Paradise
25.06.2020 22:53
Dür — dür,
Zer — zer.
Sözleň şulaň ikisem.
Parhy ýok, bilýäsmi, bilmeýäsmi ýa.
Güýzleň duýgurlygy bolmalysymy,
Seniň ap-ak duýgularňa bäsmi ýa?!
Kalplaň basgançagyn külterlän jenan!
Paýhasmy?
Duýgumy? —
Haýsysy senaň?
Bu däli başymy çalmasyn şemal,
Çalaýsa, pikirlem ýatan läşmi ýa...
Ynam, umyt Kalby kämilleriňki,
Sada göwün göwni tämizleriňki,
Bagtyýarlyk ömri tämizleriňki,
Diýmelimden heniz bu kem-käsmi ýa?!
Aňsat däl, juda kyn ýaranmak hemmä,
(Ýaranjak bolýanlar meňzeýär ýeňňä)
Goşgym üçin baha gerek däl.
Emma
aýdyp goýber, baham 3-mi?
5-mi ýa?
Sapa Hommadow
44
737
Paradise
23.06.2020 18:11
Ýoklugyňda dünýä dagy nämejik,
Sygman ýördüm bu biserhet Äleme.
Seni gören çagy, aklyn ýitirip,
Deregine bagtyn tapan däli men.
Bir garaýşyň döküp gitdi çanaklap
Sabyr-takadymy – çemçeläp ýygnan.
Soň gijeleň gözlerine dürtüldim,
Eçilen ylhamyň kapyýa sygman.
Aradaşlyk päsgel bermez yşgyma,
Görjek bolsam, gözüm ýummak ýeterlik.
Her säher posaňy eçilýär maňa
Gülleň pudagyndan syrygan terlik.
Ýetjek boldum, nesibämden öňürdip,
Dymma ýollaň özi alyp barsa-da.
Seni gözläp, “ýaşaýyş bar” diýseler,
Il uklansoň baryp gaýtdym Marsa-da.
Maňa eliňi ber, ynamyňy ber,
Erk özüňe gerek bolar, berme-de.
Kaýyldyryn söýgiň ýaly uly bagt,
Iki barmak maňlaýymda ýerlese.
44
573
Paradise
21.06.2020 23:38
Saçlaryň agaryp ýetişmändirem,
Köne suratlarda galypdyr keşbiň.
Juda ir gidipsiň, gidipsiň juwan,
Atama galdyryp maşgalaň keşgin.
Ejem şeý diýýärdi: «Gaýnenem bolsa,
Aljyramda degerdi-le gözüme...»
Alty gyzyň birjesinem bir gezek,
Nesip etmändir-dä sylmak ýüzüňe.
Heniz çagajykdym, çagadym entek,
Joralarym: «Ene!» diýse owsunyp,
Aglardym tamarkaň burçuna geçip,
Enesiz öýmüzden juda kemsinip.
Jigimiň birine dakdyk adyňy,
«Ejem» diýip ýüzlenýärler ogullaň.
Ýok, bize pylanyň gyzy diýlenok,
Agtyklary diýýändirler Ogullaň!
49
615
Paradise
19.06.2020 23:57
Ýaşaýarys bir köçäniñ ugrunda,
Dem alýarys howasyndan bir şähriñ...
Ýöne ikimizem kemli ýaşaýas,
Saña wagt ýetenok, maña señ mähriñ.
Kimler sataşmaýar bu köçe bilen,
Olaryñ köpüsi ýatdyr bu ýerde.
Biz bolsa sataşman aýlanyp ýörüs,
Bahanalar bilen ýapynyp perde.
Gürlesek, "bizem kän agtarýamyşyk",
Ugruny duşuşyp gatnaşyk açmañ.
Ýöne hakykatda parhsyzlygymyz
Bize päsgel berýär aýgyda geçmän.
Du:şman geçen nesibesiz günlere,
Ýazylan ýazgydyn bu şum täleýiñ,
Pozmak isläp şunça azap çeksemde
Başardanok, başaramok häli-ýem.
Gyssanýanym üçin bagyşla joram,
Ýa bu goşgy üçin gelmesin gahryñ!
Biz öz kemimizi doljak bolaly,
Saña wagt ýetenok, maña señ mähriñ.
46
681
Paradise
10.06.2020 22:04
Gül kibimi, gülkülimi bilmedim,
Günler meni bir hala-ha salypdyr.
Düşnüksiz däl seniñ beýle gülmegiñ,
Meniñ oýum saña oýun bolupdyr.
Okaman başlapdyr gözleñ ýüregmi.
Saýgarañok indi setirleñ ardyn.
Soñky döwür goşgularma göz aýlap,
Ýañsa salyp ýylgyrmagy çykardyñ.
Unutdyñ dilimi, ýat boldum saña,
Şeýdip sowuk düşdi, açyldy ara.
Belki-de kim bilýär, göwün gaýygyñ
Baryp düşdi mundan başga kenara.
Men ýene-de sessiz galdym, yzyñda
Gizläp bilmän gözlerimiñ garasyn.
Çalaja pyşyrdap, eşitmeseñ-de
diýdim: “Söýgimiziñ yzy ýarasyn!”
Birden çagba guýdy, sowuk damjalar
Geçäýenok hol daşymdan aýlanyp.
Emma seniñ ezilmedi köýnegiñ,
Şeýle bolýar ýeñil düşse aýralyk.
47
742
Paradise
01.06.2020 23:32
Dostlarym, gijaniz rahat bolsyn!
Ynjalsyn ýürekler, dynç alsyn göwre.
Howpurgap oýanmañ, gara basmasyn,
Gije düýşiñizde sallançak üwrañ!
Ýazylsyn öýkeler, undulsyn kine,
Gahar-gazap gitsin tüsse deý gaýyp.
Ýigitler, wepaly söwer ýaryñyz,
Ýatsyn gujagyñyzda saçlaryn ýaýyp.
Tolgunyp ogrynça, bakan ýigdekçä
Biperwaý sereden bolupdyñ sen, gyz!
Ýygralyk huşuñda salsañ-da badak,
Düýşiñde bir seni goýmasyn ýalñyz!
Säher ukyñyzdan oýarsyn guşlar,
Täzeden doglan dek dünýä ser salyñ.
Dostlarym, gijaniz rahat bolsyn
Bu gohly dünýäni unudyñ birsalym!
???????????????
48
262
Paradise
30.05.2020 23:16
Indi nädip söze sygnyp gezeýin?!.
Sözlerem güýjüni ýitirdi, hakyt!
Eý, meniň bar-ýok ýerlermiň bezegi,
Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!
Sözleriň — sallançak, sesiňem hüwdi.
Aňymda-da görülmedik düýş ýatyr…
Men, hatda, şolardan geçipler diýdim:
— Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!
Ýok, ýok, sen aýdyber, sözem bir sungat.
(Ynansyn, gözlerňi görmedik pakyr).
A men pyşyrdaryn, bar bolsa gurbat,
“Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn…”
“Iki dag” diýerin,
ýa “iki ada”…
Hem o dünýä, hem bu dünýä deňärin.
Olar meni ýaňra etmese-etmez,
Ýöne olar köp ýazdyrar, sebäbi —
Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn.
Iki sany deňiz ýakyn – dup-dury.
Ol deňizleň birje tolkunna degmez,
Çekimli-çekimsiz sesleň gopguny!..
48
242