitdim. Menden iki hatar aňyrda on bir çemodanyň hojaýyny — şol garry aýal ýatyrdy. Geçelgäniň arasyndaky polda onuň dürli reňkli monjukdan zynjyrly äýnegi ýatyrdy.
Men aýnada gelşiksiz, bedroý keşbimi synlap, onuň söýgi ejirini nähili bozýandygyna geň galdym. Uçar duýdansyz ýagdaýda çalarak silken ýaly boldy, soňra gönülenip, uçuşyny dowam etdirdi. Men Hudaý tarapyn ugradylan howa tüweleýiniň näzenini oýarjakdygyny arzuwlap, öz oturgyjyma bakan alňasadym. Gyssagarada tas gollandiýaly garry aýalyň äýneginiň üstünden basypdym. Ýöne wagtynda badymy saklap ýetişdim, äýnegi galdyryp, oňa uzatdym, birdenem, ol menden öňürdip, dördünji belgili orny saýlamanlygyna hoşallygyny bildirdi.
Näzenin süýji ukuda ýatyrdy. Uçar täzeden gönelende, men ony islendik bahana bilen oýarmak meýlimden zordan saklandym, sebäbi uçuşymyň soňky sagatlarynda ýeke-täk islegim meni öz günüme goýanokdy – islegim ony gaharly bolsa-da, oýa halda görmekdi. Çünki diňe men şeýdip erkinligimi, belki-de, ýaşlygymy dikeldip biljekdim. Ýöne men belli bir netijä gelip bilmedim. Men: «Haý, eýesiz galan, jyn uran» diýip, özüme käýindim. «Näme üçin men öküz ýyldyzlar toplumynyň astynda dogulmadymkam?!».
Ol gonuş hakyndaky habar mälim edilen badyna oýandy, edil bagdaky bägülleriň arasyndan ukudan oýanan ýaly ter-tämizdi, owadandy. Uçarda bir-biriniň gapdalyndaky ýolagçylar oýananlarynda, owaldan bäri bile ýaşaýanlar ýaly birek- birege «Ertiriňiz haýyrly bolsun» diýmeýänligine gynandym.
Olam şeýtdi. Gözünden nykaby aýyrdy, uçganaklaýan gözlerini açdy, oturgyjyň arkasyny göneltdi, ýeňiljek ýapynjany bir gyra süýşürdi. Darap ýylmanan gür, uzyn saçlaryny silkdi, ýene-de dyzynyň üstünde sandyjagyny goýup, zerur bol- masa-da, howul-hara ýüz-gözüne timar berdi hem-de tä uçaryň gapysy açylýan- ça, men tarapa seretmedem. Soňra ol gum pişiginiň derisinden edilen keltekçesini geýdi, arassa latyn-amerikan – ispan dilinde adaty üzür sorap, üstümden ätläp geçip, hoşlaşman, hatda iň bolmanda, biziň bagtly gijämiz üçin eden ähli tagallalaryma minnetdarlyk bildirmän, Nýu-Ýor- kuň Amazon jeňňellerinde täze dogan nurly Güne sary siňip gitdi.

Iňlis dilinden terjime eden
Ýegenmämmet TAÝLYÝEW
16
145
awesome
04.09.2022 18:36
Durmuş çylşyrymly, hatda Görogly bolsaň hem, senden
rüstem geljek şer güýçler bar. Şeýle ýagdaýda diňe özüňe ynanyp, maňlaýyňy diwara urup durman, has beýik Güýje – Hudaýa ynanmaly! Ynanç – Güýç! Ynanç – ýeňip bolmaýan Güýç!

***

Daňdanakan söweş meýdanynda tylla tagt goýýarlar, emma ilçilik, «Edil bu ýerde tagt goýmaly däl, bu gün sähet däl» diýen hem tapylýar. Şonda Mäne baba:
― Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyň ýaradan günleriniň sähet däli bolmaz! Döwletiňiz halk döwleti bolup, Hakyň ― Allatagalanyň ýoly bilen, türkmeniň halallyk, adalatlylyk ýoly bilen gitseňiz, almajak galaňyz bolmaz ― diýipdir.

***

Geçmişde ata-babalarymyz ýap gazjak bolanlarynda bir baýtalyň boýnuna halta doly çägäni basyp, ony suw akdyrylmaly ugra tarap kowupdyrlar. Boýny agyr ýükli baýtal ýeriň iň peselip gidýän ugruny saýlapdyr. Ata-babalarymyz baýtalyň ýörän ugry boýunça, her ýerräkde - her ýerräkde gazyk kakyp, soňra ýap, kanal gazypdyrlar.

***

Türkmen urşa uruş diýmändir, «toý» diýipdir. «Toýda özüňi nähili howpsuz-hatarsyz, erkin duýşuň ýaly, söweşde-de özüňi toýdaky ýaly alyp barmaly, gorky-ürki ýat bolmaly, aljyramaly däl» diýen niýet bilen batyr ýigitler söweş meýdanyny özleri üçin toý meýdany hasaplapdyrlar.

***

Öýe gireniňde, ilki sag aýagyňy ätläp gir! Erkek adam bilen elleşip görüş, aýal maşgala ýakynyň bolmasa, eliňi uzatma! Türkmençilikde erkek bilen salamlaşmagyň düzgüni aýallaryňkydan, ýaşuly bilen salamlaşmagyň şertleri ýaşkiçileriňkiden, tanyş bilen salamlaşmak nätanyşyňkydan tapawutlanýar. Şu tapawutlar hem türkmeniň salamlaşmak edebiniň gadymy hem inçe, kämil işlenip düzülendigini görkezýär.



Türkmenlerde doganlar şol bir eşigi geýip ulalýandyrlar. Bu ýeter-ýetmezlikden däl, munuň manysy dogany dogana mähriban etmekden ybaratdyr. Mähriň bir ýüpüne daňylan doganlar hakyky doganlar bolup ýetişer. Şonda ini: «Agam bar – ne gamym bar?!», aga-da: «Inim bar – ilim bar!» diýer.
18
102
awesome
03.09.2022 17:58
Lermontow / HEM TUKAT, HEM GUSSALY

Hem tukat, hem gussaly, hiç kim ýok bil baglara,
Dünýäňi galňas gamyň gurşap alan pursaty.
Islegler... nepsiz olar... Näm bar göwün awlara?
Geçýär gowy ýyllarym... säginsedi... dursady.

Söýmek... kimi söýüp bor? Biweç söýgi ne derkar?..
Beýle söýgä höwes ýok, mümkin däl baky söýgem.
Özüňe garajakmy? — Geçmişden ne nyşan bar,
Hemmejesem ujypsyz: şatlygam ejizligem.

Hyjuwlarmy? — ir-u-giç lezzetli derdi olaň,
Baky daşlaşyp gider ýalňyz sözüne aňyň.
Ömrem, gözleň aýlasaň sowuk nazaryň bilen,
Şeýle bir boş degişme, laç, hemem ýuwan.

Terjime eden Kerim Gurbannepesow
21
113