Karaleva_
05.08.2024 12:46
Şotlandiýada adam-garasyz Fladda-Çuaýn adasy 190 müň funt sterlinge satuwa çykaryldy. Gozgalmaýan emläk satuwynyň web sahypasy 27 gektar meýdany bolan adanyň baý halk döredijiligi we taryhy ýadygärlikleri bilen tanalýandygyny belleýär. Irlandiýanyň mifologiýasynda ol ebedi ýaşlygyň adasy we hemişe tomus bolup durýan, Günüň bolsa hiç haçan ýaşmaýan mukaddes ýeri hasaplanýar.



Adada altynjy asyrda gurlan Keramatly Kolumbanyň ybadathanasynyň galyndylaryny görmek bolýar. Folklorda balykçylaryň amatly ýelleriň öwüsmegini we awuň ganly bolmagyny dileg edip, kiçijik buthananyň altaryndaky “aglaýan daşyň” üstüne deňiz suwuny guýandyklary barada aýdylýar. XIX asyrda bu ýerde XI asyra degişli altyn ýüzük tapyldy. Häzir ol Şotlandiýanyň milli muzeýinde saklanýar.
Şeýle hem, Fladda Çuaýn her hili üýtgeşik ýabany tebigaty bilen özüne çekýär. Bu sebitde dürli guşlar ýaşaýar, suwlarynda bolsa deňiz doňuzlaryny, delfinleri, kitleri, akulalary we gunduzlary görmek bolýar. Adada kiçiräk bir külbe hem gurup bolar, ýöne munuň üçin degişli edaralaryň rugsady gerek.

tmcars
12
8
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.