Täze ýyl heseri Hekýa 5-nji bölüm«Ahyrsoñy!» diýip, uludan bir demini alyp, mañlaý derini eliniñ tersi bilen sylup goýberenini hem duýman galdy. Onýança-da ýigit aýak çekip, başy ak başatarly zenana biraz uýalybrak salam berdi. Ene ýigidi aýnada görlen ýaly tanamak isläp, salam alyp, ony aýratyn bir yhlas bilen siññin synlady. Onýança-da habaryny berip, Kenjekeýiñ özi dillendi:
— Şeşe, men myhman getirdim!
— Gelen — rysgal, geçiberiñ!
— Ol şu töweregiñ gözlegçi-geologlarynyñ biri. Ýañy otludan gijä galdy.
— Haý, bolmandyr. — Garry ene birbada ýigidiñ düşen haly barada oýlanyp, oña nebsi agyrdy.
— «Otla çenli bizde oturyber» diýdim.
— Gowy edipsiñ. Geçiber töre. Kakañam maña geçini soýup berensoñ: «Mallara aýlanyp geleýin» diýip gidipdi. Indi o-da uzak eglenmez, geler.
— Garam ýagyp ugrady.
— Onda indi meýdanda uzak eglenmez, malyny ýataga gabar. Sen myhmany öz otagyña geçirip, bir käse çaý ber…
Men Täze ýyl saçagynam, giñräk görüp, seniñ jaýyñda ýazandyryn.
Bu sözi ol myhmsn geljeginem añypdyryn diýen äheñde aýtdy. Kenjekeýe «Bolupdyr» diýip, myhman bilen öz otagyna geçdi.
Soñra ähli zat myhmanly öýüñ adatyna görä boldy. Törüne myhman gonansoñ, gelniñen ýüzi açylyp, diliniñ süýjäp ugrany belli boldy. Ol myhmanyna oturmaga ýer görkezip, çykyp gidensoñ iş geýimini çalşyrynyp, özüne gelişýän uzyn etekli köýnegini geýip, başyna owadan ýaglyk baglap, gözleri balkyldap duran görmegeý gelin bolup geldi. Soñundanam Öweze süýtli çaý hödür etdi. Onsoñam gazak gelinleri ol çaýam öz elleri bilen özleri guýup bermeseler, göwünlerine jaý etmeýärler. Şol barmana-da gelin myhmanyna heniz oñly tanyşlyk bermänini ýatlap, sähelçe aşak bakyp uýatly ýylgyrdy:
— Meniñ adym-a Kenjekeý, seniñ adyñ näme?
Öwez içinden: «Kenjekeý, Kenjekeý. Türkmeniñ «Kemjekerdem däl» diýen gepi bilen utgaşyk eken-ow» diýip, garagol pikir bilen oýlanansoñ: «Menem — Öwez» diýip, gelne olam öz adyny aýtdy.
— Öwez, bu gazakda-da ýörgünli atlaryñ biri.
Şol barmana-da gelniñ bu adyñ manysy barada oý ýöredenligi belli boldy. Ol:
— Bizd-ä Öwez at, köplenç, ýitgisi ýatlanylyp, şonuñ deregine gelen çaga dakylýar.
— Bizde hem şeýleräk öýdýän — diýip, çaý içip derçogip oturan Öwez oña öz adynyñ manysy hakda henize çenli oýlanybam görmänligini duýdurmazlyga çalyşdy. Kenjekeý pikire berlip:Men bolsa seniñ adyñ Garlymyka öýtdüm. Sen gar ýagdyryp geldiñ! — diýdi.
Öwez şol barmana gelniñ gep saluwynda duýlar-duýulnaz henek gatanjynyñ barlygyny duýdy.
Çaý başynda Öwez dymyp oturmazlyk üçin on-ýigrini kilometrlikdäki özleriniñ geçirýän gözleg-barlag işlerini ýatlady. Indi iki ýyldan bäri şol ýerde gözleg geçirýändiklerini gürrüñ berdi. Kenjekeý ony diñläp:
— Siz gözleýän zadyñyzy henizem tapañzokmy? — diýip, soñundan köpmanyly, ýeser ýylgyryp goýberdi.
— Siz, näme, gözleýän zadyñy tapmak şeýle añsatdyr öýdýärmisiñiz, eýse? — diýip, gelniñ söz öwrümine düşünen Öwez hem dessine ýylgyryp, oña öz hörpünde jogap berdi we garşydaşynyñ muña özüçe düşünip, gyzaryp-bozaryp gidenini gördi.Kenjekeý biraz oturyp, birki oýnam gep alşyp, myhmany bilen saldarlaşyp görensoñ, Öweziñ ýanynda özüniñ ärini gören heleý ýaly, birhili, düşnüksiz halda höwese berlip, süññüniñem goram-gowşak bolup barýanyny duýansoñ, syr bildirmezlik üçin, bahana tapyp turmak bilen boldy.
— Men eneme-de biraz kömek edeýin — diýip, ejesiniñ taýynlyk işlerine kömekleşmek üçin beýleki otaga geçdi. Telewizoryñ öñünde Öweziñ birsalym bir özi galdy.
Dowamy bar ☘️