Paradise
21.06.2020 23:38
Saçlaryň agaryp ýetişmändirem,
Köne suratlarda galypdyr keşbiň.
Juda ir gidipsiň, gidipsiň juwan,
Atama galdyryp maşgalaň keşgin.

Ejem şeý diýýärdi: «Gaýnenem bolsa,
Aljyramda degerdi-le gözüme...»
Alty gyzyň birjesinem bir gezek,
Nesip etmändir-dä sylmak ýüzüňe.

Heniz çagajykdym, çagadym entek,
Joralarym: «Ene!» diýse owsunyp,
Aglardym tamarkaň burçuna geçip,
Enesiz öýmüzden juda kemsinip.

Jigimiň birine dakdyk adyňy,
«Ejem» diýip ýüzlenýärler ogullaň.
Ýok, bize pylanyň gyzy diýlenok,
Agtyklary diýýändirler Ogullaň!
49
615
barlagcy
21 Iýun 2020
Ýagşydan at galar.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.