awadan
10.05.2024 16:56

Dünýäde iň köp aýdylýan aýdym
Eýsem-de, dünýäde iň köp aýdylýan aýdym haýsyka?! Bu aýdym “Happy birthday to you” diýlip başlanýan aýdymdyr.

“Doglan günüň gutly bolsun!” diýlip aýdylýan aýdym, aslynda, amerikaly Mildred we Petti Smit-Hill gyz doganlara degişlidir. Onuň ilkinji ady “Good morning to you” (“Ertiriň haýyrly bolsun!”) bolmaly ekeni. Wagtyň geçmegi bilen bu aýdymyň sözleri üýtgäp, “Happy birthday to you” görnüşde bütin dünýä ýaýrapdyr. Soňra bu aýdymy “Warner Çap-pel” aýdym-saz kompaniýasy öz adyna geçiripdir. Aýdym söwda maksady bilen ulanylan halatynda, kompaniýa pul tölemeli bolupdyr. Dünýä ýüzünde belli bolsa-da, ol aýdymyň awtorlyk hukugy gyz
28
88
awadan
09.05.2024 11:53

Dünýäniň iň baý adamlary haýsy şäherleri saýlap alýarlar?
Halkara konsalting kompaniýasy New World Wealth analitik kompaniýasy bilen bilelikde şu ýylda “dünýäniň iň baý şäherleriniň” reýtingini düzdi. Sanawda şäherler ýaşaýan millionerleriň, sentimillionerleriň we milliarderleriň sanyna görä ýerleşdirildi.

Reýtingde birinji orny Nýu-Ýork eýeledi. Şäherde 349 500 millioner, 744 sentimillioner we 60 milliarder ýaşaýar. Ikinji orny San-Fransisko (305 700 millioner) eýeleýär. Üçlügi Tokio (298 300 millioner) jemleýär.
Singapur şäher döwleti iki orun ýokary galyp, ilkinji gezek dördünji orny eýeledi – soňky onýyllykda bu ýerde gurply adamlaryň sany 64% ýokarlandy. Diňe 2023-nji ýylda bu ýere 3400 barly adam göçüp geldi: häzir şäherde 244 800 millioner, 336 sentimillioner we 30 milliarder ýaşaýar.
Bäşinji orun Londona, altynjy orun Los-Anjelese degişli boldy, ýedinji orny Pariž bilen Il-de-Frans paýlaşdy. Ilkinji onlugy Sidneý, Gonkong we Pekin jemleýär.
“Dünýäniň iň baý şäherleriniň” sany boýunça ABŞ we Hytaý öňdebaryjydyr: ilkinji 50-lige 11 amerikan şäheri we bäş hytaý şäheri (Gonkongy hasap etmezden) girdi.

“Forbes” dünýäniň iň baý mirasdüşerleriniň sanawyny hödürledi
Ýylsaýyn baýlygy milliardlarça dollardan geçýän mirasdüşerleriň sanawy barha uzalýar. Bu sanawa öz baýlygyny artdyrmak üçin yhlasly zähmet çekýänler hem, şeýle-de maşgala biznesini dolandyrmakdan çekilip, ony üçünji şahslara ynanýanlar hem girýär.

“Forbes” žurnaly 2024-nji ýylda dünýäniň iň baý mirasdüşerleriniň sanawyny düzdi. Reýtingiň ilkinji onlugyna şular girdi:

