Paradise
10.06.2020 22:04
Gül kibimi, gülkülimi bilmedim,
Günler meni bir hala-ha salypdyr.
Düşnüksiz däl seniñ beýle gülmegiñ,
Meniñ oýum saña oýun bolupdyr.

Okaman başlapdyr gözleñ ýüregmi.
Saýgarañok indi setirleñ ardyn.
Soñky döwür goşgularma göz aýlap,
Ýañsa salyp ýylgyrmagy çykardyñ.

Unutdyñ dilimi, ýat boldum saña,
Şeýdip sowuk düşdi, açyldy ara.
Belki-de kim bilýär, göwün gaýygyñ
Baryp düşdi mundan başga kenara.

Men ýene-de sessiz galdym, yzyñda
Gizläp bilmän gözlerimiñ garasyn.
Çalaja pyşyrdap, eşitmeseñ-de
diýdim: “Söýgimiziñ yzy ýarasyn!”

Birden çagba guýdy, sowuk damjalar
Geçäýenok hol daşymdan aýlanyp.
Emma seniñ ezilmedi köýnegiñ,
Şeýle bolýar ýeñil düşse aýralyk.
47
742
Paradise
21 Iýun 2020
Wi bagyşla Gulsat
Bts
20 Iýun 2020
Salam Jennet kop kop sag bol yone men Gulshat
Paradise
20 Iýun 2020
Salam Bagül howa doglanymyzda bolmaly
Bts
19 Iýun 2020
Jennet seret kyn gormesen bir sorag berjek men kop wagtdan shu soraga kellami agyrdyp yorunda

Belki-de durmuşyň agyrlygyndandyr, doganymyzda aglamagymyz...shu sozlemde yalnysh barmy senince men pikirimce shol doganymyzda dalde doglanymyzda bolmaly dalmi name

Barlagcy sizem shuna jogap berseniz kem bolmazdy kyn gormeseniz
Annagurban
14 Iýun 2020
Süleýman Hojanepesow goşgyň awtory
Kartanesi
10 Iýun 2020
Dowran dayymam goydy şu goşgyny?

Salam Jennet gowymy yagdaylan kan gorunenokla
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.