Ýaşaýarys bir köçäniñ ugrunda,
Dem alýarys howasyndan bir şähriñ...
Ýöne ikimizem kemli ýaşaýas,
Saña wagt ýetenok, maña señ mähriñ.
Kimler sataşmaýar bu köçe bilen,
Olaryñ köpüsi ýatdyr bu ýerde.
Biz bolsa sataşman aýlanyp ýörüs,
Bahanalar bilen ýapynyp perde.
Gürlesek, "bizem kän agtarýamyşyk",
Ugruny duşuşyp gatnaşyk açmañ.
Ýöne hakykatda parhsyzlygymyz
Bize päsgel berýär aýgyda geçmän.
Du:şman geçen nesibesiz günlere,
Ýazylan ýazgydyn bu şum täleýiñ,
Pozmak isläp şunça azap çeksemde
Başardanok, başaramok häli-ýem.
Gyssanýanym üçin bagyşla joram,
Ýa bu goşgy üçin gelmesin gahryñ!
Biz öz kemimizi doljak bolaly,
Saña wagt ýetenok, maña señ mähriñ.