awesome
14.09.2022 15:29
Biziň her birimizi edebiýata alyp gelýän ýol-ýodalar bar. Galama ýapyşmaga mejbur edýän güýçli itergi dürli-dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan bolara çemeli. Döwrüň aýgytly öwrümleri, şahsy ykbalyň garaşylmadyk pursatlary - bular ýürek bilen aňa täsir edýän ýagdaýlardyr. Bular adamyň içki dünýäsine dura-bara aralaşyp, şol dünýäni heýjana salyp başlaýar. Ruh diýilýän bu täsin dünýäni diňe çeper kitaplar bilen şüwlümli konsertler däl-de, çekilen jepalar bilen ýowuz tejribelerem baýlaşdyrýar.
* * *
Poeziýa durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alyp bilýän žanrmyka diýip käte pikir edýärsiň. Köpe ýetjek bolmak onuň bitewiligine zeper ýetirýän bolaýmasyn diýip oýlanýarsyň. Şonda Maýakowskiý ýadyňa düşýär. Ol köçe hereketi barada-da ýazypdy ahyry. "Ownuk tema ýok, ownuk şahyrlar bar" diýilýäni çyn bolara çemli. Uly meselä ýanaşyp, biderek zat ýazmakdan erbedi ýok.
* * *
-Bu toprak beýik-beýik şahyrlaryň ylhamdary bolupdy. Bu toprakda bize-de tolgunmaga, guwanmaga, gynanmaga zat kän. Çyn poeziýa bolsa diňe şu düýpli duýgularyň barlygyndan döräp biler.
"Ylhamdarym – ene toprak" atly makaladan.
* * *
Goşgy goşup bilýän adamlaryň kändigi bizi haýran galdyranok. Sebäbi, halkyň çeperçilik derejesi ýokary. Durmuşyň medeni tarapynyň baýlaşmagy, çeper höwesjeňligiň ösmegi — bular döwrüň alamaty. Beýle ýagdaýda galama ýapyşýanlaryň köpdügi tebigydyr. Goşgy goşmak üçin ýaş ýüregiň byjyklamasy ýetik. Emma halkyň hem-de zamananyň poeziýasynyň ösüşine şärik bolmak üçin diňe "goşgy goşmak" ýeterlik däl.
* * *
-Hawa, megerem dünýäde aýdylmadyk söz, gaýtalanmadyk pikir azdyr. Emma ajaýyp şahyr täze bolmadyk pikire özüniň inçe duýgularyny goşýar-da, il-güne ýüzlenýär welin, hemme zat täzeçe ýaňlanýar.
"Poeziýada ahlak meselesi" atly makaladan.
* * *
-Wagt diýen bir zat bar. Wagty öňe sürýän Durmuş diýenem bir zat bar. Biziň hemmämiz şol Durmuşyň içinde ýaşaýarys. ŞAHYR diýen uly sözüň aňyrsynda şu durmuşyň ortalygyndan sykylyklap gelýän adam däl-de, onuň sakasyna eserdeňlik bilen syn edip duran adam görünýär. Şol sakany synlaýan şahyryň gözi, oýy, pikiri Durmuşyň ahlak tarapyna dikilmelidir.
* * *
-Poeziýa bilen durmuşyň aňrybaş derejede baglanyşyklydygyny, poeziýanyň hiç haçan halk durmuşyndan ýolnup, başga bir tarapa gitmändigini, gidibem bilmejekdigini hemmämiz ykrar etmelidiris.
* * *
-Goý, edebiýaty öwrenijiler poeziýany toparlara bölseler bölübersinler, biziň welin poeziýa diýlen mukaddes zady ownutmaga hakymyz ýok.
* * *
-Biz edebi däplerden döredijilikli peýdalanmalydyrys. Klassyk şahyrlaryň öňüne geçilmedik ussatlygy, çeperçiligi bilen belent adamkärçiligi biziň üçin nusga bolupdy we bolmalydyr.
"Goşgy barada pähimler" atly makaladan.
* * *
-Poeziýa-da göreşýär. Ol Gündogaryň gadymy poeziýasynyň dar çäklerini böwsüp çykýar. Täze forma, täze stil, täze söz peýda bolýar. Şahyrana filosofiýa peýda bolýar...
B.Hudaýnazarow.
"Edebi däp, döwrüň ruhy, döwrüň sesi" atly makaladan.
* * *
-Geliň, eneleriň hüwdüsi hakynda bir azajyk pikir edip göreliň. Tiz gaýtalanýan hem-de şeýle yhlas bilen aýdylýan "hüwwa, hüw-wa, hüw-w" aslynda nämäni aňladýarka? Näme üçin çagany şu söz uka meýillendirýär? Türkmen dilinde "hüwwa" diýen söz barmy beri? Muny kim oýlap tapypdyr?..
"Şahyryň şahyrana dünýäsi" atly makaladan.
* * *
-Gynansak-da, daşymyzy gurşap alan gözelligi - tebigatyň täsinligini duýmak ukyby hemme kişä berilmändir. Şopeniň sazyna ýa-da Magtymgulynyň setirleriniň manysyna-da hemmeler düşünip bilenok. Çyn poeziýany döretmek üçin gaýnagly talant, başgaça aýdylanda, tebigy ukyp gerek...
"Orta ýoldaky oýlanmalar" atly makaladan.
* * *
- Durmuşda söz diýilýän zada juda uly orun berlipdir. Seniň gep urşuňdan agrasdygyňy ýa-da ýeňlesdigiňi, akyllydygyňy ýa-da akmakdygyňy bilýärler. Seniň gepleýşiňden seniň medeniýetiňi ölçeýärler.

"Ýaş poeziýamyzyň öwüşginleri" atly makaladan.
Berdinazar Hudaÿnazarow.
18
81
gulserem
14 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻☺️
wolf
14 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.