awadan
24.12.2024 20:13
Iñ soñkyhekaýa 6-nji bölüm
– Men seniň şu sözüne garaşdym. Ony özümiň aýtmaga gaýratym ýetmedi. Men seniň hüýrüňdirin. Şu yhlasyň üçin, o dünýäde bar hyzmatyňy ederin…
– Kim bilen gepleşýäň, gyzym? – Mundan artyk saklanyp bilmedik Ogulbibi eje ýerinden galdy. – «Kim bar ýanyňda?» diýýän?
Merjen sesini çykarmady. Onýança-da o ýüzden Arslanyň sesi eşidildi:
– Men sygyraryn, üzümim. Meniň sykylygyma başyňy atgyn.
Ogulbibi eje gyzynyň ýanyna gelende, o ýüzde hiç kim ýokdy.
– Keýwany, şu ýakynda göwnüňde kimdir birine ýagşylyk etmek bar bolsa, meni naharla. Özem nahary Merjen janyň ýanynda iýjek. Şu günkim ýaly hiç mahal ajygyp göremok.
– Iýjegiňiz nahar bolsun! – Ogulbibi eje süňňüýeňillik bilen aşhana ugrady. Nahar bişirişinden onuň mydama göwni hoşdy. Adamsyndan iň öwgüli hem taryply sözleri bişiren naharynyň ýüzünden alýardy.
Sähel salymdan Merjeniň ýanyndan saçak ýazyldy. Onuň üstüni iýr-iýimşden, ak-gökden doldurdylar.
Aňrysy zat almasa-da, ejesidir kakasynyň yhlasyny syndyrmajak bolup, Merjen çörege elini ýetirdi. Ýaňy bir nahara başlapdylar welin, daşardan biri yhlas bilen sygyrdy. Ogulbibi eje göz astyndan gyzyna seretdi.
Merjeniň ysgynsyz bedenine kuwwat gelen dek boldy. Ol diňşirgenmäge başlady.
Sykylyk gaýtalandy.
Merjen kakasynyň bir zat diýerinden ejap edýän ýaly, çalaja baş atdy.
Sykylyk ýene gaýtalandy.
Merjen ýene baş atdy. Onuň ýüzünde birgeňsi ýylgyryş peýda boldy. Onuň ýylgyrmasyna Ogulbibi eje begenmek begendi.
– Bimahal wagt sygyrýan bu biedep kimkä?
– Bimahal däl, aýny wagty, kakasy. – Ogulbibi eje begenjini içinde ýaşyryp bilmedi. – Pasylyň şu döwründe oglanlar sygyrar, gyzlar baş atar.
– Biz-ä ugrama sygyrylýanyny senden eşitdik.
– Kakasy, senem ýaşkaň az sygyran dälsiň!
– Biz sygyrsak, ýönelige sygyrmazdyk.
– Bu sygyrýanam ýönelige sygyrýan däldir, kakasy! Sen çöregiňi arkaýyn iýiber.
Nämäniň nämedigine Öwez aga düşünen bolarly, ol başyny galdyrman, nahary bilen boldy.
Merjeniň işdäsi açyldy.
Gün geçdigisaýy Merjen tapdan düşdi. Kesel öýdäkileriň, köçede şöwür çekýän Arslanyň yhlasynyň ýüzüne urdy. Öwez aga-da, Ogulbibi eje-de kysmatyň agyr çözgüdine kaýyl bolupdylar.
Merjeni gelen-gideniň gözüniň astyndaky naýynjar bolup ýatmakdan halas etmelidi. Onuň indi özüni dürsäre, açygyny örtüp, aýybyny ýapara mejaly ýokdy. Onuň perişanlygyny gelen-gideniň görmezligi üçin, törki otaga geçirmegi makul bildiler.
Ogulbibi eje içki otagdan gat-gat edip düşekçe ýazdy.
– Gyzym, seniň aýdanyňy etdik. Seni özbaşyňa – aýratynja, törki jaýa geçireli diýdik. Hany, diklen – diýip, ol gyzynyň şamar saçyndan sypalady. Gyzynyň garysyna galmagyna tekge berdi.
Ol gyzyny içki jaýda ýatyryp, onuň düşegini ýygnamaga geldi.
Goşa ýassygyň aşagyndan ýüzlük pullar pytrap gitdi.
Ogulbibi eje ýitiren pullaryna ýylan gören ýaly tisginip seretdi. Gözlerine ynanman, haýygyp, yza tesdi.
Merjeniň ejesi depesinde direnip durdy. Merjen soragly nazaryň öňünde ejiz geldi. Onuň gözlerinden paýrap ýaş döküldi.
– Gyzym, pul gerek bolsa, aýdaýmaly ekeniň-dä! Men saňa janymy bermejekmi?!
Merjen agysyny goýup bilmedi. Ahyry tapdan düşüp köşeşdi. Günäli başyny ýaýkady.
– Eje, «Ogrulara hiç zat bolanok» diýdiň-ä. Iň soňky umydym…
Daşardaky sykylygy içerdäkiler eşitmedi.

Soñy...
9
112
aymakowa
4 Yanwar 2025
Yzy yokmu
thebestmom
2 Yanwar 2025
Eýýý näme üçin soňy ýogaý?!
3456
25 Dekabr 2024
Wahey sony name bolduka
ddddd
24 Dekabr 2024
Name bolly🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.