Karaleva_
05.08.2024 00:21
Alymlar üstünden, takmynan, 500 million ýyl öten, mikroskop astynda görünýän liçinkanyň galyndylaryny tapdylar. Hytaýyň Ýunnan welaýatyndan tapylan, çäge zerresiniň ölçegindäki galyndynyň nerwleri, gan aýlanyş ulgamy, aýaklary we gözleri, hatda beýnisi hem saklanyp galypdyr - diýip, Live Science ýazýar.
Galyndy kembriý döwrüne degişli Ýuanşan gaýasyndan tapyldy. Liçinkanyň ýumşak dokumalarynyň saklanyp galmagy, megerem, onuň ýaşan suwunda fosforyň köp bolandygy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Ölümden soň fosfor dokumalaryň ornuny tutup, galyndyda olaryň gurluşyny saklapdyr.
Youti yuanshi (hytaý diliniň “liçinka” we “ýönekeý” sözlerinden gelip çykýar) diýlip atlandyrylan liçinka täze görnüşe degişli we möý, leňňeç we mör-möjekler ýaly, häzirki zaman bognaýaklylarynyň ata-babasy bolmagy ähtimal. Onuň gabarasynyň kiçijikligi (çäge zerresi ýaly) we näzikligi tapyndyny hasam özboluşly edýär.
“Haýsy galyndylary tapmak isleýändigim barada pikirlemde, hemişe bognaýaklylaryň liçinkasyny tapmagyň arzuwyny edýärdim. Esasy zat, ösüş baradaky maglumatlar olaryň ewolýusiýasyna düşünmekde şeýle möhüm rol oýnaýar. Ýöne bu jandarlar şeýle bir kiçijik we näzijek welin, olary gaýalardan tapmak mümkin däldi - ýa-da men şeýle pikir edýärdim "- diýip, barlagyň awtory, Beýik Britaniýanyň Darem uniwersitetiniň paleontologiýa ugrundan dosenti Martin Smit aýdýar.
Bu tapyndy alymlara bognaýaklylaryň irki ewolýusiýasy, esasanam, beýniniň we nerw ulgamynyň ösüşi barada gymmatly maglumatlary berýär.
tmcars
8
16