awesome
07.09.2022 00:19
TÜRKMENÇILIK HAKDA OÝLANMALAR

"Türkmençilik" diýen sözde türkmeniñ däp-dessurlary, pähim-paýhasy, edep-ekramy, edim-gylymy, gylyk-häsiýeti, filosofiýasy, ýol-ýörelgesi jemlenýär. Türkmençilik diýmek türkmeniñ asyrlar boýy kemala gelen ýaşaýyş-durmuş obrazydyr. Ol yslam dini kabul edilenden soñra kemala gelýär. Yslam dini türkmenleriñ kalbyna, oniko süññüne ornaşandan soñ, namaza duran wagtlary mañlaýyndan ajal oky gezelse-de, namazyny bozmandyrlar. Beýle diýildigi türkmençilikde namazy bozmak bolmaýar diýildigidir.
Otuzynjy ýyllaryñ ikinji ýarymynda ilat ýazuwy geçirildi. Şonda ýazuwçylaryñ iljinji soragy: "Isaýymyñ, musaýymyñ" diýip sorardylar. Adamlar: "Muhammet Mustapaýy" diýip jogap bererdiler. Soñra adyny, atasynyñ adyny, doglan ýylyny, aýyny, ýerini ýazardylar. Soñra isaýy ýa-da musaýy diýmediklere azar ýamanyny bererdiler. Şol ýyllardan başlap türkmençiligiñ garşysyna ýöredilýän ideologiýa güýjäp başlady. Türkmençilikde hiç hili zyýanly zat ýok. Muña garamazdan, çeper edebiýatyñ käbirlerinde, metbugatda däp-dessura eýerilmegiñ, "türkmençiligiñ" zyýany barada toslama makalalar az ýazylmady.
"Türkmençilikde" sadalyk, sabyrlylyk, agzybirlik ündelýär. Mysal üçin şäherde, golaý-goltumda ýa-da bir obada gapa ýas düşegi ýazylsa, kimdir biri bolsa ogul öýerip, gyz çykaryp toý tutsa, muña türkmençilige gelişmeýän zat diýilýär. Hata bolanyñ kyrky geçýänçä toý etjek ýer garaşmaly bolýar. Kyrky geçenden soñ ýaşulynyñ baştutanlygynda ýas ýerinden rugsat alyp, toý dabarasy tutulýar.
Aradan ýogalan adam ýerlenende içki öýi ussat adamlar gazýarlar. Içki öý gadymdan gelýän ölçeg boýunça gazylýar. Içki gabryñ içinde aýbogdaşyny gurup oturan adamyñ depesi ýokary diwara degmeli däldir. Beýle edilmeginiñ sebäbi amanadyny tabşyran adamyñ ruhundan hasabat soralanda, dikine galýarmyş diýen düşünje türkmençilikde gadymy döwürden bäri aýdylyp, biziñ döwrümize gelip ýetipdir. Içki öýi gazana zähmet haky berilýär. Eger zähmet haky berilmese, hata bolanyñ baky öýi amanat hasap edilýär diýlip aýdylýar. Kähalatda zähmet hakyny almajak bolýarlar. Olar: "Biz el-aýagymyzyñ haýry üçin işledik" diýýärler. Beýle etmeklik türkmençilikde dogry hasap edilmeýär. Berlen haky almaly. Soñ ýetim-ýesirlere berseñ, ýerine düşýär hem-de haýyr-sahawat gazanylýar.
Merhumyñ jaýlanan güni janly soýup, sadaka berilýär. Şol gün ýogalan bendäniñ belli güni hasaplanýar. Soñ her ýyl bellenip durulýar. Ýurduny başgalan bendäniñ üçi, ýedisi, kyrky, ýyly güni sadaka berlip, Kuran çykylýar.
Ynsan hata bolanda, ýüreginiñ urmasy togtasa-da, damarda gan aýlanyş çalaja hereket edýär. Üçünji gün togtaýar. Bu prosesiñ sag-aman geçişini ýatlap, üçi güni sadaka berilýär.
