awesome
04.09.2022 18:36
Durmuş çylşyrymly, hatda Görogly bolsaň hem, senden
rüstem geljek şer güýçler bar. Şeýle ýagdaýda diňe özüňe ynanyp, maňlaýyňy diwara urup durman, has beýik Güýje – Hudaýa ynanmaly! Ynanç – Güýç! Ynanç – ýeňip bolmaýan Güýç!

***

Daňdanakan söweş meýdanynda tylla tagt goýýarlar, emma ilçilik, «Edil bu ýerde tagt goýmaly däl, bu gün sähet däl» diýen hem tapylýar. Şonda Mäne baba:
― Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyň ýaradan günleriniň sähet däli bolmaz! Döwletiňiz halk döwleti bolup, Hakyň ― Allatagalanyň ýoly bilen, türkmeniň halallyk, adalatlylyk ýoly bilen gitseňiz, almajak galaňyz bolmaz ― diýipdir.

***

Geçmişde ata-babalarymyz ýap gazjak bolanlarynda bir baýtalyň boýnuna halta doly çägäni basyp, ony suw akdyrylmaly ugra tarap kowupdyrlar. Boýny agyr ýükli baýtal ýeriň iň peselip gidýän ugruny saýlapdyr. Ata-babalarymyz baýtalyň ýörän ugry boýunça, her ýerräkde - her ýerräkde gazyk kakyp, soňra ýap, kanal gazypdyrlar.

***

Türkmen urşa uruş diýmändir, «toý» diýipdir. «Toýda özüňi nähili howpsuz-hatarsyz, erkin duýşuň ýaly, söweşde-de özüňi toýdaky ýaly alyp barmaly, gorky-ürki ýat bolmaly, aljyramaly däl» diýen niýet bilen batyr ýigitler söweş meýdanyny özleri üçin toý meýdany hasaplapdyrlar.

***

Öýe gireniňde, ilki sag aýagyňy ätläp gir! Erkek adam bilen elleşip görüş, aýal maşgala ýakynyň bolmasa, eliňi uzatma! Türkmençilikde erkek bilen salamlaşmagyň düzgüni aýallaryňkydan, ýaşuly bilen salamlaşmagyň şertleri ýaşkiçileriňkiden, tanyş bilen salamlaşmak nätanyşyňkydan tapawutlanýar. Şu tapawutlar hem türkmeniň salamlaşmak edebiniň gadymy hem inçe, kämil işlenip düzülendigini görkezýär.



Türkmenlerde doganlar şol bir eşigi geýip ulalýandyrlar. Bu ýeter-ýetmezlikden däl, munuň manysy dogany dogana mähriban etmekden ybaratdyr. Mähriň bir ýüpüne daňylan doganlar hakyky doganlar bolup ýetişer. Şonda ini: «Agam bar – ne gamym bar?!», aga-da: «Inim bar – ilim bar!» diýer.
18
102
wolf
4 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
unknown_12
4 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👏
menesa___
4 Sentýabr 2022
Kim aýdýar aňy düşünjesi ösen adamlar Ýewropada ýaşaýar diýip?! Aňy düşünjesi ösen adamlar Türkmenistanda ýaşaýar, sebäbi biz ene atamyzy depämize täç edip saklaýas! Olaryňky ýaly garrylar öýünde däl!😌
ideallider
4 Sentýabr 2022
Dogan-dogana iň az ýagyly bolan tm👍
gulserem
4 Sentýabr 2022
Dogry.👍👍👍👍😉 Türkmenligime döneyin☺️☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.