Täze ýyl heseriHekaýa 3-nji bölümDerini sylyp, hyrçyny dişläp oturyşyna, bolmanda, on bäş minut, ýarym sagat öñräk deprenmänligine diýseñ ökündi. Ýigidi ät goýan otly tizden gözdenem sumat boldy.
Bu ýerde demirýol badalgasyna eýeçilik edip ýören bir gazak maşgalasynyñ barlygyna ol ozaldanam beletdi. Ötende-geçende otlulara degişli baýdajykdyr çyrajyk görkezip, olary ugradyp-garşylap duran gojany hem ol telim gezek görüpdi.
«Belki, gitmäniñ ýene-de bir mümkinçiligi tapylar» diýen inçejik tama Öwezi ruhlandyrdy. Ol badalga jaýyna golaý gelen wagty, onuñ alnynda bilet satýan jaýyndan çykyp gelýän bir demirýolçy lybasyndaky gelin maşgala peýda boldy. Ol gijä galyp gelen ýigidi görüp, kürtdürip durdy-da, biraz geñirgenmek bilen:
— Otla geldiñmi? — diýip sorady.
— Hawa.
— Ol ýap-ýañyja gitdi-dä! — diýip, gelin başyndaky papagyny çykaryp geýip, alada galanyny mälim edip, otlynyñ giden tarapyna öwrülip seretdi.
Onuñ halyna göwündeş gopmaga çalyşdy. Ýigit keseribräk durşuna o gelni gözastyndan siññin synlady.
Gelin orta boýly, boldumly maşgalady. Onuñ biraz göwresine darrak bolýan penjegi gelni has sarç, täsirli görkezýärdi.
Töwereginiñ giñligini alan şemal çöl ösümlikleriniñ, ýag siñen demirýol şalmanlarynyñ ýanyksy ysyny getirýärdi, onda gar ysam bardy.
Duluñ gözüne zenan bolup ilerligi barmy? Öweziñ öñünde duran gelne syny oturdy. «Hä, sagrysyny sypaýmaly gelin ekeni…» diýip, höwese beslenip oýlanybam goýberdi. Pikirinde Aşgabatda özüne garaşýan gelniñem şeýle hoşroý bolmagyny arzuw etdi.
— Sen geolog bolsañ gerek? — diýip, ýene-de gelniñ özi hamala, otludan galanyny başga birinden görýän ýaly nägile bolup duran ýigide ýüzlendi.
— Hawa, şolardan. Guşluk töweregi Aşgabatdan habar aldym. «Gel» diýipdirler…
— Sen geolog bolsañ, bilmel-ä haçan bu ýere otlynyñ gelýänini? Siziñkiler onuñ wagtyny mendenem sorap, alyp gitdiler-ä. — Ýigidiñ düşen ýagdaýyna berlip, gelin birden janygyp ugranynh hem duýman galdy.
— Indiki otly haçan gelerkän?
— Giç, ertir dañdandan bäri indi ýolagçy otlusyny görmersiñ. Ýük otlulary bar, olaryñam diñe birisinden başgasy bu ýerde durman, okkessirim geçýär. Ol birem sagat on bire geler. Şonuñ maşinistleri bilen dagy gepleşip, bir adam, ýarym adam aldyrmak mümkin. Onda-da maşinisti bir gowy adam bolsa. Ýogsam: «Kada görä gadagan» diýer-de, ýüzüni kese sowup bidir gider.
Ýigit soñraky hereketiniñ nähili bolup biljegi barada aýgyt edip bilmän biraz üýşendi. Eñegini sag eliniñ syñragy bilen gapjap, gözlerini süzüp, birhowa oýlandy. Golaý-goltumda gatnawly garaýoluñ hem ýoklugyny lapykeçlik bilen ýatlady. Bu ýerse kiçijik wokzal jaýyndsn başga bir baraýara, garaşyp wagt geçiräýere oñaýly ýeriñ hem ýoklugyny ýatlap, hasam lapykeç boldy. Onam, ine, gazak gelin gulplap, ýygnanyp, öýüne gaýdyp barýar. Nä, indi şundan dolanyp, yzyña gitjekmi? Eýsem-de bolsa, bäri-bärde geologlar düşelgesi barmy saña?! Şol barmana-da ol nähili ýagdaý bolsa-da, özüniñ yzyna gaýtmak islemeýändigine tiz düşündi.
Soñra ol ýene-de bir zat sorasy gelenini bildirip, gelniñ ýüzüne seretdi. Başardygyndan başga perdeden gopmaga çalyşdy.
Özüniñ zenan durkuna erkek kişiniñ hyrydar synynyñ düşenini duýan gelniñ hem şundan soñ nazaryny gizläp, uýalyp biraz gozgalaña düşenligi belli boldy. Onsoñam nirede gören zady gelniñ munuñ ýaly hyrydar seredip, gurt deý ýalmanyp duran ýigit?
— Kelinşek! — diýip, ýigit bildiginden gelne has düşnükli bolar ýaly, öz sözüne bilýän gazak sözlerini hem garyp geplemäge çalyşdy — Men ol otla şu ýerde wokzal jaýynda garaşsam näderkän?
Gelin garaşmadyk soragyna birbada näme jogap berjegini bilmedi. Bir wokzal jaýyna, birem ýigidiñ ýüzüne seretdi.
Ol pikirini jemläp ýetişip-ýetişmänkä, Öwez ýene-de sözüni şol öñki hörpünde oýun hasap edilse oýun, çyn saýylsa çynyñam hilesiniñ ýok däldigini mälim edip gepledi:
Dowamy bar ☘️