DUÝGY
Ýakyber.
Men ýanjak, şem ýaly ýanjak,
Iñ bolmanda bir ýagtylyk saçaryn,
Howrum bilen erederin, erärin,
Ýyladansoñ kül bolup dur ojaram,
Meñem haýrym degse kimdir birine,
Bagtly men.
Aldaber.
Gara çynym bilen ynanjak saña,
,,Söýýän" diý, ,,köýýän" diý, ,,ölýän" diý sensiz,
Ýeke çynam goşma sözlemleriñe,
Maña diñe ýalan sözle birkemsiz,
Çala haýrym degse umytlanmagña...
Batly men.
Imi-sala, hoşamaýka bu zemin,
Kime derkar derdiñ bilen ýüzlenmäm,
Meni özüm bilen darkaşa salýan,
Duýgylarym!, Ýene size ýüzlenýän,
Siz näme üçin duýañyzok bu bagty?!,
Men bagtly...
Biriñiz gorkak, biriñiz batyr,
Biriñiz ürkek, biriñiz batyl,
Biriñiz erkek, biriñiz hatyn,
Aýtmajak gepim, aýtsamam çetin.
Bor gowsy gidiñ! Meni äpberip,
Duýjak däl sizi, bolsamam tütün,
Bagtly men.
Indi men alnymy şatlyga diräp,
Bagtly boljak, häzirem bagtly men...
©Baýram BEJIDOW