awadan
26.12.2024 20:57
Täze ýyl heseriHekaýa 4-nji bölüm
Eger öýüñize çagyryp, ýyly ýerde myhman alsañyzam, men garşy däl. Ýogsam men bu ýerde nirä baraýyn? Eýýäm gar hem uçganaklap ugrady — diýip, töweregine garandy.
Bu badalganyñ töwereginde demirýol ugrunda işläp, mal bähbidini arap, töweregiñ giñişligini alyp ýaşaýan iki-üç sany gazak maşgalasy bardy. Gelnem şol maşgalalaryñ birinden bolup, ýañrakdan bäri hem ol öz goja kakasynyñ ýerine badalga işgäri bolup işläp başlapdy.
Gelin zordanrak ýesersiremäge çalyşýan ýigide gözastyndan nazaryny aýlap goýberse-de, ýöne oña bada-bat jogap bermäge howlukmady. Öweziñ göwnüne bolsa ol yzyna erkek adam düşürip barmagyń zenan maşgala gelşiksizligi barada, adamsynyñ özünden: «Munyń nämaý?» diýip, nägile boljagy hakda oýlanana meñzedi. Gelin soñra zenanlarça sypaýyçylykly gülümsiräp, ýigidiñ pikir edişinden has merdemsi hereket etdi:
— Ýörüñ onda, bizde garaşaýarsyñyz!
Beýle nagt jogaba garaşmadyk Öwez gelin şeý diýen mahaly onuñ ýañagynyñ al öwsüp gidendigini hem gördi we oñ gelin durdugyça tapmaça öwrülip barýan ýaly bolup duýuldy.
Garalyp-bürelip duran töwerek bu wagta çenli hyrsyzlanyp, hyrra yzyna öwrülerli, kellesi bulutlaryñ añyrsynda bir ýerlerde barlygy duýulýan, görülmedik bir äpet jandaryñ göwresine meñzäpdi. Garañky düşüp gelýän ýaly, töwerek kem-kemden garalýardy.
Özüniñ oýunlyga salup aýdan gepiniñ çyna bitenini gören Öwez hem şundan soñ, ýat öýe judabir barasy gelmeýänem bolsa, gelniñ yzyna düşübermekden başga alaç galmady.
Gyzy añyrdan bir nätanyş bilen tirkeşip gelende, öýüñ enesi — aksaç aýal Täze ýyl agşamyna niýetlenip bişiriljek bäşbarmagyñ ugruna çykyp, onuñ etini bir gazanda ataryp, indem oña soñra atarjak hamyryñ ýugrumyny ýetirip otyrdy. Gyzynyñ geler wagtynyñ bolanyny ýatlap, ene oña özüne kömek berdirmek üçin garaşybam otyrdy. Ýöne ol soñky döwürlerde, göýä öýe aýagy çekmeýän ýaly, işde köp eglenerdi. Ejesi: «Eglendiñ-le, guzym?» diýse-de, oña: «Iş köp boldy» diýip, göwünsiz, gysgaça jogap bererdi. Işe gidende-de irräk çykaýanyny kem görmezdi.
Gelin demirýolçy bolup, ýañyrak işläp başlapdy. Goja öz ýerine bu işlere belet, çagalykdan bäri işlerine kömek edip ýören gyzyny geçirip, arkaýynlaşypdy. Gelin iki-üç ýyllykda ejesidir kakasynyñ soñra giç giýew edinäýme niýeti bilen peýlän ýigidine durmuşa çyksa-da, olar öñ bir-birleri bilen halaşmasalar-da, bir düşekden örüp ugransoñlar, ysnyşyp giderler öýdülse-de, soñra ol tama-da çykmandy. Almata okuwa giden ýigit soñ dolanyp, şol giden ýylam, ondan soñky ýylam gelmändi. Bir ýyla golaý mundan ozal, Kenjekeý ondan iñ soñky haty alyp, admsyndan tamasyny doly üzüpdi.Ýigit oña: «Kenjeke, sen gowy maşgala, sen tüýs demirýol ýassanyp ýaşajak gazagyñ aýaly. Meniñ bolsa ol durmuşsa seniñ ýanyña-da aýagym çekenok, bilemok näme üçindigini. Maña garaşma, Kenjeke! Bagtly bol!» diýip, bellisini edipdi. Şondan bärem ol durmuşda höwessiz, keýpsiz ýaşaýardy. Garrylar hem öz ýeke çagalarynyñ düşen halyna gyýlyp-gynanyp ýaşaýardylar. «Senem, gyzym, şähere okuwa git» diýip, onuñ şol ýerde öz hyrydaryny tapyp, bagtly boljagyna göwün ýüwürdip, oña maslahat hem berýärdiler. Kenjekeýiñ düşen gününe ejesi has-da ýanyp-bişýärdi, gyzynyñ ýalñyzlygyny ýatlap, mahal-mahal ol öýde ýeke galanda hiç kime görünmän, Hudaýa ýalbaryp aglaýardy. Häzir ol Täze ýyla hemişeki endigine görä taýynlanyp oturan hem bolsa, öýde baýramçylyga mahsus şagalañyñ bolmajagyny, iýlip-içilensoñ, gyzynyñ otagyna gidip, özüniñem irgözinden ýatyp galjagyny pikir edibem kemsinýärdi. Gyzy ýaş wagty Täze ýyllaryñ soñky ýyllaryñkydan has höwesli, has şatlyklh bolanlygyny gowulyk hökmünde kalbyna ýylylyk çaýyp ýatlaýardy.Daşky gapy açylyp, bir hümürdi gulagyna ilende, ene işinden başyny göterip, gapa tarap seretdi, şonda ol gyzynyñ bir adam bilen añyrdan tirkeşip gelenligini gördi. Şol pursatda ene geleniñ kimligini oñly görmäge ýetişmedigem bolsa, onda hamala gyzy öz taýyny tapyp, şonuñ bilen gelip giräýen ýaly duýgy döredi. Ol:

Dowamy bar ☘️
10
90
Lilia_
27 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýas
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.