awesome
03.09.2022 17:58
Lermontow / HEM TUKAT, HEM GUSSALY

Hem tukat, hem gussaly, hiç kim ýok bil baglara,
Dünýäňi galňas gamyň gurşap alan pursaty.
Islegler... nepsiz olar... Näm bar göwün awlara?
Geçýär gowy ýyllarym... säginsedi... dursady.

Söýmek... kimi söýüp bor? Biweç söýgi ne derkar?..
Beýle söýgä höwes ýok, mümkin däl baky söýgem.
Özüňe garajakmy? — Geçmişden ne nyşan bar,
Hemmejesem ujypsyz: şatlygam ejizligem.

Hyjuwlarmy? — ir-u-giç lezzetli derdi olaň,
Baky daşlaşyp gider ýalňyz sözüne aňyň.
Ömrem, gözleň aýlasaň sowuk nazaryň bilen,
Şeýle bir boş degişme, laç, hemem ýuwan.

Terjime eden Kerim Gurbannepesow
21
113
wolf
4 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Lilia_
3 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍
gulserem
3 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍🙂🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.