awesome
18.09.2022 10:49
Kim güýçli (Koreý hekaýaty)

Ir döwürler bir derejeli kişi ýaşapdyr. Ol ertekidir hekaýat diňlemegi gowy görýär eken. bir gezek onuňka myhman köki ýygnanyp, gyzykly ertekidir hekaýatlar aýdyşypdyrlar. Öý eýesi diňläpdir-diňläpdirde sowal beripdir.
- Ýalançyda iň güýçli zat nämekä?
Myhmanlaryň biri dillenipdir:
- Gaplaňdan güýçli jandar ýok.
Ikinjisi üstüni ýetiripdir:
- Arwah-jyn bolaýmasa.
Üçinji biri bolsa diýen:
- Gögüň gümmürdisem-ä ýeri sarsdyrýar.
Şu ýerde epeý pyýada gürrüňe goşulypdyr:
- Belki, olar güýçlüdirem, ýöne menä olardan birjigem heder edemok.
- Ýeriň ýüzünde zenandan hökmi zor tapylmasa gerek-diýip, ýene biri pikirini aýdypdyr.
Öý eýesi geňirgenip diýen ýaly sorapdyr.
- Ýeri, muny näme bilen delillendirip biljek?!
- Üýtgeşik delili ýok muň. Adamzat kowmy ýaradylan gününden tä şu döwre çenli ýönekeý daýhandan ýeňilmezek generala çenli erkek göbeklileriň ählisi aýallaryň öňünde baş egip gelipdir. Zenanlar bize gyzka-gözellik, gelinkä-perzent, garrylyga ýetende bolsa-ene mährini bagyş edýärler.

Taýýarlan: Agageldi Italmazow..
25
151
Dubay
18 Sentýabr 2022
Bu jahana jan beren eziz enedir ene
gulserem
18 Sentýabr 2022
Cat acylanokmyka?
bismark
18 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
gulserem
18 Sentýabr 2022
Bu hekayany okapdym..men ucinem zenandan güýçli zat yokdur☺️😁
ideallider
18 Sentýabr 2022
Ýene geçmişde gelejekde şeýtany aldan ýeketäk zenandy👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.