Karaleva_
09.08.2024 18:01
Moskwada “Tetris” meşhur wideo oýnuna ýadygärlik dikmegi meýilleşdirýärler. Ol Russiýada wideo oýna bagyşlanan ilkinji ýadygärlik bolar diýip, RB.ru habar berýär.

Taslama “Dizaýn fabrigi 3.0” bäsleşiginiň çäginde durmuşa geçirilýär, oňa gatnaşyjylar ýadygärligiň daşky görnüşi baradaky pikirlerini 19-njy awgusta çenli hödürlärler. Ýeňiji Russiýanyň Dizaýnerler birleşiginiň prezidenti Witaliý Stawiskiden, wise-prezident Sergeý Smirnowdan we beýleki bilermenlerden ybarat eminler topary tarapyndan saýlanar.
Sowet programmisti Alekseý Pažitnow tarapyndan 1980-nji ýyllaryň ortalarynda döredilen bu oýun bütin dünýäde ykrar edildi we köp sanly platformada uýgunlaşdyryldy.
Rus wideo oýunlar institutynyň (RWI) başlygy Wasiliý Owçinnikowyň sözlerine görä, “Tetris” dünýäde iň köp ýüklenip alnan wideo oýny bolmak bilen, möhüm medeni we taryhy ähmiýete eýedir.
Owçinnikow: "Oýun diňe bir güýmenje bolmak bilen çäklenmän, hatda şikesden soňky alamatlary bejermäge hem kömek edýär" – diýip belleýär.
Tetris kosmosa äkidilen ilkinji oýun – ony 1993-nji ýylda “Mir” kosmos gämisinde hem oýnapdylar. Mundan başga-da, “Tetris” sungat eseri hökmünde resmi taýdan ykrar edildi – onuň nusgalarynyň biri Nýu-Ýorkdaky Häzirki zaman sungaty muzeýinde (MOMA) saklanýar.

Tmcars
17
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.