awadan
25.12.2024 17:03
Täze ýyl heseriHekaya 2-nji bölüm
Ýigit ýola şaýlanyp durka howanyñ öwzaýyny synlap: «Täze ýyla bir ýagaýady, asman-zemin agaryp, bar zat täzelener ýaly, ýöne ýagsa-da, men demirýola ýetip, otla münenimden soñ başlasyn, şonda Aşgabada gary yzyma düşürip, özüm alyp baranym ýaly bolar» diýip höwes edipdi.
Ol töweregiñ depelerine, olary aralabrak dörän, häzir ümsümlige öwrülip, garalybrak oturan jülge-saýlara, onda-munda okaralaryny sereşleşip, asmanyñ nemine göwün ýüwürdişip oturan gelinbaldyr keýigokaralara-da üns bermän, özüniñ yzynda küregenledip gar ýagdyryp Aşgabada barşy hakda, ak gary basgylap, täze tapylan gelin bilen ýöräp barşyny pikir edip, töweregine üns bermän, gümralyga berilýärdi.
Howanyñ ýyly däldigine seretmezden, ýigit biraz ýöränsoñ derçigip, onuñ egnine geýen köýneginiñ öñünde-arkasynda bölek-bölek ýerleri tenune ýelmeşip ugrady. Süññünden ýeñiljek bug göterildi. Ýigit ädimini haýallatmady.
Birsalymdan çölüñ arkasyny sypalaýana meñzäp ösýän aram şemal birýerlerden goýun ýüñüniñ ysyna gatylan ýiti çör ysyny getirdi. Tizdenem golaýdaky göbek bolup oturan depäniñ üstünde añyrdan otlap, depäniñ güneý tarapyna agyl berip agyp gelýän goýun sürüsi göründi. Öwez, belki, onuñ çopan-çolugyny tanasa-da tanaýandyr. Sebäbi geologlar bu öwräniñ çopanlarynyñ köpüsi bilen tanyşdylar, gatnaşykdadylar. Ol sesýetimde süriniñ töwereginden oýtarlap, çopan taýagyny biline kese basyp, onuñ her ujundan bir goluny geçirip, uçmaga ganat ýasanan ýaly bolup ýören çopany görse-de, häzir oña üns bermedi, ýogsam çölde gowy görülýän zat dünýäde ýeke galan ýaly bolup ýörkäñ, kimdir biri bilen duşuşyp, gümür-ýamyr etmekdi, şeýle pursatda adam hamala ýene-de köpe goşulan ýaly gönençli — özi üçin ýakymly bir duýgyny başdan geçirýärdi.
Häzir onuñ hatda bi gowulyga saklanmaga-da wagty ýokdy. Indi birmahaldan bäri ýetişip münmeli otlusy onuñ pikirinde, her menzili bir basyp, Kösäniñ Bozdumany ýaly güpürdäp, howlugyp badalga ýetip gelýärdi.
Häli-şindi ol özüni gözli-başly etmek üçin alada galyp ýören aýaldoganydyr giýewsini, janköýerlik edýändikleri üçin, täze tapylan gelinligiñ pikiriniñ ýany bilen minmetdarlyk bilen ýatlaýardy. Ol gelinligini heniz görmedik-de bolsa, ony öz höwes edişi ýaly eti-gany ýerinde, ortadan ýokarrak boýly, ýüzi hoşroý, gözastyndan özüne hyrydar seredýän maşgala hökmünde göz öñüne getirýärdi. Täze ýyly mele gelnuñ huzyrynda garşylaýşyny özüçe süýjülik bilen ýatlaýardy. Öwez indi bireýýämden bäri beýle ýakymly duýgyny başdan geçirmändi.
Onsoñam, Täze ýyl her gezek şeýdip golaýlap gelende ýürekleri ersdirip, adamlary depesi şemallh arzuw-höwes atlaryna ataryp, ýeldirgedip alaýmasy bardy. Täze ýylyñ öñüsyrasynda ýene bir has ýiti duýulýan zat — o-da ýalñyzlykdy. Adam şeýle pursatda dünýäde özüne ýer tapanok. Öwez ýoldaşlary dynç alşa gidende hem öýünde özüne garaşýan şu ýekelikden elheder alyp, Aşgabada gitmän, çölde galypdy. Gör, bu durmuşyñ oýunlaryny! Täze ýylyñ heseri galtan ýigit heniz özüne taý boljak gelni görmedigem bolsa, onuñ yşgyna berlip, aýagy ýere degmän, ýeñil gopup, çöl söküp barýar.
Ýigit ýöne näçe arzuw-islege berlip, özüni ganatlandyryp ýörän-de bolsa, barybir, otla ýetişip bilmedi. Onuñ badalganyñ sesýetimligindäki bir depäniñ üstüne çykanam şoldy welin, ol hatar gurup ugrap barýan otly kerweniniñ soñky wagonlaryny görüp galdy. Indi bolsa ol hol, barýar temegine ýel alan taýçanak ýaly taýzaryp. Eden azabynyñ ýerine düşmänligine Öwez diýseñ lapykeç boldy. Ol şol duran ýerinde kejigip, goşhaltasyny gapdalyna atyp, derini sylyp, özünden güýçli ýaga duşan it ýaly, lapykeç lampa oturdy. Otlynyñ bu ýerden juda seýrek geçýänligini ýatlan wagty bolsa, ol hasam kejikdi.

Dowamy bar ☘️
10
106
Lilia_
26 Dekabr 2024
Hawa gyzykly dowamyna garaşýas
ddddd
25 Dekabr 2024
Goyayyn
awadan
25 Dekabr 2024
Dowamyny goyayynmy gyzyklymy???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.