Ispaniýaly arheologlar neandertallaryň nahar bişiriş usulyny täzeden dikeltdiler. Daş gurallaryny we ot ulanyp, gadymy adamlaryň guşlary nädip bişirendiklerini görkezdiler diýip, New Scientist ýazýar.
Kataloniýanyň Adam paleoekologiýasy we jemgyýetçilik ewolýusiýasy institutynyň alymlary Portugaliýada tapylan, takmynan, 90 müň ýyllyk guşlaryň galyndylaryny öwrenmek üçin synag geçirdiler. Gadymy galyndylara gabat gelmegi üçin ululygyna we görnüşlerine görä ýörite saýlanan bäş guşy - iki sany gara gargany (Corvus corone), adaty tokaý kepderisiniň iki sany halkaly gumrysyny (Streptopelia decaocto) we ýabany kepderini (Columba palumbus) ulandylar.
Ýörite synag üçin ýasalan çakmak daşy ulanyldy. Alymlar guşy elleri bilen ütüp, daş gurallaryň kömegi bilen bölekläpdir. Soýlan guşuň käbir bölekleri kömürde bişirildi.
Synagyň netijesi et bölekleri taýýarlap-bişirilenden soň, süňklerdäki yzlaryň gadymy galyndylardan tapylanlara gabat gelendigini görkezdi. Bu neandertallaryň otda nahar bişirmegi we et böleklerini kesmekde daş gurallary ulanmagy bilýändigini tassyklaýar.
Barlagçylar: "Bu tapyndylar adamyň ýetiren üýtgeşmelerini tebigy täsirlerden ýa-da depelemek ýa-da gemrijileriň, ýyrtyjylaryň hereketleri bilen baglanyşykly üýtgeşmelerden tapawutlandyrmaga kömek edýär" – diýip sözüniň üstüne goşdular.
tmcars