Merkiňi berseler erkiňem gidýän ekenihekaýa2-nji bölümmaşyn sürmäni öwredäýmeli ekeniň-dä. Öý bilen mekdebiň arasynda-ha sürüp bilerdi—diýip, Geldimyrat degişdi.
—Oguljahan mundan has ýaş wagty, oýundanmy-çyndanmy—bilmedim, maşyn sürmäni öwret diýipdi. Täzeje “Moskwiç” alan döwürlerimdi. Obadan çete çykdyk. Men oňa aýdýan: “Maşynyň kürsisine geçmänkäň onuň daşyna bir gezek aýlanyp çykmaly. Tekerleri ýelini goýberip biler, öňünde-yzynda päsgelçilik bolmagy ähtimal, ýa maşyny kölegeläp it-pişik ýatan bolmagy mümkin… çaga oýnap ýören bolmagy mümkin…” Ol maňa näme diýýä diýsene! “Bu ýerlerde çaga, it-pişik nireden bolun? Sen maňa takal okama-da, sürmäni öwret” diýýär. Onsoň men oňa pedallaryň, ryçaglaryň näme niýetlendigini düşündirýän. Maşyny otlamakaň howpsuzlyk kemerini dakynmalydygyny, yz tarapy görkezýän aýnalara seretmelidigini aýdamda, ol: “A, birden maşyn ýoldan çykaýanda, daňylgy bolsam nädip böküp düşeýin?! Dakynjak däl. Aýnalara özüň seredersiň-dä; özüň aýtdyň-a: “Maşyn bir ýöräp ugransoň, eýläňe-beýläňe alakjaman, diňe ýoluňa seretmeli” diýip”. Maşyny otlansoň, ilki geçiren tizligi üçünji tizlik bolansoň, maşyn tapyr-tupur ýatdy. Gapdalynda oturan ýerimden birinji tizlige geçirip berdim. Maşyn dyzaýar, ýöne ýerinden gozgananok—men endigim boýunça, maşyndan düşen badyma el tormozyny çekegen-dä. Men oňa düşündirýän: tizlige geçirensoň, el tormozyny aşak düşürmeli, soň çep aýagyň astyndaky pedaly ýuwaşlyk bilen goýbemeli diýsem, ol näme diýýär: “Tizlige geçirenimden soň iki elimem rulda. Meň näme, üç elim barmy?! Özüň geçiräýmeli ekeniňdä!” diýýär. Maşyn bolsa dyzap dur; el tormozyny goýberdim welin, maşyn çarpaýa galdy, birinji tizligem bolsa arlap, eňip barýar; aýalym: “Waý” diýip, ruly sypdyrman barşyna öňünde nämeler bolup geçýänini görmejek bolup maňlaýyny rula goýýar. Elektrik sütüni bilen çakyşmakak açary yzyna towlap, soguryp ýetişdim. Keýwany maşynyň duranyna göz ýetirensoň, maňa igenip başlady: “Sen bilgeşleýin edensiň, maňa öwretmek niýetiň ýokdur” diýip, şumjardy-da, yzky oturgyja geçdi. Üç günläp gepleşmedi. Wah, özüm eýerde oturanam bolsam, jylaw eneleriniň elinde-le. Ine ýigrimi ýyldyr bu köneje «Moskwiçi» münüp ýörenime, ýöne «meň maşynym» diýmäge kanun boýunça hakym ýokdur—maşyn keýwanyň adyna.
Ilki bilen, «Kaka, sen ýüregagyryly, saňa agyr işlemek bolanok» diýip, elimden pilimi aldylar. Soň-soňlar bir tanyş dogtardan sorasam, asyl mellek işlemek ýüregiň birinji emi eken-ä. Aý, indi elden pil-kätmen çykyp gitdi-le. Soň ýeňňeň: «Ikimize indi pensiýa berilýän ýere baryp nobata durmaga gurbatymyzam ýok, ah-heý olaryň haçan geljegini hem öňünden bilip bolanok. Nobatyň ỳeterem welin, pul gutarar. Nepes jan aýdýar, pula derek dört barmak ýaly gaty kagyz oýlap tapanmyşlar, o kagyza her kimiň ady, familiýasy ýazylanmyş. Şol petegiň bilen ýörite pul berilýän sandyklardan islän wagtyň, döwletimiziň ähli kuünjeginden pensiýaňy, aýlygyňy alyp bolýarmyşyn. Nepes jan bilen gelin-ä eýýäm şol kagyzdan edinipdirler”. Günleriň bir güni ýeňňeň bilen meni banka äkidip, bir kagyza gol çekdirdiler-de, herimiziň elimize gatyja, ýalpyldawuk kagyzy tutdurdylar, ana, şondan soň ol plastik karty hem göremok, pensiýajygymam. Keýwany aýda bir gezek sowarlyk hem-de benzin pul berýär. «Hany, munuň galany?» diýip sorasam, ol: «Pullaryň dur, arkaýyn bol-aý, sandykda ýgygşyrylgy. Gerek wagty aýdaý, çykaryp bererin. Agtyklaň ýetişip gelýäni bar, olaryň okuwa gitjegi bardyr, toý etjegi bardyr, bizem olara keseki däl-ä, az-owlagam bolsa, zerur wagty ýardam berseň ýüregiň suwluja bor» diýýär. Agtyklaryň öz ata-eneleri bardyr-a, how. Biz çagalarymyza toý edemizde ene-atamyz barmydymy näme?! Ana, indi telefonam gitdi, pensiýa-da…
—Telefonyň ýanyňda ýaly-la.
—Hawa, edil şu wagt-a ýanymda, öýe baranymdan, «Ata, telefonyňy beräý-dä!» diýişip, ýalbaryp başlarlar. Ho-ol, giçlik, togy çökensoň getirip gidýäler.
— Enesiniňem-ä telefony bardyr, ýa ondan çekinýälermi?
Dowamy bar ☘️