_Mukeş Ambani – 116 mlrd dollar baýlygy bolan hindistanly maýadar;
Fransuaza Betankur-Maýers (Fransiýa) – 99,5 mlrd dollar baýlygy bolan L’Oreal-yň iň uly paýdary;
_Jim Walton – 78,4 mlrd dollar baýlygy bolan Walmart-yň amerikaly paýdary
_Rob Walton – 77,4 mlrd dollar baýlygy bolan Walmart-yň amerikaly paýdary, Jim Woltonyň dogany;
_Elis Walton – 72,3 mlrd dollar baýlygy bilen Walton maşgalasyndan Walmart-yň paýdary;
_Dewid Tomson – 67,8 mlrd dollar baýlygy bilen kanadaly mediamagnat;
_Juliýa Koh – 63,4 mlrd dollar baýlygy bilen Koch Industries-iň amerikaly eýesi;
_Jowanni Ferrero – baýlygy 43,8 mlrd dollar bolan Nutella konditer kompaniýasynyň italiýaly eýesi;
_Mark Mateşis (Awstriýa) – 39,6 mlrd dollar baýlygy bolan Red Bull kompaniýasynyň esasy paýdary;
_Jon Mars – 38,5 mlrd dollar baýlygy bolan amerikaly milliarder. Konditer önümlerini we öý haýwanlary üçin iýmleri öndürýän köpugurly imperiýanyň eýesi
26
112
awadan
08.05.2024 01:13

Ekzklýuziw: futbol täzelikleri
Ýylyň iň gowy topary yglan edildi

“France Football” žurnaly tarapyndan Angliýanyň “Mançester Siti” topary yzygider ikinji gezek ýylyň iň gowy topary diýlip ykrar edildi. Geçen möwsümde topar Angliýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogynda hem-de Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolmagy başarypdy.

Iň gowy zenan topary hökmünde “Barselona” saýlandy. Kataloniýanyň kluby La Ligada, Ispaniýanyň Super kubogynda, şeýle-de Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.

8 altyn top: 8 altyn ýüzük

Fransiýanyň “France Football” žurnalynyň wersiýasy boýunça geçen möwsümiň iň gowy futbolçysyny sylaglamak dabarasynyň 30-njy oktýabrda bolandygyny ýatladýarys. Ses berişligiň netijelerine görä, Messi karýerasyndaky sekizinji “Altyn topuna” eýe boldy.

Sport egin-eşiklerini öndürýän adidas kompaniýasy “Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi bolan ýyldyz futbolçy Lionel Messiniň sekizinji “Altyn topa” mynasyp görülendiginiň şanyna sekiz sany altyn ýüzük sowgat berdi.
27
82
awadan
07.05.2024 13:30

Dubaý dünýäde iň uly emeli tokaýy ösdürip ýetişdirer: kenar ýakasynyň 72 km ugrunda 100 million agaç oturdylar
Dubaýda kenar ýakasynyň ugry bilen 72 kilometre uzap gidýän dünýäde iň uly emeli tokaý peýda bolar.

Dubai Mangroves (“Дубайские мангровые леса”) diýlip atlandyrylýan bu taslama 100 million mangr agajynyň ekilmegini göz öňünde tutmak bilen, deňiz otlaryny we merjen gaýalaryny gowulandyrar, 10 000 iş ornuny döreder we sebitde ekosyýahatçylygyň ösmegine ýardam eder diýlip garaşylýar.
Kömürturşy gazyny siňdirmäge ukyplydygy bilen at alan mangr jeňňelligi howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm rol oýnap, ýylda 1,23 million tonna CO2-ni özüne siňdirer, bu 260 000 sany benzinli awtoulagyň zyýanly zyňyndysyna deňdir.
Tokaýyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin AI tehnologiýalary, emeli hemralar we dronlar ulanylar. Taslamanyň çäginde eko-ýodalary, welosiped we ylgaw ýollaryny, kenar dynç alyş zolagyny, seýilgähleri we birnäçe eko-merkezi döretmek meýilleşdirilýär.
Taslama ýerli Urb kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär, onuň durmuşa geçirilip başlanmaly wagty entek habar berilmedi.
28
97
awadan
06.05.2024 10:33

Alymlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşan neandertal aýalyň ýüz keşbini dikeltdiler
Britaniýaly arheologlar, takmynan, 75 000 ýyl ozal ýaşan neandertal aýalyň dikeldilen ýüz keşbini hödürlediler. Bu barada Bi-Bi-Si habar berýär.

