awesome
04.09.2022 19:30
Gabriel Garsiýa Markes, kolumbiýaly ýazyjy.
Uçardaky gözeliñ ukusy


Bu üýtgeşik syýahat boldy. Men hemişe zenan gözelligine aýratyn hormat goýýardym, şoňa görä, gapdalymda uklap ýatan rowaýatlardaky perizadyň owsunyndan sähelçe pursat hem halas bolup bilmeýärdim. Biz ýerden göterilen badymyza baş uçarbelet ýigit ýitirim bolup, onuň ýerine uçarbelet gyz peýda boldy we gerek zatlary hem-de aýdym diňlemek üçin gulaklygy bermek üçin jenany oýarmaga çalyşdy. Men onuň baş uçarbelet ýigitden eden haýyşyny gaýtaladym, ýöne uçarbelet gyz onuň şamlyk edinmek islemeýänligini özünden eşidesi geldi. Uçarbelet gyz onuň pikirini bilmelidi, ol maňa näzeniniň özüni oýarmaly däldigi baradaky haýyş bilen boýnuna ýazgy gysdyrmanlygyny gyjyt beriji äheňde duýdurdy.
Eger-de ol ýatmadyk bolsa, özüm hakda oňa ähli zady gürrüň bererdim diýip pikirlenip oturşyma ýekelikde agşamlyk nahar edindim. Ol şeýle bir gaty uklady welin, hatda özüm birhili ynjalyksyzlanyp ugradym. Agşamlyk naharyndan soň, yşygy söndürdiler, lm goýberdiler we iki bolup, garaňky dünýä gaplandyk.
Soňky ýüzýyllygyň iň elhenç harasady yzda galdy, Atlantikanyň üstündäki gijeler asudady, hamala, uçar ýyldyzlaryň arasynda hereketsiz galan ýalydy. Ondan soň, birnäçe wagt ol hakda oýlandym, meniň ýeke-täk göz ýetiren zadym ondaky üýtgeşik gözellik bolup, häzir onuň jadyly roýundan suwuň ýüzündäki bulutlaryň kölegesi deý ukynyň saýasy ýüwürýärdi. Onuň boýnundaky zynjyrjyk şeýle bir inçejikdi welin, bugdaý meňzinde asla göze ilmeýärdi, naşyja gulagynda ysyrga üçin deşijek ýokdy, gülgün dyrnaklary sagdyndy, çep elinde bolsa, tekizje ýüzük bardy. Onuň ýaşynyň uly görünmeýänligine görä, men ýüzügiň nika ýüzügi däldigi, ýöne bir howaýy zynat üçin dakynan bolmaly diýen pikir bilen özüme teselli berdim. «Sen goraglylygyň iň ygtybarly, howpsuz ýerinde düýş görýärsiň» diýip, öz ýanymdan Herarda Diegonyň sonetine hiňlendim.
Soňra men oturgyjymyň arkasyny onuň deňine çenli aşak düşürdim. Onuň nepesiniň mähri edil sedasy bolup eşidilýän ýalydy, mylaýym demi — onuň gözelliginiň müşki anbary mysalydy. Soňra men birnäçe sagat uklapdyryn, lmiň şöhlesine oýananymda kelläm ýarylyp barýardy. Men ýerimden turup, hajathana gitdim. Menden iki hatar aňyrda on bir çemodanyň hojaýyny — şol garry aýal ýatyrdy. Geçelgäniň arasyndaky polda onuň dürli reňkli monjukdan zynjyrly äýnegi ýatyrdy.
Men aýnada gelşiksiz, bedroý keşbimi synlap, onuň söýgi ejirini nähili bozýandygyna geň galdym. Uçar duýdansyz ýagdaýda çalarak silken ýaly boldy, soňra gönülenip, uçuşyny dowam etdirdi. Men Hudaý tarapyn ugradylan howa tüweleýiniň näzenini oýarjakdygyny arzuwlap, öz oturgyjyma bakan alňasadym. Gyssagarada tas gollandiýaly garry aýalyň äýneginiň üstünden basypdym. Ýöne wagtynda badymy saklap ýetişdim, äýnegi galdyryp, oňa uzatdym, birdenem, ol menden öňürdip, dördünji belgili orny saýlamanlygyna hoşallygyny bildirdi.
Näzenin süýji ukuda ýatyrdy. Uçar täzeden gönelende, men ony islendik bahana bilen oýarmak meýlimden zordan saklandym, sebäbi uçuşymyň soňky sagatlarynda ýeke-täk islegim meni öz günüme goýanokdy – islegim ony gaharly bolsa-da, oýa halda görmekdi. Çünki diňe men şeýdip erkinligimi, belki-de, ýaşlygymy dikeldip biljekdim. Ýöne men belli bir netijä gelip bilmedim. Men: «Haý, eýesiz galan, jyn uran» diýip, özüme käýindim. «Näme üçin men öküz ýyldyzlar toplumynyň astynda dogulmadymkam?!».
Ol gonuş hakyndaky habar mälim edilen badyna oýandy, edil bagdaky bägülleriň arasyndan ukudan oýanan ýaly ter-tämizdi, owadandy. Uçarda bir-biriniň gapdalyndaky ýolagçylar oýananlarynda, owaldan bäri bile ýaşaýanlar ýaly birek- birege «Ertiriňiz haýyrly bolsun» diýmeýänligine gynandym.
Olam şeýtdi. Gözünden nykaby aýyrdy, uçganaklaýan gözlerini açdy, oturgyjyň arkasyny göneltdi, ýeňiljek ýapynjany bir gyra süýşürdi. Darap ýylmanan gür, uzyn saçlaryny silkdi, ýene-de dyzynyň üstünde sandyjagyny goýup, zerur bol- masa-da, howul-hara ýüz-gözüne timar berdi hem-de tä uçaryň gapysy açylýan- ça, men tarapa seretmedem. Soňra ol gum pişiginiň derisinden edilen keltekçesini geýdi, arassa latyn-amerikan – ispan dilinde adaty üzür sorap, üstümden ätläp geçip, hoşlaşman, hatda iň bolmanda, biziň bagtly gijämiz üçin eden ähli tagallalaryma minnetdarlyk bildirmän, Nýu-Ýor- kuň Amazon jeňňellerinde täze dogan nurly Güne sary siňip gitdi.

Iňlis dilinden terjime eden
Ýegenmämmet TAÝLYÝEW
16
145
Attractiveboy
24 Oktýabr 2022
👍okadym sol ucardan gowy yatlama eken
Myhman Myhman
7 Sentýabr 2022
😑👍👍👐👐👐👍👐
Euronewstkm
7 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍🇹🇲
ylham_gurbanaly
5 Sentýabr 2022
moana, Perişde:)
ylham_gurbanaly
5 Sentýabr 2022
moana, gmaile giryanmi?
zolushka
4 Sentýabr 2022
Ýazyjy şahyrlara ylham berýän gözellik......
wolf
4 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
gulshatayewa97
4 Sentýabr 2022
Meni gyzyklandyrýan ýeri nädip oýanman ýatyp bildikä🤔
ylham_gurbanaly
4 Sentýabr 2022
Jigimjan habarlaşyp bolanokmy)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.