Karaleva_
07.08.2024 06:40
Alymlar tokaý ýangynlary wagtynda agaçlaryň wagtlaýyn “demini saklap” bilýändiklerini ýüze çykardylar. Kolorado şäheriniň gaýaly daglarynda geçirilen barlagda, alymlar agaçlaryň ýapraklaryndaky gözenekleriň (stomalaryň) ýapylýandygyna göz ýetirdiler.

Gaz çalşygy we transpirasiýa üçin hyzmat edýän stomalara daşarky şertler täsir edýär. Tüsse konsentrasiýasy ýokarlananda gorag öýjükleri gözeneklerini ýapýarlar we zyýanly bölejikleriň girmeginiň öňüni alýarlar. Bu mehanizm fotosinteziň wagtlaýyn togtadylmagyna we üýtgäp durýan organiki birleşmeleriň çykmagynyň azalmagyna sebäp bolýar.
Gözenekleriň uzak möhletleýin ýapylmagy, agaçlaryň saglygyna we olaryň ösmegine nähili täsir edýändigi belli däl. Tokaý ýangynlarynda ösümlikleriň uzak möhletli täsirlerine we uýgunlaşma mümkinçiliklerine düşünmek üçin has köp gözleg gerek.
Tmcars
17
23
ATOMIC
7 Awgust 2024
Alymlar alymlar gòzel alymlar👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.