BaýramBejidow
BaýramBejidow
09.06.2023 23:39
Men söýäýsem ölüp-öçüp söýerin, Dagynam, daşynam, çäge, gumunam, Men söýäýsem açyk-açyk söýerin, Özem hiç goýmaryn söýme keminem. Ýüregni ýüregme basyp söýerin, Bagryny bagryma gysyp söýerin, Illere
BaýramBejidow
BaýramBejidow
04.06.2023 09:35
Men senden aýrylyp nirä gideýin?, Sensiz dem gutarar, durar bu wagt, Bile arzuw etdik gowy günleri, Sensiz nirelerden gözläýin bagt?!. Men senden aýrylyp nirä gideýin?, Señ mähriñi berip bilmez
BaýramBejidow
BaýramBejidow
02.06.2023 14:08
Tanapyny saña dañdym ykbalyñ Emma, suw basyp dur umytly külbäm, Hat-da çüýşelerem başyn egip dur, Içimdäki derdi sygdyryp bilmän. Saña-maña ýetdirmedi bu bagt, Ikimizem, göz-gülban, bir görgüli,
BaýramBejidow
BaýramBejidow
30.05.2023 11:08
Sen!, Ýürek ýuwjy serişdemiñ?, Ýa melekmiñ, perişdemiñ?, Hasratmy sen, söýgimi sen, Ýa men ýaly dürüşdemiñ? Garym-gatym, bulam-bujar, Öwrümli gürrüñleñ çigin, Dörjek, ol syrly horjunyñ, Tanasam seniñ
BaýramBejidow
29.05.2023 00:26
Men ynanjañ, gel ynandyr,
Soñam oduña ýak meni,
Öwrenşen tenim, ýanmasam,
Zäheriñ bilen çak meni.

Ýuw ýüregmi, ýa-da kirlet,
Gül açmaz çöllükde gunçam,
Ýöne gitme durmuşymdan,
Ömür ýetmez unydynçam.

Diý, diýiber näçe diýseñ,
Kemsitseñem, kemsinmerin,
Ýöne bilmänler gezmäýin,
Sensizlikde nä ederim.

Ur dulugma, ýumruk bilen,
Tenim awasyn, ynjaman,
Diýsem bir gezek diýerin,
Durmuş ýaly zol ýanjaman.

Isle, erkimi ýitirip,
Erkiñe baglaýyn ýüp ber,
Zor bilen saklamok, ýöne,
Eý ruhym! Haýyş gitme!...

©Baýram BEJIDOW
17
93
BaýramBejidow
BaýramBejidow
18.05.2023 11:53
TAÝYN MEN INDI... Taýyn indi men, garaşmana-da, Ýaraşmana-da, öýkeleñ saçyny daraşmana-da, Söweşmäne-de, göreşmäne-de, Taýyn men indi... Öñler salgymlaryñ yzyndan ylgan, Duýgylarym, Akyllandy,
BaýramBejidow
BaýramBejidow
17.05.2023 23:24
TAÝYN MEN INDI... Taýyn indi men, garaşmana-da, Ýaraşmana-da, öýkeleñ saçyny daraşmana-da, Söweşmäne-de, göreşmäne-de, Taýyn men indi... Öñler salgymlaryñ yzyndan ylgan, Duýgylarym, Akyllandy,
BaýramBejidow
BaýramBejidow
17.05.2023 00:36
MEN SAÑA... Men saña, Aýdylmadyk, diýilmedik söz gözleýän, Keşbiñ deý keşbi görmedik, Göz gözleýän. Duşdym ençe täsinlige, Imrinipdim täsirine, Äýnek dakyp seretsemem, Üýtgeşik görmek islänim, Sen
BaýramBejidow
15.05.2023 22:24
DUÝGY


Ýakyber.
Men ýanjak, şem ýaly ýanjak,
Iñ bolmanda bir ýagtylyk saçaryn,
Howrum bilen erederin, erärin,
Ýyladansoñ kül bolup dur ojaram,
Meñem haýrym degse kimdir birine,
Bagtly men.

Aldaber.
Gara çynym bilen ynanjak saña,
,,Söýýän" diý, ,,köýýän" diý, ,,ölýän" diý sensiz,
Ýeke çynam goşma sözlemleriñe,
Maña diñe ýalan sözle birkemsiz,
Çala haýrym degse umytlanmagña...
Batly men.

Imi-sala, hoşamaýka bu zemin,
Kime derkar derdiñ bilen ýüzlenmäm,
Meni özüm bilen darkaşa salýan,
Duýgylarym!, Ýene size ýüzlenýän,
Siz näme üçin duýañyzok bu bagty?!,
Men bagtly...

Biriñiz gorkak, biriñiz batyr,
Biriñiz ürkek, biriñiz batyl,
Biriñiz erkek, biriñiz hatyn,
Aýtmajak gepim, aýtsamam çetin.
Bor gowsy gidiñ! Meni äpberip,
Duýjak däl sizi, bolsamam tütün,
Bagtly men.

Indi men alnymy şatlyga diräp,
Bagtly boljak, häzirem bagtly men...

©Baýram BEJIDOW
16
68
BaýramBejidow
BaýramBejidow
09.05.2023 23:13
ŞEÝLE-DE... Ýok, asla süýtsiz mälämok, Urubam aglamok, düşün- - Tomus, Ýazym, Güýzüm, Gyşym, Köki bal tagam buýanym, Başyma gonan bagt guşum, Dem ber, em ber, göwünjigim, Eýiksin, keýik deý böküp,