Şanidar Z adyny alan aýalyň galyndylary 2018-nji ýylda Yrak Kürdüstanyndaky Şanidar gowagynda tapyldy. 200 bölege bölünen kelle süňküniň gowşaklygy sebäpli ýüz keşbiniň dikeldilmegi alymlar üçin hakyky kynçylyk boldy.
3D tehnologiýalarynyň we paleoantropologlaryň yhlasly işiniň kömegi bilen Şanidar Z-niň ýüzüni “janlandyrmak” başartdy. Gözlegiň netijesi Netflix-de görkeziljek “Neandertallaryň syrlary” dokumental filminde görkeziler.

Şanidar Z 40-50 ýaşynda aradan çykypdyr we bu şol döwrüň ölçegine görä uly ýaş hasaplanýar. Ol gowakda jaýlanypdyr, şondan soň daş gaýdyşy bolan bolmaly, netijede merhumyň kelle süňki iki santimetr galyňlyga çenli ýemşerilipdir we ownuk böleklere bölünipdir.
Kynçylyklara garamazdan, alymlara diňe bir Şanidar Z-niň ýüz keşbini gaýtadan dikeltmek däl, eýsem neandertallaryň durmuşy barada gymmatly maglumatlary almak başartdy. Gözleg bizden has öň ýaşan bu adamlaryň çylşyrymly sosial başarnyklara eýe bolandyklaryny we hatda jaýlamak däplerini hem ulanandyklaryny görkezdi.
düýn 16:53
15360Tamacars
32
124
awadan
05.05.2024 12:40

Orangutan dermanlyk otlardan peýdalanyp, ýarasyny bejeren ilkinji haýwan boldy
Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky jeňňeliň goralýan zolagynda ýaşaýan Rakus atly erkek sumatran orangutany ylym dünýäsini haýran galdyrdy. Ol başga bir erkek orangutan bilen söweşenden soň, gözüniň aşagynda suwjaryp duran ýara döredi. Orangutanlaryň bu toparyna syn edýän biologlar haýran galdylar: ýaralanandan üç gün soň, Rakus derman ösümligi bilen ýarasyny ýöriteläp bejerip başlady.

Maks Plank Jemgyýetiniň (Germaniýa) haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwreniş institutynyň hünärmenleri we olaryň indoneziýaly kärdeşleri Scientific Reports žurnalynda bu barada çykyş etdiler.
Makalada Rakusyň tropiki Fibraurea tinctoria lianasynyň ýapraklaryny ýolup alandygy, ony çeýnändigi we emele gelen şiräni ýaranyň üstüne gysandygy aýdylýar. Ahyrynda, çeýnelen ýapraklar bilen tutuş ýaranyň üstüni doly örtüpdir. Bäş günüň içinde ýara doly bitip, ýokuşma alamatlary galmandyr.
Fibraurea tinctoria agyryny aýryjylyk, çişmä garşy we gyzgyny gaýtaryjy häsiýetleri bilen tanalýar. Günorta-Gündogar Aziýada adaty lukmançylykda köp keseli bejermek üçin giňden ulanylýar. Liananyň ýapraklaryndaky ösümlik himiki birleşmeleriniň seljermesi antibakterial, garabaşa garşy, çişmä garşy we antioksidant işjeňligi bolan alkaloidleri özünde saklaýandygy we şonuň hem ony ýaralary bejermekde tüýs laýyk serişde edýändigini görkezdi.
Alymlar şu wagta çenli adampisint maýmynlaryň derman ösümlikleriniň kömegi bilen ýaralaryny ýöriteläp bejerýändiklerine syn etmändiler. Rakusyň özi Fibraurea tinktoriýasynyň bejeriş aýratynlyklaryna göz ýetiripmi ýa-da garyndaşlarynyň birinden öwrenipmi - belli däl.düýn 18:22
11785:Tamacars
32
108
awadan
04.05.2024 10:25

