BaýramBejidow
29.05.2023 00:26
Men ynanjañ, gel ynandyr,
Soñam oduña ýak meni,
Öwrenşen tenim, ýanmasam,
Zäheriñ bilen çak meni.

Ýuw ýüregmi, ýa-da kirlet,
Gül açmaz çöllükde gunçam,
Ýöne gitme durmuşymdan,
Ömür ýetmez unydynçam.

Diý, diýiber näçe diýseñ,
Kemsitseñem, kemsinmerin,
Ýöne bilmänler gezmäýin,
Sensizlikde nä ederim.

Ur dulugma, ýumruk bilen,
Tenim awasyn, ynjaman,
Diýsem bir gezek diýerin,
Durmuş ýaly zol ýanjaman.

Isle, erkimi ýitirip,
Erkiñe baglaýyn ýüp ber,
Zor bilen saklamok, ýöne,
Eý ruhym! Haýyş gitme!...

©Baýram BEJIDOW
17
93
educated
29 May 2023
👏👏👏👏👏
Dowvvran
29 May 2023
ReklaMada bamay inni😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.