Täze ýyl heseriHekaya1-nji bölümTäze ýylyñ öñüsyrasynda Garagumuñ çola gollarynyñ birinde gözleg-barlag işlerini geçirip ýören geologlar toparynyñ ussasy Öwez Aşgabatdaky aýal doganyndan garaşylmadyk ýagdaýda gyssagly habar aldy. Onda aýal dogany Öweze: «Jigim jan, ahyr azabymyz ýerine düşdi, saña mynasyp gelinlik tapdyk. Täze ýyl agşamyna ýetişip geljek bol. Siziñ Täze ýyly bir ojakda goşa bolup garşylamagyñyzy isleýäris. Bir ortamyýana, salyhatly, görmegeý maşgala, «ýalp» berip otyr…» diýip ýazýardy.
Öwezi şondan soñ, Täze ýyl heseriniñ galtanlygy belli boldy. Ýogsam ýas-ýañyja-da onuñ kellesinde ne bir ýere gitmek pikiri bardy, ne-de höwesi.
Täze ýyly hem ol şu ýerde, işdeş ýoldaşlarynyñ arasynda geçirmekçidi.
Ol, galyberse-de, bu günler uzyndan-uzyn turbalary bir-birine kebşirläp, onuñ depesine özüniñ galaýydan ýasan okarasyny oturdyp, Täze ýyly şol öz höwes edip gurnaýan telewizorynyñ öñünde garşylamakçydy. Düýn bolsa oña ahyrsoñy howadaky teletolkunlar bilen arany sazlamak hem başardypdy. Geologlar agşam naharyny mawy ekranyñ öñünde oturyp edinipdiler.
Habar düşmezinden bir sagada golaý öñ geologlaryñ maşyny baýramçylyga gerek zatlary getirmek üçin golaýdaky şäherçä ýörite gidipdi. Eger habar biraz öñräl gelen bolsa, belki, Öwez hem şol maşyna ýetişse-de ýetişerdi? Indi bolsa giç, ony on-on bäş kilometrlikdäki demirýol menziline taşlap geläýer ýaly häzir başga bir ulagam ýok. «Gideniñ habary özi bilen» diýleni. Giden maşyn bolsa yzyna dolanyp, kim bilýär, indi haçan geljek?
Bu ýerde geologlar on-on bäş günden iki tapgyrda işleýärdiler. Her onbäş günden bir topar gidip, onuñ ýerine beýlekisi gelýärdi. Öweziñ ýoldaşlary mundan on gün ozal iş nobatlaryny tabşyryp, dynç alşa gidipdiler. Indi olar Täze ýyl baýramçylygyny öýde — maşgalalarynyñ arasynda geçirip gaýdyp gelmelidiler. Öwez sallah bolup, ol öýünde-de bir ýoluna göz dikip, garap oturanyñ bolmanlygy üçin, giden bilen gidip, gelen bilen geljek hem bolup ýörmezdi. Dynç günlerinde, islese, çöle aýlanardy, maşyn gitse gidip, şäherçä baryp gaýdýardy. Gerek bolsa, işleýänlere kömek ederdi. Şeýdibem, ol onbäş günüñ nähili geçenliginem duýman galardy. Has dogrusy, aýaly bilen aýrylyşany bäri indi iki ýylyñ içidir, Aşgabada onuñ aýagy sekmeýärdi. Hamala, barsa, şol agzala durmuş täzeden ýene-de gaýtalanaýjak ýaly ýakymsyz duýgulary başdan geçirerdi.Ol ymgyr çölüñ içi bilen gönüläp, demirýol badalgasyny nazarlap, töweregine üns bermän, gyssanybrak, derçigip ýöräp gelýärdi. Onuñ häzir ähli küý-köçesi Aşgabat otlusyna ýetişip, oña münmekdi. Ol otlynyñ näwagtda badalga alyp gelýänini anyk bilmese-de, çen bilen bilýärdi we badymy gowşatman ýöresem, oña ýetişerin diýip tama edýärdi.
Ol ortadan uzynrak boýly, daýanykly ýigitdi. Durmuş tolkunlary özüni kebara atyp uran hasap edýän-de bolsa, ol heniz otuzam ýaşamandy. Ýigit goşlaryny goşhalta salyşdyryp, olary müñder edip, arkasyna alyp, özüne hallan atybrak duran örküç hem edinipdi. Onuñ aýagynda işleýän wagty geýýän, özüne biraz ulurak bolup, gorsuldap duran ädigi bardy. Dynç alyşda geýýän ajarly köwşüni ol otla münensoñ geýmek üçin dolap, goşhaltasyna salypdy.Töweregi gyş aýlarynyñ birisiniñ eýemsirenip oturanlygyna seretmezden, howa sowuk däldi. Umumanam, indi birki ýyldan bäri gyşyñ Täze ýylda juda garaşylýan gary wagtynda ýagman, ile: «Tebigat-a üýtgäp ýör-ow, Täze ýylda dagy ýagmaly dälmi, gurbany gitdigim, ýer gar bolup ýatsa bolmaýarmy?» diýdirip, arzuw edilýänine seretmezden, gaýmazak tebigat añsat gaýmaýardy.
Bu ýylam gyşe geçip, howa sowap, ýere birnäçe ýagyn düşen hem bolsa, heniz gar ýagmandy. Ýöne ýigidiñ göwnüne bu gezek Täze ýyl akja gara çolanyp, akja bäbek bolup geläýerli görünýärdi.
Düýnki gün bulut gelip, asmany gara keçe lagambir ýapaly bäri tebigatyñ bir hyýala münüp, diş gysyp, çyglyp-çytylyp ugrany hem anyk duýulýardy.
Dowamy bar ☘️