awesome
13.09.2022 15:33
KOFE IÇIP BILMEÝÄN BOLSAÑYZ...

Ähli dünýä ýurtlarynda edil çaý ýaly, ýörgünlilik bilen içilýän kofe barada jedelli pikirler köp. Bu içginiň peýdalydygyny aýdýan lukmanlar öz pikirini onuň keýpiňi göterýändigi, ruhubelentlik, şähdaçyklyk duýgularyny döredýändigi, energiýa berip, bedeni kuwwatlandyrýandygy, ýadawlygy aýyrýandygy bilen delillendirýärler. Kofäniň zyýanlydygyny tekrarlaýan hünärmenleriň pikiriçe, ol kellagyrynyň ýüze çykmagyna, ukynyň bozulmagyna, ýüregiň çalt urmagyna, bedeniň agralmagyna getirýär. Eýsem, ýakymly ysly, üýtgeşik tagamly bu içgi adamyň saglygyna nähili täsir edýär?

Kofäniň bedene gapma-­garşylykly täsiri onuň üýtgeşik düzümi bilen düşündirilýär. Düzümindäki kofein gipertenziw häsiýete eýe bolup, gan damarlaryny daraldýan bolsa, teobromin, teofllin we PP witamini tersine, damarlary giňeldýär, arterial gan basyşynyň peselmegine itergi berýär. Uky-oýalyk hadysasyny sazlaşdyrýan hem­de nerw ulgamynyň işini bökdäp, ukuçyllyk ýagdaýyny döredýän adenozine özüniň reseptorlary bilen birleşmäge hem­de adamda uklamaga meýliň döremegine päsgel berýär. Şonuň üçin, kofe içilenden soň 15 minut geçmänkä ýadawlyk, gowşaklyk alamatlary aýrylýar, pikirler durlanýar, puls ýygylaş­ ýar, iýmit siňdiriş agzalary işjeňleşýär, aşgazan şiresi bölünip çykýar we işdä ýokarlanýar, maddalaryň alyş-çalşy çaltlaşyp, zäherli galyndylar en­damdan daşary çykarylýar.
Ganda kofeiniň derejesi azalyp ugranda damarlary giňeldiji maddalar herekete gelýär. Olaryň täsiri bilen arterial gan basyşy kadadakydan hem peselýär. Netijede beden gowşaýar, ýüregiň işi haýallaşýar, puls seýrekleşýär. Bedeni täzeden işjeňleşdirmek üçin ýene-de kofe içmeli bolýar. Şeýlelikde, bu içgini ulanmaga endik döreýär. Köp mukdarda yzygiderli ulanylanda bolsa, ýüregiň we nerw ulgamynyň işi, gormonal deňagramlylyk (balans), uky bozulýar, gu­laklarda we kellede şaňňyldy döreýär, beden suwsuzlanýar, endama siňmän daşary çykarylýandygy üçin, kalsiý elementiniň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Adamy gereginden artyk iýmäge mejbur edýän grelin bölünip çykýar.
Şeýle sebäplere görä, kofäni her gün 2 stakandan köp içmek maslahat berilmeýär. Bu içgini irden içmegiň peýdalydygyny ýeri gelende bellemeli. Adam bedeninde irden oňat dynç alyp turandan soň, içilen kofäniň täsiri uzak wagtlap saklanýar. Hatda kofein bedenden doly çykarylandan soň hem adenoziniň reseptorlarynyň hereketi 5-6 sagatlap bökdelýär.
Günüň dowamynda bedeni, ylaýta­da nerw ulgamyny işjeň ýagdaýda saklamak üçin kofäniň deregine beýleki içgileri, meselem, kakao, çaý ýa-da onuň tebigy energiýanyň egsilmez çeşmesi bolan hoşboýlyklar: myhak (gwozdika), muskat hozy, dalçyn (korisa), zenjebil (imbir); ter we kakadylan ir-iýmişdir miweler: klýukwa, bulduragan (malina), garagat (smorodina), limon, greýpfrut, apelsin, mandarin, gök alma, nar; çopantelpegiň, seldereýiň baldagy, bal, oblepiha goşulyp taýýarlanan garyndylaryny (çaý kokteýli), hindi masaly, karkade ösümlikleriniň çaýyny içmek peýdalydyr. Aşgazan-içege näsazlyklary ýüze çykarylan adamlar bu içgileri hem lukman bilen maslahatlaşmazdan köp içmeli däldir.
Kofäniň ornuny tutýan içgileriň arasynda onuň peýdaly täsirine eýe bolan, ýöne ýürege, nerw ulgamyna agram salmaýan ter we kakadylan ir-iýmişdir miweler, çopantelpegiň, seldereýiň baldagy, karkade ösümliginden taýýarlanan demlemelerden gowusy ýokdur. Taýýarlanan demlemeler günüň dowamynda bedeni gurplandyrmakda, keýpiňi ýokarlandyrmakda kofe bilen bäsleşýän içgi hökmünde ulanmak mümkindir. Kofe dänejiklerinden tapawutlylykda olaryň düzüminde kofein ýokdur. Şuňa görä gipertoniýa we beýleki ýürek-damar keselleri, aşgazan-içege ýollarynyň näsazlyklary bar bolan näsaglar olary arkaýyn içip bilýändir. Aslynda, bu içgiler başga-da köp keselleriň bejergisiniň täsirini artdyrýar, olaryň öňüni almaga ýardam edýär. Olaryň düzüminde ýüregi sagdyn saklamak üçin zerur gerek bolan kaliý we magniý köpdür. Damarlary giňeldýän, olaryň diwarjyklaryny berkidýän, gany suwaldýan, ganda «erbet» holesteriniň, aterosklerozyň döremek howpuny ýokarlandyrýan trigliseridleriň derejesini peseldýän, arterial gan basyşyny kadalaşdyrýan gipertoniýadan, tahikardiýadan (ýüregiň çalt urmagy), ýüregiň işemiýa keselinden, aterosklerozdan ejir çekýän syrkawlar üçin peýdalydyr.

