Geçmiş şeýle bir jadyly zat welin, käwagt hiç haçan ondan gözümizi alyp bilemizok, ol bizden näçe uzakda bolsa-da, garaşylmadyk wagtymyz beýlekilerden düýpgöter tapawutly bolmadyk islendik bir gijede geçmişimize tarap syýahat edip başlaýarys.
Gelejek ýaly geçmişem garaşylmadyk ýagdaýlardan we pursatlardan doly, ýöne biz olar üçin taýynmy ýa-da ýokdugymyzy hiç haçan bilip bilemizok.Biz diňe gorkularymyza we islemezligimize garamazdan, gorkak we ejiz ädimler bilen oňa tarap syýahata barýarys. Ýöne bir gün biziñ hemmämizem hökman geçmişiň gapysyny kakmaly bolýas.