awadan
29.12.2024 13:27
Täze ýyl heseriHekaýa 6-nji bölüm
Öwez içinden: «Gazak gelinleri degişgen bolýar» diýip, eşiden gürrüñini ýatlap: «Bu gelinde-de görýän weli, «Oýun kän-ow!» diýip küýlendi.
Her ýylyñ ynsany ýakymly hyýala düşürýän Täze ýyl şemaly onuñ gelmezinden iki aýa golaý dagy öñünden öwsüp ugrardy. Bulut gelip, dereleri duman alyp, meýdanlary gyraw örtüp, dünýä höwesli güýzärdi. Şol bir wagtda hem bu adamlaryñ Täze ýyl bilen bagly pikirileriniñ döräp, isleg-arzuwa öwrülip, ýaýrap ugran pursady bolardy. Ine, şondanan onuñ Täze ýylda ýazasy gelýän toý saçagynyñ başynda özüniñ görmek isleýän adamlaryny mahal-mahal pikirinde üýşürip-çaşyrmak möwriti başlanýardy.
Birsalymdan eginlerine, depesine gar alyp, garaşylýan goja hem samyrdap, aýaklarynu bosagada, tarp-tarp kakyp, gapydan girdi:
— Haý, bu gurbany gitdigimiñ ýagaýşyny? — diýip, gapynyñ öñünde duran ýerinde ýapbaş telpegini başyndan çykardy. Soñ öwrülip, egnine geýen güpbisiniñ eginlerindäki garynu kakyşdyrup durdy. — Görýän welin, birki ýyllap dagy Täze ýylda ýagmansoñ, ýagasy gelip giden ekeni munuñ! Penje-penje torgaýlap küregenleýär…
Şol barmana-da onuñ nazary gapynyñ beýleräginde jüplenip goýlan del ädige düşdi. Begendi.
— Tümen-ä gelen däldir-dä? — diýip, geläýmegi ahmal garyndaşlarynyñ biriniñ adyny tutdy.
Kenjekeý añyrdan gelip, kakasynyñ çykaram güpbüsini asaçdan asmaga kömek edip durşuna:
— Ata, bizde myhman bar! — diýip, ony ýagdaý bilen tanyşdyrdy.
— Myhman bolsa, ol Hudañ halanydyr. Otludan dagy galan bolsa gerek?
— Hawa, otludan galan.
Bu sözi aýdan mahaly gojanyñ gyzynyñ biraz gyzaryp-bozaranyna ünsi düşmedi.
Ol garyñ ýagmagyndan yrym tutup, şeýle günde myhmanyñ gelmegine ýetip gelýän bir gowulyhyñ alamaty hökmünde öz ýanyndan begendi.
Añyrdan gelşine-de öz öýüniñ töründe oturan myhman bilen şol bir wagtda onuñ nähili adamdygyna çen urma bilen iki elini uzadyp, mylakatly salamlaşdy. Aýal maşgalanyñ yzyna düşüp geleni üçin biraz öýde müýnlüräk oturan Öweze gojanyñ açykýüzliligi ýarady. Gojanyñ parahat ýüzi, şöhlesi gaýdyşyp ugran ýakymly, boldumly ýüzüne mahsus nazary bardy. Öýüñ içi ýylydy, ýakymlydy. Myhmanyñ gapdalynda oturyp, goja ýañybir onuñ bilen soraşyp-ideşip ugran mahaly, edil ýeñse ýanynda damja şytdyldysyny eşitdi. Ol şol ýana öwrülende jaýyñ üçeginiñ iç ýüzünde çyg düwmeleriniñ örüp, indem ownujak damjalara öwrülip, iki-ýekeden damyp duranlygyny gördi. Bu gojanyñ gurbaga kölüne kesek oklap, keýpini aldy. Onuñ geçen ýyl şol ýerden çyg geçende, bir ussany tapyp, şol ýeriñ döwük şiferini täzeledeýin diýip pikir edeni diñe häzir ýadyna düşdi. Unudyp, onuñ wagtynda aladasyny etmänligine ökündi. Garyñ diñe bir ýagman, mundan soñ onuñ assa-ýuwaşdan ýeriñ pesi bilen eräp ugranlygy hem belli boldy.
Üçekden iki-ýekeden damýan damjalar eýýäm poluñ ýüzüni ýalpyldadyp, oña düşegiñem bir bölegini ezmäge ýetişipdi. Goja ony görüp, adyny tutup, dessine gyzyny ýanyna çagyrdy.
— Kenjekeý, munda gel balam! Taz bilen esgi-de alyp gel. Gar eräp, damyp ugrady.
Kenjekeý atasynyñ sesini eşidip, oña goñşy otagdan «hä» berensoñ, eline taz bilen bir bölek mata alyp içerik girdi. Soñra ol orta ýazylan toý saçagyny biraz ýeñseräk çekmeklerini erkeklerden sorap, özi dessine, poly ezen ýagyş damjalarynu esgi siñdirip ýygnamagyñ ugruna çykdy. Poly mazaly süpürensoñ, her daman damja şyt-şytlap, ýürege düşüp durmaz ýaly, legeni ol ýere goýup, onuñam içine daşary äkidip sykyp gelen esgisini ýerleşdirip, ýaýraw alyp barýan çygyñ öñüni aldy.
Öwez seretmäýin diýse-de, iş edip oturan gelniñ ak bileklerinden, ygtyýarly hereketlerinden nazaryny sowup bilmeýärdi. Ol ýagdaýy görüp oturyşyna öz ýanyndan howanyñ maýyl günleriniñ birinde ýoldaşlarynyñ biri bilen gelip, gojanyñ öýüniñ üçegini bejerip bermegiñ pikirini etdi.
Kenjekeý myhmanyñ ýüzüne uýalybrak seredip: «Şeýleräk ýagdaýymyz bardyr» diýensoñ, ýene-de içerini tertibe salyp, ýeñil gopup, ýylgyryp çykyp gitdi. Daşarda bolsa ak bilen gara garylyp dünýä barha goýalmak bilendi.
Goñşy jaýda mylgyryp bişip duran etiñ tamşandyryjy, ýakymly ysy otaga dolupdy.

Dowamy bar ☘️
10
173
flowers_
4 Yanwar 2025
@awadan, dowamyny sorayan bolsalar, diymek okayan bar bolmaly
awadan
4 Yanwar 2025
@3456, Yzy bar okomana adam yok
3456
3 Yanwar 2025
Yzy yokmy
Lilia_
1 Yanwar 2025
Dowamy yokmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.