Pul barada 20 sany gyzykly fakt
1. Gadymy döwürlerde töleg hökmünde merjenler, balykgulaklar, öý haýwanlary, däneler, balyklar, ýüňler we şular ýaly beýleki zatlar kabul edilipdir.
2. Dollaryň «$» nyşany ABŞ-nyň walýutasynyň döremeginden has ozal, hatda ABŞ-nyň ýurt hökmünde ýüze çykmagyndan-da öň peýda bolupdyr. «$» belgisi ABŞ-nyň walýutasyndan öň köp ulanylan Meksika pesosyny aňlatmak üçin gysgaça bolan «Ps» harplarynyň birleşmesidir. Bu belginiň ABŞ-nyň çäginde giňden ornaşdyrylmagy bilen, amerikan dollarynyň ulanyşynda hem dowam etdirilipdir.

3. Banknotlar — ýokançlaryň köpelip bilýän ýeridir. Alymlaryň pikiriçe, dünýädäki pullaryň 94%-i özünde bakteriýalary saklaýar. Oksford uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri mikroblar üçin birnäçe walýuta nusgalaryny barladylar we 100 ýuanyň iň hapa puldugyny, onda 180 000-den gowrak bakteriýanyň bardygyny anykladylar. Has arassa banknoty bolsa özünde ortaça 11 000 bakteriýany jemleýän ýewro diýip hasaplamak bolar.
4. Kagyz banknotlarynyň ulanyş ömri 3-5 ýyl diýlip kesgitlenilýär.
5. Doly zyňaýmaly ýagdaýa gelýänçä bir pul serişdesi 30-50 müň adamyň elinden geçýär. Ýeri gelende aýtsak, banknotyň nomeri näçe kiçi bolsa, şonça-da tiz könelýär.

6. 100$-lyk ABŞ dollaryndan düzülen 1 million dollaryň agramy takmynan 10 kilograma barabar.
7. Gadymy grek dekadrahmalary seýrek arheologiki tapyndy bolup, iň gymmat pul birligi hasaplanýar. Dekadrahma Afinada, Sirakuzada we Akragantda, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň döwründe (b.e.öň 336-323 ýý.) neşir edilipdir.
8. ABŞ-da pul birligine häzirki wagtda ýaşa ýören adamlaryň şekilini ýerleşdirmek kanuny taýdan gadagandyr.
9. Gadymy Rim tegelek teňňeleriň zikgelenip başlanan ilkinji döwleti hasaplanýar.
10. Ilkinji kagyz pullar Hytaý Imperiýasynda, Tan dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe (b.e.öň 618 — 907 ýý.) ulanyşa girizilipdir, emma olar diňe hususy maksatlar bilen peýdalanypdyr. Pullar döwlet derejesinde bolsa ondan soňky döwürde — Sun dinastiýasynda (970 - 1278) ulanylyp başlanypdyr.
11. Dollar pulunyň 100$ görnüşinden başga ählisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleriniň şekili ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda diňe iň uly dollar görnüşinde şekillendirilen Benjamin Franklin prezident bolmandyr.
12. Meşhur stol üstünde oýnalýan Monopoliýa oýnundaky pullar adaty dollar pul birliginden 30 esse köpdür

