Paradise
30.05.2020 23:16
Indi nädip söze sygnyp gezeýin?!.
Sözlerem güýjüni ýitirdi, hakyt!
Eý, meniň bar-ýok ýerlermiň bezegi,
Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!

Sözleriň — sallançak, sesiňem hüwdi.
Aňymda-da görülmedik düýş ýatyr…
Men, hatda, şolardan geçipler diýdim:
— Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!

Ýok, ýok, sen aýdyber, sözem bir sungat.
(Ynansyn, gözlerňi görmedik pakyr).
A men pyşyrdaryn, bar bolsa gurbat,
“Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn…”

“Iki dag” diýerin,
ýa “iki ada”…
Hem o dünýä, hem bu dünýä deňärin.
Olar meni ýaňra etmese-etmez,
Ýöne olar köp ýazdyrar, sebäbi —

Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn.
Iki sany deňiz ýakyn – dup-dury.
Ol deňizleň birje tolkunna degmez,
Çekimli-çekimsiz sesleň gopguny!..
48
242
Kartanesi
31 May 2020
Gowy menem Hudaya şükür
Paradise
31 May 2020
Gowy ozunizem gowmy Kumuş.
Kartanesi
31 May 2020
Mana sözlerinden gözlerin yakyn ?

Gowymy Jennet bamysynyz
sitata02
30 May 2020
gouja gosgy eken
Paradise
30 May 2020
Yok ozum duzmedim awtoryny bilemoga
sitata02
30 May 2020
goui gosgy ozun duzdunmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.