Men söýäýsem ölüp-öçüp söýerin,
Dagynam, daşynam, çäge, gumunam,
Men söýäýsem açyk-açyk söýerin,
Özem hiç goýmaryn söýme keminem.
Ýüregni ýüregme basyp söýerin,
Bagryny bagryma gysyp söýerin,
Illere öýkünmen, ýyldyz goparman,
Söýgümi boýnundan asyp söýerin.
Ol-a sähra bolsa, menem ýaz bolup,
Çagba guýup, teşne göwnün suwlardym,
Ykbal ursa şagallara meñzemän,
Uwlasamam gurtlar ýaly uwlardym...
Men söýäýsem, 2-ä dirär ähli san,
Birisi Alla bor, biri (Ol) bolar,
Bir ömüre peşgeş beriljek bolsa,
Meniñ üçin ählijesi şol bolar.
Arman ýöne duş edenok täleýim,
Köñlümiñ tupanam gara ýelmikä?,
Bir zat diýip laññyldaýar ýüregim
,,Ýa men bagt bilen parallelmikäm?...".
© Baýram BEJIDOW