13. Dollar bilen 2005-nji ýylyň Azerbaýjan manadyny ilkibada tanamak ýeňilem düşmändir. Munuň sebäbi bolsa, olaryň ikisini-de şol bir adamyň — awstriýaly dizaýner Robert Kalinanyň ýasandygydyr.
14. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde 159 sany resmi walýuta bar diýlip kesgitlenilýär.
15. 1966-njy ýylda bankda ilkinji bankomat patentlenildi. Şotlandiýaly inžener Jeýms Gudfello müşderileriň identifikasiýasy üçin PIN koduny oýlap tapdy. Doly anyk bolmadyk bir maglumata görä, başda PIN kody alty sandan ybarat bolupdyr. Şeýle-de bolsa, oýlap tapyjynyň aýalynyň diňe 4 sany ýatda bilýändigi sebäpli, Gudfellow kody gysgaltmaly bolupdyr.
16. Pullaryň saklanyp bilinjek ähli ýerlerinden (gapjyk, jübi we ş.m) ýitirilýän puluň bir ýyldaky ortaça möçberi 4,3 ABŞ dollaryna deňdir.
17. Funt sterling — häzirki wagtda hem ulanylýan dünýädäki iň gadymy walýutadyr. Iňlis walýutasy biziň eramyzyň VIII asyrynda ulanylyp başlanypdyr.

18. 1821 — 1825-nji ýyllar aralygynda Alýaskany dolandyrýan «Rus-amerikan» kompaniýasy düwleniň derisine çap edilen 10 000 sany banknoty çykarypdyr. Häzirki wagtda ol banknotdan takmynan 40 sanysy galypdyr.
19. Bagam adalarynda 2001-nji ýyldan bäri 1/2 dollarlyk nominaly bolan pul serişdesi dolanyşykda ulanylýar. Banknot numizmatlaryň arasynda giňden meşhurdyr.
20. Anyk bir taryhy maglumat saklanyp galmadyk bolsa-da, köp bilermenler rus dilinde ulanylýan «dengi» sözüniň türki diliniň sözlük düzümindäki «teňňe» diýen düşünjeden gelip çykandygyny belleýärler. «Kopeýka» sözüniň döremegi bolsa Iwan Groznynyň hökümdarlyk eden döwründe zikgelenen eli naýzaly (kopýe) atlynyň şekili bilen baglanyşdyrylýar.
35
170
awadan
03.05.2024 10:49

BEÝNI WE MYŞSALAR
Beýni bilen myşsalar arasynda näme tapawut bar? Myşsalar beýniden örän giç “öwrenýärler” diýip belleýärler. Has dogrusy beýni örän çalt öwrenmäge ukyply. Meselem tigir sürmegi öwrenen adam 30 ýyldan soň hem ony sürüp bilýär.

Edil myşsalar ýaly beýni hem her günki idege mätäçdir. Beýnä kämilleşmek zerurdyr. Beýniniň gowy işlemegi üçin birnäçe ýönekeý düzgünler bardyr. Olar:

Grek hozuny iýiň we ter miwe suwlaryny içiň.

Her gün täze howada aýlanyň.

Doly ukyňyzy alyň.

Biografiýalar baradaky filmlere tomaşa ediň, olar höwesiňizi güýçlendirer.

Artrit keseline garşy göreşmegiň bütindünýä güni Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSGG) başlangyjy bilen 1996-njy ýyldan bäri her ýylyň 12-nji oktýabrynda bellenilip geçilýär. Bu günüň esasy maksady, rewmatologiki keseller meselesine dünýä jemgyýetiniň ünsüni çekmek, artritiň ähli görnüşlerinde habardarlygy ýokarlandyrmak, olaryň öňüni almak, lukmanlaryň, näsaglaryň we jemgyýetçilik meselelerini çözmekde edýän tagallalaryny birleşdirmekdir. Artrit birnäçe bogunlaryň çynlakaý çişme keseli bolup, bejerilmedik ýagdaýynda diňe agyrylara we diňe hereketiň çäklendirilmegine däl, eýsem maýyplyga hem sebäp bolýar. Keseliň döremeginiň sebäpleri dürli-dürli bolup, ol köplenç ownuk şikesler, açyk ýa-da ýapyk bogun şikesleri, ýygy-ýygydan fiziki we akyl taýdan aşa agramlyk ýa-da genetiki çökgünlik bilen ýüze çykýar. Mundan başga-da, artritiň ösmegi wirus we bakterial ýokançlar, gipotermiýa, hat-da zyýanly endikleriň yzygider ulanylmagy bilen ýüze çykýar. Käbir hadysalarda ýüze çykyş faktorlary we keseliň ösüş mehanizmleri entek doly öwrenilmedi.
25
28
awadan
02.05.2024 11:39