Ýedisine saç, sakalyñ ösüşi togtaýar. Kyrkyna et-gany gaçýar, ýüzüne adamyñ syýagy bozulyp ugraýar. Şol günler belli günler hasaplanýar. Häzir-de şeýleräk dowam edýär. Il arasynda merhumyñ bäşi güni (aýy, ýüzi we ş.m) hem sadaka berýänler bar. Barjamlylar üçin zyýanly däl-de, peýdaly boljakdygy belli zat. Tapýanlar üçin merhumy ýatlap, Hudaý ýoluna köpräk sadaka berseler, oña ýetesi zat ýok. Ýöne tapmaýan garyp-gasarlar üçin kynyrak bolýar. Şoña görä türkmeniñ gadymdan gelýän däp-dessurlary üýtgedilmese ýagşy boljak.
Türkmençilikde ýene bir zady ýatlamaly bolýarys. Ol-da "ys güni". Anna güni içeri-daşary arassalanyp, ýagy ýakyp, ys çykaryp, çörek bişirilip, aýat-töwir etmekdir. Anna güni merhumyñ ruhy gapa tamakin bolup gelermiş. Daşary, içeri arassa bolup, ys-kok edilse, ötenleriñ ruhy şat bolup gidermiş. Şeýle edilmese, ötenleriñ ruhy lapykeç bolup gidermiş diýerdiler köneler. Merhumyñ üçüni, ýedisini, kyrkyny, ýylynu bellemek hökmany däl diýip wagyz edýän mollalar-da tapylman duranok. Şeýle mollalar Gyzylarbat etrabynda gabat gelýär. Emma muña ilat gulak gabartmaýar. Ol mollalaryñ pikiriçe merhumyñ yzynda galan maşgalanyñ rysgyny kemeldýär diýýärler. Şeýle mollalara teýene edesim gelenok. Olaryñ okan ylymlarynyñ başyna döneýin. Il-günümiz nämäni küýseýär? Ine, gep şunda. Ulus-ilimiz ata-babalaryndan gelýän däp-dessurlaryñ, ýagny türkmençiligiñ dogry ýöredilmegini küýseýär. Türkmeniñ ýörelgesiniñ, ýol-ýodasynyñ dogry alnyp gidilmegini küýseýär. Dogry ýoldan gitmeýän mollalaryñ pikirinden türkmençilige ters gelýän sowet ideologiýasynyñ ysy gelýär. Türkmençilikde toý-tomaşalar, tutumly işleriñ başy sähetli günlerde tutulýar. Sähetli günler musulman aýlarynyñ 5-ne, 10-na, 15-ne, 20-ne, 25-ne, 30-na diýlip hasap edilýär. Her bir ekin ekişlik-de sähetli gün başlanýar.
Uzak ýola sapara ugramakçy bolunsa, ýyldyza garşy gidilmeýär. "Ýyldyz 1-ne - gündogarda, 2-ne - gündogar-günorta tarabrakda (aralykda), 3-ne - günortada, 4-ne günorta-günbatar aralygynda, 5-ne - günbatarda, 6-na - günbatar-demirgazyk aralygynda, 7-ne - demirgazykda, 8-ne - demirgazyk-gündogar aralygynda, 9-na - ýeriñ teýinde bolýar" diýip, köneler häli-şindi aýdardylar. Dokuzyna ýere gazyk kakmak, çukur, guýy gazmak, ýer sürmek bolmaýandygyny ýatladardylar. Bir işiñ başyny tutan, uzak ýola sapara gidenleriñ işi şowsuzlyga sezewar bolsa: "Ýyldyza çykan (ýörän) ýaly boldy" diýerdiler. Ýyldyzyñ garşysyna gidenlere "Ýyldyz bilmedige bildirerin, bilenleri öldürerin" diýip, türkmençilikde ýyldyzy gepledipdirler. Eger zerur işiñ çykyp, ýyldyza gitmeli bolsa, sähelçe gün öñünden ugrajak tarapyña duz çykarmaly bolýar. Duzy esgä tikip, gitjek ugruña tarap ýere gömülerdi. Ýola gideniñ öýi syrylyp-süpürilmeýär. Türkmençilikde pil, taýak ýaly zatlary öýe, diwara söýäp goýmak günä hasaplanýar.
