Karaleva_
04.08.2024 23:12
Bostonda ýerleşýän Perceptive kompaniýasy koronka oturtmak üçin dişi özbaşdak gyryp bilýän ilkinji robot diş lukmanyny hödürledi.

Emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot işi adaty usuldan birnäçe esse çalt - 15 minutda tamamlaýar. Bu amaly ýerine ýetirmek üçin adaty lukmanlara iki sagatlyk iki seans gerek bolýar diýip, Business Wire ýazýar.
Bu amal näsagyň agyz boşlugyny 90 göterim takyklygy bilen görkezip, dişlerdäki boşluklary kesgitleýän OCT skaneri arkaly gözden geçirmekden başlanýar. Maglumatlary seljerenden soň, robot takyklygy we tizligi üpjün etmek bilen, işe girişýär.
Tehnologiýa entek kliniki taýdan ulanmak üçin tassyklanmasa-da, Perceptive robot stomatologiýasynyň geljekde adaty bir amala öwrüljekdigine ynanýar. AI-niň lukmançylykda ulanylmagy, şeýle hem telemedisinanyň ösdürilmegi uzak aralykdan işlemek we robot arkaly çözgütleri kabul etmek üçin täze mümkinçilikler açýar.
Tmcars
8
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.