Hytaýyň Hunan welaýatynda täsin bir waka bolup geçdi. Sýuý San atly bir aýaly şol bir adam iki gezek ýapda gark bolmakdan halas etdi. Bu waka barada South China Morning Post neşirinde gürrüň berildi.
Birinji waka köp ýyl mundan ozal, Sýuý San mekdep okuwçysy wagty bolup geçýär. Ol howdana gaçýar we esger Tan Kemin ony çykarýar.
Ikinji waka 25 ýyl soň, 17-nji iýulda bolup geçýär. Eýýäm uly ýaşly Sýuý San awtoulag heläkçiligine uçraýar-da, ulagy ýene şol ýaba gaçýar. Ulagyň kabinasy derrew suwdan dolup başlaýar, gapylary bolsa petiklenýär. Hytaýly zenan diňe ulagyň penjiresindäki kiçijik yşgalaňdan kellesini çykaryp, kömek sorap gygyrmaga ýetişýär.
Indi eýýäm 71 ýaşly weteran Tan Kemin şol wagt golaýda bir ýerde nahar bişirýän eken. Ol zenanyň kömege çagyryp gygyrýanyny eşidip, ýene halas etmäge howlukýar. Birnäçe synanyşykdan soň, ol bagda ulanylýan kätmen bilen ulagyň penjiresini döwýär we Sýuý Sana ulagyň suwdan dolan kabinasyndan çykmaga kömek edýär.
Ýerli oba komiteti gaýduwsyzlygy we tutanýerliligi üçin Tan Kemine "Obanyň batyr we hoşniýetli ýaşaýjysy" diýen hormatly ady berdi.
Sýuý San halasgärine hut öz adyndan minnetdarlyk bildirdi we diňe söhbetdeşlik wagtynda 25 ýyl mundan ozal bolan waka ýatlaryna düşdi, şonda özleriniň ozaldan hem tanyşdyklaryna düşünip galdylar.
Tmcars