Nikotine baglylykdan halas edýän derman döredildi
Massaçusets uniwersitetiniň alymlar topary ösümlik birleşmesi bolan sitizinikliniň esasynda nikotine baglylyga garşy döredilen täze derman serişdesini üstünlikli synagdan geçirdiler diýip, gazeta.ru habar berýär.

Synagyň netijeleri «JAMA» žurnalynda çap edildi. Sitiziniklin söwüt agajynyň tohumlarynda saklanýar. Bu çalymtyl-goňur reňkli agaç sütüni, gamçy görnüşli şahalary, ownuk tüýjümek ýapraklary, sümmül şekilli çogdam gunçasynda ownuk açyk sary reňkli gülleri bolan ýapraklary dökülýän gyrymsy agaçdyr. Ösümlik dem alyş ýoluna gyjyndyryjy täsir edýär, hereket işjeňligini artdyrýar, gipertenziw, diuretik we kardiotonik täsir edýär, şeýle hem böwreküsti mäzleriň işine peýdalydyr.
Alymlaryň bellemeklerine görä, sitiziniklin gönüden-göni kelle beýnisindäki nikotine baglylyga jogap berýän reseptorlara täsir edýär. Şonuň esasynda bolsa ony kabul edeniňden soň çilim çekmek islegi ýitýär.
Barlaga 800-e golaý çilimkeş gatnaşdyrylyp, olar 4 topara bölündi. Birinji topar 6 hepdäniň dowamynda plasebo kabul etdi, ikinji topar hakyky dermany, üçünji we dördünji topar bolsa plasebo bilen dermany 12 hepdäniň dowamynda kabul etdi. Toparlara gözegçiligiň umumy möhleti 24 hepdä deň boldy.
Derman serişdesi synaga gatnaşyjylar tarapyndan gowy özleşdirildi, goşmaça täsirler hasaba alynmady. 12 hepdäniň dowamynda sitiziniklini kabul edenleriň 32%-i 9 – 12 hepdeläp çilim çekmekden saklandylar. Şol bir wagtyň özünde 6 hepdeläp dermany kabul edenleriň 25%-i 3 – 6 hepdäniň dowamynda çilim çekmedi.


ABŞ-da arakhorlugy bir gezeklik sanjym bilen bejermegiň usuly tapyldy
ABŞ-ly alymlar arakhorluga garşy sanjymyň döredilendigini habar berdiler diýip, gazeta.ru Britaniýanyň «Nature Medicine» žurnalyna salgylanyp habar berýär.

Ogaýo ştatynyň Uniwersitetiniň Weksner Lukmançylyk merkeziniň we Lukmançylyk kollejiniň işgärleriniň bellemeklerine görä, şeýle sanjym alkogol baglylygyna garşy göreşde uly üstünlik bolar.
Arakhorlukdan ejir çekýän adamlaryň bedeninde şatlyk gormonynyň – dofaminiň ýiti ýetmezçiligi duýulýar. Bu ýetmezçiligiň öwezini dolmak üçin arakhor alkogolyň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrmaga mejbur bolýar. Primatlarda geçirilen barlag olaryň bedenine bu gen dermanynyň bir gezek sanjylmagynyň beýnide dofaminiň derejesiniň uzak wagtlap dikeldilmegine sebäp bolýandygyny görkezdi.
Alymlar bedende şatlyk gormonynyň derejesiniň dikeldilmeginiň spirtli içgileriň kabul edilýän mukdaryny azaltmaga we içgi taşlanandan soň täzeden içip başlamagyň öňüni almaga itergi berjekdigini bellediler.
34
71
awadan
30.04.2024 13:23

