awesome
20.09.2022 00:37
M.GORKINIŇ GÜNDELIGINDÄKI "IKI PIKIR" HAKDAKY ÝATLAMA
“Dünýäde iki sany pikir ýaşaýar: olaryň biri ýaşaýyşyň syrlarynyň garaňkasyna batyrgaý seredip, şol syrlary bilmäge jan edýär, beýlekisi syrlary düşündirip bolmaz diýip ykrar edýär we şol syrlardan gorkusyna olary hudaýa dönderýär.
Pikirleriň biri üçin – akyl ýetirip bolmajak zat ýok, diňe heniz akyl ýetirilmedik zat bar, beýlekisi – dünýä hiç wagt akyl ýetirip bolmaz diýip ynanýar.
Birinji pikir durmuş hadysalarynyň bulam-bujarlygynyň içi bilen ýöräp, özüniň kyn ýolundaky hemme zada gorkusyz galtaşyp barýar we özüniň gaýraty bilen hemme zady janlandyrýar, hatda dilsiz daşlary-da ýaşaýşyň başlangyjy hakyndaky owadan gürrüň bermäge mejbur edýär; ikinji pikir – gorkak suratda bir tarapdan başga tarapa urnup, öz durmuşynyň delile getirilmesini tapmaga şowsuz synanyşýar.
- Men ýaşaýarmykam? – diýip, ol pikir öz-özünden soraýar, birinji pikir bolsa:
- Men – hereket edýärin! – diýip aýdýar.
Birinji pikir köp wagtlarda özüni öz güýjüne şübhelenmeleriň azabyna sezewar edýär, emma şübhelenmäniň sowuklygy ony diňe sagaldýar we ol pikir öňküsinden-de güýçlenip, durmuşyň maksadyny ýene-de işde görýär; ikinji pikir – hemişe özünden gorkuda ýaşaýar, oňa özünden başga-da bir ýokary zat – özi bilen kysymdaş başlangyç, emma – duşmançylykly we öz barlygynyň syryny haýbatly suratda gorap saklaýan başlangyç bar ýaly bolup görünýär.
Birinji pikiriň maksady – bir hakykatdan soňraky hakykata tarap we hemme zadyň içi bilen ýöräp, iň soňky hakykata tarap, şol hakykat nähili bolsa-da, şoňa tarap dyngysyz hereket etmekdir; ikinji pikiriň maksady – ebedi hereket, ebedi yranmalar dünýäsinde jansyz nokady tapmakdyr we şol nokadyň üstünde dil ýetirilmez dogmaty pugtalanmakdyr, barlaýjylyk we tankytlaýjylyk ruhuny ygtykatçylygyň demir zynjyrlary bilen zynjyrlamakdyr.
Pikirleriň biri, öz güýjüne merdana ynanyp, parasatlygy söýýänligi sebäpli filosoflyk edýär; beýleki pikir gorkyny ýeňmek umydy bilen, gorkusyndan pikirlenişýär.
Bu pikirleriň ikisi-de azatdyr, biri her bir gujur kimin azatdyr, beýlekisi – eýesiz it kimin azatdyr, ol aňyrsynda ýylylyk, ynjalyk we aňsatja rahatlyk bar bolan her bir gapynyň öňünde çyňsaýar.
Hemme zatdan köp wagtlarda bu ikinji pikir ybadathanalaryň bosagalarynda bagryny ýere berip, özüniň gorkusy zerarly dörän güýçden özüne ünsüň bagyş edilmegini diläp ýalbarýar.
Çüýräp, ýeri... mistikanyň awulary bilen zäherleýän hem şol pikirdir, birinji pikir bolsa öz ýolunda sungatyň we ylmyň nygmatlary bilen dünýäni bezeýär”*

* M.Gorkiý, Eserler ýygyndysy, 14-nji tom, 1951, 207-208-nji sah.
19
104
HangeldiAmanberdiýew
24 Oktýabr 2022
M.Gorki hakyky itcede yokda onda óz durmuşam adyndan belli bolşy yaly ajy
alisherxon
1 Oktýabr 2022
Salam👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.