Paradise
23.06.2020 18:11
Ýoklugyňda dünýä dagy nämejik,
Sygman ýördüm bu biserhet Äleme.
Seni gören çagy, aklyn ýitirip,
Deregine bagtyn tapan däli men.

Bir garaýşyň döküp gitdi çanaklap
Sabyr-takadymy – çemçeläp ýygnan.
Soň gijeleň gözlerine dürtüldim,
Eçilen ylhamyň kapyýa sygman.

Aradaşlyk päsgel bermez yşgyma,
Görjek bolsam, gözüm ýummak ýeterlik.
Her säher posaňy eçilýär maňa
Gülleň pudagyndan syrygan terlik.

Ýetjek boldum, nesibämden öňürdip,
Dymma ýollaň özi alyp barsa-da.
Seni gözläp, “ýaşaýyş bar” diýseler,
Il uklansoň baryp gaýtdym Marsa-da.

Maňa eliňi ber, ynamyňy ber,
Erk özüňe gerek bolar, berme-de.
Kaýyldyryn söýgiň ýaly uly bagt,
Iki barmak maňlaýymda ýerlese.
44
573
Milaşka
23 Iýun 2020
Gowmy paradise gowja ekeni gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.