Öýe gireniñde, ilki sag aýagyñy ätlemeli, çykanyñda, çep aýagyñy ätlemelidir. Durmuşda iki nesliñ, dogan-garyndaşyñ arasynda oñşuksyzlygyñ, dawa-jenjeliñ bolmagy, är-aýalyñ nikasyny bozmagy, gyz-oglanyñ biabraý bolup ýörmegi, aý, garaz, erbet zatlaryñ hemmesi türkkmençilige gelişmeýän zatlardyr. Öñler nika bozmaklyk iñ ýokary derejede seýrek duş gelýän hadysa (şerigat boýunça üç gezek "Sen talak" diýmek ýeterlik) bolardy. Iki nesliñ, dogan-garyndaşuñ arasynda oñşuksyzlyk dörese, ýaşulylar töwella barardylar. Bir tarap töwellany almasa - baýnamaz diýerdiler.
Türkmençilik - hut türkmene mahsus bolan gylyk-häsiýet bolsa-da, özüniñ oñat tarapy bilen tapawutlanýar. Muña göz ýetirmek üçin türkmenleriñ arasyna ilkinji gezek gelen keseki ýurtlularyñ beren bahasy bilen hem tanyşmak ýeterlikdir.
Ine, XVI asyrda türkmemleriñ arasyna gelip gören Ibn-Şah diýen bir awtor şeýle ýazýar: "Olarda (türkmenlerde) aldawçylyk, mekirlik ýok".
Merwde ýaşap giden arap alymy Ýakut ibn Abdylla "Ilatynhñ mylakatlylygy, ýumşaklygy, sypaýylygy... üçin Merwden tä ölinçäm gitmezdim" diýip ýazypdyr.
Rus-türkmen gatnaşyklarynyñ ýola goýlup başlanmagy bilen, Türkmenistana gelen ilkinji rus syýahatçylary, harby adamlar, täjirler hem türkmenler barada öz ýazgylaryjy galdyrypdyrlar. 1873-nji ýylda türkmenleriñ arasyna gelenleriñ biri: "Türkmenlerde tersleşmeklik we her hili dawa-jenjel seýrek bolýar" diýip ýazypdyr. Gökdepe söweşinde gatnaşan harby gullukçylaryñ biri türkmenler barasynda: "Olaryñ (türkmenleriñ) arasynda ýekeje-de içaly bolmady. Bu ýurtda dönüklik iñ agyr jenaýatdyr" diýip ýazýar.
1912-nji ýylda Zakaspi oblastynyñ başlygynyñ wezipesini ýerine ýetiriji polkownik Žukow we onuñ kanselýariýasynyñ iş dolandyryjysynyñ wezipesini ýerine ýetiriji polkownik Agabekow dagy özleriniñ Içeri işler ministrligine iberen hatlarynda: Ýerli ilatyñ arasynda huligançylyk-garagolçylyk" seýrek bolýar" diýip ýazýarlar.
Keseki ýurtlardan gelen adamlar türkmenleriñ arasyndaky ulyny sylamak, ýaş kiçiniñ mertebesini saklamak ýaly häsiýetleri, türkmen maşgalasynyñ agzybirligini aýratyn belläpdirler.
Umuman, türkmençilikden zyýan çeken ýok. Ol biziñ asyrlar boýy kemala gelen türkmen häsiýetimiziñ ähli taraplaryny, gowusynam, ýamanynam özünde jemleýär. Men muny türkmenk başga halklardan artykmaç görkezmek üçin aýdamok. Her bir halkyñ gowy däp-dessurlary, gylyk-häsiýetleri bar. Emma türkmençilik welin, diñe türkmene mahsus zatdyr. Biz muny öwrenmelidiris, oña gulluk etmelidiris. Hiç haçan, hiç ýerde türkmençiligi ýatdan çykarmaly däldiris.

Tatar ÜÝŞMEKOW
16
127
Attractiveboy
24 Oktýabr 2022
👍kop dessurlaryny aydyp gecipsin
Myhman Myhman
8 Oktýabr 2022
Gaty gowy haladym
Euronewstkm
7 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍🇹🇲
wolf
7 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.