Dür — dür,
Zer — zer.
Sözleň şulaň ikisem.
Parhy ýok, bilýäsmi, bilmeýäsmi ýa.
Güýzleň duýgurlygy bolmalysymy,
Seniň ap-ak duýgularňa bäsmi ýa?!
Kalplaň basgançagyn külterlän jenan!
Paýhasmy?
Duýgumy? —
Haýsysy senaň?
Bu däli başymy çalmasyn şemal,
Çalaýsa, pikirlem ýatan läşmi ýa...
Ynam, umyt Kalby kämilleriňki,
Sada göwün göwni tämizleriňki,
Bagtyýarlyk ömri tämizleriňki,
Diýmelimden heniz bu kem-käsmi ýa?!
Aňsat däl, juda kyn ýaranmak hemmä,
(Ýaranjak bolýanlar meňzeýär ýeňňä)
Goşgym üçin baha gerek däl.
Emma
aýdyp goýber, baham 3-mi?
5-mi ýa?
Sapa Hommadow