Karaleva_
09.08.2024 09:43
Kino pudagynyň dürli taslamalarynyň sanly premýeralaryny yzarlaýan WhenToStream neşiriniň maglumatlaryna görä, “Tapmaça 2” multfilmi 20-nji awgustda onlaýn çykar. Şol wagta çenli multfilmiň kinoteatrlardaky premýerasyndan bäri iki aýdan gowrak wagt bolar.

“Tapmaçanyň” ikinji bölüminiň global premýerasy 2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda boldy. Çykan gününden bäri häzire çenli multfilm 1,5 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnady. Ol taryhda iň girdejili multfilm boldy we hatda tutuş döwrüň iň köp girdeji gazanan filmleriniň ilkinji onlugyna goşuldy.
“Tapmaça 2” birinji bölümiň sýužetini dowam etdirýär we baş gahryman Raýli Andersonyň ýetginjeklik döwri hem-de onda ýüze çykýan duýgular barada gürrüň berýär. Birinji bölüm hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy, ýöne ikinji bölüm has üstünlikli boldy.

Tmcars
17
43
Karaleva_
9 Awgust 2024
@ooof, 🙄🖐🏻
ooof
9 Awgust 2024
🙋‍♂️
ideallider
9 Awgust 2024
Herkimiň kellesinde tarakanlar ýok.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.