Karaleva_
06.08.2024 07:32
Geçen hepde global kassa ýygymynda “Ýigrenji men 4” («Гадкий я 4») animasion filminiň umumy girdejisi 750 million dollardan geçdi.

Ozal “Ýigrenji men” franşizasynyň umumy girdejisiniň 5 milliard dollardan geçendigi barada habar berlipdi. Lentanyň önümçilik býujeti bolsa, takmynan, 100 million dollar.
"Ýigrenji men 4" filminde baş gahryman Grýunyň başdan geçirýän täze kynçylyklary barada gürrüň berilýär. Adamzada howp salýan täze duşmanlara garşy göreşmekden başga-da, Grýu çagalygyndan kakasyna gaty meňzeýän ogluny terbiýelemegiň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge synanyşýar.
Multfilmiň premýerasy striming hyzmatlarynda 6-njy awgustda çykar.

Tmcars
14
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.