DÜNYANIN İÑ TÄSİN ÝÄDİGÄRLİKLERİ
Adam kellesiniň yzygiderli üýtgäp durýan görnüşi bolan «Metamorfoz» çüwdürimi Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherinde ýerleşýär. Kellesi ýaldyrawyk örtük bilen örtülen heýkel metal plitalardan ýasalandyr. Plastinalaryň hersi dürli tarapa aýlanýar, bu aýlanma hem internet arkaly uzakdan dolandyrylýar. Öwüşginli kelle şekilli heýkeliň agzyndan hemişe suw çüwdürilip çykyp dur.

Taýwanyň Taýbeýindäki «Gippopotamlar». Bu heýkelde kiçijik begomot sürüsi göýä bir daş ýolda «ýüzüp barýan» ýalydyr. Begomotlaryň edil adaty durmuşdaky ölçeginde bürünçden guýulmagy realizme goşant goşýar.

Şweýsariýanyň Wintertur şäherindäki äpet kran tebigatyň kanunlaryna ters gelýän ýaly: diňe bir howada asylan ýaly däl, ondan akýan suw hiç ýerden ýokary çykmaýan ýaly görünýär. Aslynda, kranyň suwunyň akýan ýerinden dar suw turbasy geçip, şol hem suwy ýokary galdyrýar. Soňra ýokary galan şol suw giň, güýçli akymda gaýdýar. Suwuň basyşy sebäpli turba görünmeýär, şonuň üçin kranyň özi howadan asylan ýaly bolup, oňa hiç ýerden suw galmaýan ýaly duýgyny döredýär.

Agyrlyk güýjüne garşy çykýana çalym edýän ýene-de başga bir heýkel — holtumynda deňagramlylygy saklap duran piliň heýkeli. «Piller üçin agyrlyk güýjüniň aýratynlyklary» diýlip atlandyrylýan heýkel Pariždäki Fontenblo galasynda ýerleşýär. Bu heýkel Ýerden 18 müň kilometr uzaklykda agyrlyk güýjüniň şeýle bir pesdigi, hatda ol çäkde piliň öz holtumynyň ujunda başaşak-da aňsatlyk bilen durup biljekdigi baradaky ylmy pikiri alamatlandyrýar. Heýkeliň awtory fransuz suratkeşi — Daniel Friman.

Polisiýanyň we çukurdan çykýan işçiniň gülki äheňli ýadygärligi Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýär. Bu eserde çukurdan çykýan işçi geçip barýan polisiýanyň aýagyndan ýapyşýar, ol bolsa ýykylýan ýaly görkezilýär. Kompozisiýanyň awtory heýkeltaraş Tom Fransen.

Näbelli resmi işgär» ýadygärligi Islandiýanyň paýtagty Reýkýawigiň köçeleriniň birinde guruldy. Onuň aşaky bölegi kostýumly we elinde portfeli bar, ýöne bedeniniň ýokarky bölegi we kellesi adaty doly ýasalmadyk tokga daş görnüşindedir. Magnus Tomassonyň döreden ýadygärligi ähli ýurtlaryň we halklaryň ýolbaşçylaryny alamatlandyrýan äheňde diýlip beýan edilýär.

Awstraliýanyň Sidneý şäherinde «Asmana uzaýan basgançak» bar. Ýalpyldawuk metaldan ýasalan gurluş deňziň kenarynda bolup, bir tarapdan seretseň, asmana eltýän ýaly şekildedir.

Nebraskadaky meşhur Stownhenje öýkünip, amerikaly suratkeş Jim Reýnders «Karhenj» eserini döretdi. Stownhenjiňki ýaly daşlaryň ýerine, munda köne awtoulaglar ulanyldy, ýagny olardan ikisi ýere girizilip, üçünjisi bolsa üstünden goýuldy.
28
121