Bahar HANMEDOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň barlaghana bölüminiň lukmany.
18
229
Myhman Myhman
17 Oktýabr 2022
Ola dogrydyr onda nas atýanlara näme diýmeli? Nas horazyñ tezeginden ýasalýa diýýärlerä?🤔
ideallider
13 Sentýabr 2022
Selwi, arkaýyn içiň. Menem içýän. Bu aýdylanlar biziň içýänlerimize degişlidäl🙂
Selwi
13 Sentýabr 2022
IDEALLIDER,icmez yalyyyy boldymm
abdy_dayy
13 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
wolf
13 Sentýabr 2022
IDEALLIDER,hakyky 😂
ideallider
13 Sentýabr 2022
🔱лев🔱, şol sebäpli kofemanlara "Berk nerw" arzuw edýäs😄👍
wolf
13 Sentýabr 2022
IDEALLIDER,menem sony diyjek boldum maslyk diyenimde sol tezek diyjek boldugymdaray yañy adyny tapmadymlay
ideallider
13 Sentýabr 2022
🔱лев🔱, maslygyndan däl, ekskrimentinden alynýar. Ilki iň saýlama kofýany taýland pillerine iýdirýäler. Tebigi ýagdaý ol pillerem 12-15 sagatdan şol iýen kofýalaryny tezek edip çykarýalar. Ýörüte işgärler ol kofýalary çöpläp alyp, ýuwup arassalap gymmat bahadan satýarlar.
wolf
13 Sentýabr 2022
IDEALLIDER,howwa şutayda eşden bolmagym am ahmal iñ gymmat kofe piliñ maslygyndan edilya diyip
ideallider
13 Sentýabr 2022
Ýok agzalar, meň limidim doldy ýogsa size şeýle maglumat goýup görkezerdim. Hakykatdanam Google-dan "Dünýäde iň gymmat kofe nädip taýýarlanýar=как изготавливается самый дорогой кофе в мире" diýip gözledip görüň. Özüňiz hem geň galarsyňyz. Bilmän birini ýazgaryp tankytlap oturmak dogrylykdäl👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.